Süleýmanyň ybadathanasy
13 minut alar
SÜLEÝMANYŇ YBADATHANASY
(hekaýa)
Ýaýylyp ýatan çölüň içinde dörtburç ybadathana bina edildi. Aşakdan seretseň, ybadathananyň dört diwary asmana baryp direýärdi. Asmandan seretseň, şo çölüň içinde başga bina gözüňe ilmeýärdi. Çöldäki ýalňyz duralga meňzäp duran ybadathana adamsyz we terk edilen saraýlaryň görnüşini ýadyňa salýardy. Halk içinde oňa “Süleýmanyň söýgüsiniň ybadathanasy” diýýärdiler. Çal daşlardan gurlany sebäpli, tutuksy we sowuk bolup görünýän ybadathana, bardy – geldi, söýginiň ybadathanasy bolaýanda-da, onda söýginiň gaty tutuksy we sowuk ybadathanasy bolmalydy. Reňkine, milletine, jynsyna we dinine seretmezden, ähli adamlar üçin açyk bu öýe gelýänleriň sany köpeldigiçe, Süleýmanyň öz kowumdaşlary ondan daşlaşýardylar, gelim – gidimlerini azaldýardylar. Kowumdaşlarynyň bu nägileliginiň sebäbini Süleýmana käte ýeller: “Sen butparazlara-da ybadathana girmäge rugsat berdiň, olaryň butlaryndan ýaňa boş duran künjek galmady” diýip düşündirse, käte ýagmyrlar: “Sen otparazlaryň guran altaryny gördüňmi? Ol şeýlebir tutaşýar welin, basym hiç bir ýagyş ony söndürip bilmese gerek” diýip içini dökýärdi. Süleýman hum ýaly çişen kellesini tutup, adamsyz, ýel – ýagmyrsyz, boş ýatan çöllüge tarap ümdüzine tutdurybirdi. Şonda: “Sen nirä gaçyp gitjek, Süleýman? Sen indi bizden gutulmarsyň” – diýip, her hili görnüşdäki sesler onuň yzyndan kowmaga başlardylar. Süleýman üçin örän täsin bu günleriň dowamynda ol haýsydyr bir wagt taýdan bulaşan çägiň, giňişligiň içinde gezýändigini aňýardy. Ýöne soraglaryň köplüginden, jogabyň bolsa ýoklugyndan ýaňa saklanmaga we dogry giňişlige düşmäge özünde gaýrat tapanokdy. Onuň söýgüsiniň ybadathanasy köki gowşap, indem gopmaga hyýallanýan diş ýaly, göz öňünde eýlä – beýlä yraň atýardy. “Bu betbagtçylygyň alamaty” diýende, onuň pyýala ýaly goçak gara gözleriniň kerebiň sapaklary ýaly inçejik damarlaryna çenli gyzyl reňke boýalyp gitdi. Süleýmanyň gezip ýören nämälim, ýöne surnukdyryjy hem hasratly dünýäsiniň rahatlygyny iň soňky gezek bozan garny çykyp durany üçin kellesi göwresine görä kiçi görünýän kätibi boldy.
- Siziň alyhezretleriňiz – diýip, uzyn boýludan semiz kätip başyny hormat bilen aşak egdi. – Siz bilen Wenýaminiň ejesi Mariýa gepleşmek isleýär. Ol indi üç gün bäri siziň huzuryňyzda peýda bolmak we ýüzügiňizden öpmek üçin nobata dur...
- Köp adam nobata durmy? – diýip, Süleýman ahyryna çenli kanagat etmän sorady. Şo wagt ol özüniň nirededigini bilýän däldir diýen pikir gaşynda duran kätipden başga ähli adamlaryň kellesine gelerdi. Kätibi Süleýmana örän belet adam bolansoň, häzir patyşanyň giň ybadathananyň diwarlaryny sypalap, özünden barha daşlaşýandygyna ähmiýet bermän seslendi:
- Eslije bar, beýik patyşam, müsürliler...
