3 minut alar
Hakyky baýraga mynasyp gahrymanlar
Adama sarpa, hormat, sylag serpaý ýaşaýarka edilse, zähmetiniň gadry dirikä bilinse, elbetde, has gowy. Konstitusion hukuk esasly jemgyýetde-de döwlet sylaglarynyň kanuny esasda düzgünleşdirilmegi hem dogry zat. At gazanan işgär, halk ýazyjy, "Altyn asyr" bäsleşiginiň ýeňijisi, "Watana bolan söýgüsi" medalynyň eýesi, zähmet weterany, Ýaşlar baýragynyň eýesi ... Bu sanawyň soňy ýok ... Emma bu sylaglary alýanlar çyndanam jemgyýetde uly iş bitirýän adamlarmy? Ýa-da resmi proseduralary, hat peteklerini jemläp hödürlenen dalaşgärler muňa mynasyp bolýarmy? Elbetde dalaşgär hökmünde…