9 minut alar
Öý bikesi
Öý bikesi (hekaýa) Şäher örän uly tizlik bilen ýaşaýar. Edil giç oýanyp, şonuň öwezini dolmak isleýän ýaly, dynuwsyz hereketde bolýar. Häzir dagy eliň degenden işläp duran enjamlara-a çenli ulanyşa girdi, jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Bular ýaly durmuş bilen köpler öwrenşip bilmänem alada galýarlar, aýratynam, eger olar obadan göçüp gelen ýa-da şähere durmuşa çykan bolaýsalar. Ogulboldy daýza kejigen wagty häzirlerem öwrenişmändigini aýdyp, ulaldyberýän bolmagam mümkin. Ýöne onuň şäherde doglan we sözüň doly manysyndaky şäherli gyzyna…