Ýumor

Eýle beýle, beýlede eýle

Demokratiýa: dört möjek we dört goýun agşamlyk näme iýjekdiklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Kommunizm: Restorana bardym. Menýuny uzatdylar. Seretdim içi boş. Jogapladylar: "Bärde nahar ýok ýöne hemmä deňlik bolan açlyk bar" Kapitalizm: iki sany baý bir dilenjä seredip "Pul bagtlylyk getirenok" diýýämiş. Sosýalizm: iki dost biri birine. "Seňkä meňki, meňkem seňki" diýýä Totalitarizm: bir däli aýna seredip "Sen gözenekde çüýrärsiň" diýýä. Feminism: iki aýal "Gel indi ärlerimiziň kellesinde gap çanaklarymyzy döwmegiň deregine oturyp serial göreli" 💀…

Ýagşy ýigit / hekaýa

Mekdepde – orta, ýörite, ýokary – tapawudy ýok – mugallymlaň ýadynda köplenç, bir-ä iň ökde, birem iň bezzat galýar. Bu-da gaty berebekgeýdi. Lakamam kändi. Her haýsynyňam öz taryhy bar... ***** Birinji okuw ýylynyň başydy. Okuw otagynda otyrkalar, dekanyň orunbasary – ýaşajyk gelin – täze talyby tanyşdyrmaga getirdi. Daşary ýurtlaň biriniň diplomatynyň ogly eken. Jyrk-sary pyýada. Familiýasyny aýtdy-da, mugallyma onam öz aralaryna kabul etmegi tabşyryp, gitdi. Bü erigiň kişdesi kibi sap-sary ýigidem, öz reňkdeşi gözüne beýlekilerden…

Sungatyň güýji :-)

Waka: Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň aýaklarydy. Işdeş dostum irden işe geldi. Ýüzi salyk. Güp ýaly çişen gözlerinden gijäni çirim etmän ukusyz geçirendigini aňsaň boljak. -Dos, näme boldy? Ýaman ýüzüň salyk-la,-diýsem, ajymtyk ýylgyryp, başyny ýaýkaýar: -Aý, aglajakmy, güljekmi, düşüner ýaly däl... -Hä, näme boldy? -Äý, düýn işden soň oglanlaryň biriniň ogul toýuny gutlamaga gitdik. Sagat onlarda öýe barsam, ejem ýarym-ýaş bolup aglap otyr. “Allajanlarym näme heýhat gopduka?” diýip janym kekirdegime geldi. “Eje, näme boldy?” diýip aljyrasam,…

Sungatyň güýji :-)