5 minut alar
Da:şlaşan ýürekler ýa-da "meň nä işim?"
Jemgyýet - hemmämiziň ýaşaýan gurşawymyz. Barymyz jemgyýetiň düzümine girýäris. Jemgyýetde her gatlakdan, her wezipeden, her ýerden we her gurşawdan adamlar bar. Jemgyýet, adam üçin synag meýdany. Biz hakda köp zady orta çykarýan we açyp görkezýän hem jemgyýetiň hut özi. Hat-da doňýürekligimizi, gorkylarymyzy we geleňsizligimizi-de... Her gün durmuşymyzda dürli wakalar bolup dur. Bir gün toý, bir gün ýas. Köpçülik bu, köpçülikde her zat bolýar. Her gün üýtgeşik wakalara duş gelmek mümkin. Ine şeýle üýtgeşik günleriň biri…