- Ah, ýene şol jadygöýler... – diýen wagtynda Süleýmana düşünmedik kätibi onuň her bir ädimine hüşgärlik bilen diň saldy. Onuň göwnüne bolmasa, patyşa oýalykda düýş görýärdi, samraýardy, asla şu dünýä bilen bagly bolmadyk jümleleri aýdýardy. Indi näçe gezekdir onuň soňky bir hepdäniň dowamynda Süleýmanyň hiç kimi kabul etmeýändigi üçin, ýurtdaky habarlar bilen ýanyna gatnap, her gezegem patyşanyň şu dünýäden barha daşlaşýandygy baradaky pikilere berlip gidýäni. Ol, hatda, patyşanyň diňe içki dünýä boýunça däl, daşky dünýä boýunça-da üýtgeýänine haýranlar galyp gidýär, ýöne ol munuň bilen patyşanyň öňki täsinliklerine garanda, has geň täsinlikdigine seretmezden, öwrenişmäge çalyşýar. Süleýmanyň şu wagtky keşbi bolsa, hakykatdanam, gorkulydy. Ol öňem-ä semiz adam däldi welin, häzir-ä öňkülerinden anyk bildirip duran derejede horlanypdyr. Hemişe elindäki ýüzügi ýaly ýüz öwüşgin bilen şöhlelenýän gözleri içine çöküp, alaçsyzlykdan ulalypdyr. Küdür saçlary kipasynyň aşagyndan çykyşyp, surnugan derwüşiň tozan siňen bulam – bujar saçyny ýadyňa salýar. Ol horlanyp – horlanyp, çekge süňkleri çykyşyp, gözleri peträp duran ýewreý rawwinlerine meňzäp başlapdyr. Külli janly – jandaryň diline düşünýän Süleýman kätibiniň öňünde: “Ine, meniň hakyky keşbim” diýip, ajy ýylgyrdy. Onuň ýerden süýrenip gelýän gara donunyň ak sapak bilen jäheklenen nagyşlarynda çäge dänejikleri ýaldyraýardy. Süleýman donuny dabara bilen silkensoň:
- Mariýa aýt, goý, ol ýene üç günden gelsin! – diýip buýruk berdi.
- A söwdagärler... – diýip, amatly pursatdyr öýden kätibi köpmanyly dymdy.
Süleýmanyň ýaňy dabara bilen bezelen arryk ýüzi ýene gamaşdy. Ol kellesi dumanly, dili bagly agyr hassanyň ysgynsyz ädim urşy bilen ýedi günläp Süleýmansyz galmadyk ybadathananyň diwarlaryny boş goýdy.
Ybadathananyň gapysyndan daşardaky durmuş ony Günüň ýiti şöhlesi bilen garşylady. Howa petişdi. Ybadathanadan 10-15 km uzaklykda ýerleşýän bazaryň gurluşygy zerarly, suw bilen garylan toýnuň dymyk ysy gury tozan bilen garyşyk burnuňa urýardy. Süleýman bazar gurluşykçylarynyň we bazaryň içindäkileriň garynjalar ýaly ber-başagaý bolup ýörşüne seňrigini ýygryp seretdi. Hasam onuň gözüne gurluşygy gidip duran bazar ýaramady. Şeýle az wagtyň içinde bazar uly tizlik bilen ybadathana tarap süýşüp, aralarynda bary – ýogy 4-5 km ýer goýaýypdyr. Eger pikir edip görseň, hut, şu bazar sebäpli, dünýäniň çar künjünden adamlar üýşmäge başlapdylar. Kim bilýär, bazaryň gurluşygy gutaransoň, olaryň sany näçä ýetjek?! Her bir gelen adamam ýöne şeýle geläýenok ahyryn. Onuň bilen gürleýän dilem, ynanýan hudaýam gelýär ahyryn. Şu nukdaýnazar boýunça seretseň, onda kowumdaşlary Süleýmandan öýkelemeli däl-de, Süleýman kowumdaşlaryndan öýkelemeli. Ol, elbetde, bazaryň guruljagyny bilýärdi. Onuň gurluşygyna razylyk berenem özüdi, ýöne bazar ybadathananyň beýle golaýyna geler öýdüp asla pikir etmändi. Häzir bolsa Süleýman gözi bilen bazaryň soňuna çykmak isleýärdi. Gözüni näçe giňden açdygyça, gözýetim bazary içine sygdyryp bilmän, şol uzalyp gidip otyrdy, uzalyp gidip otyrdy. Adamlaryň kimsi haryt satmak bilen başagaý bolsa, kimsi bazaryň gutarylmadyk meýdançasynyň gurluşygy bilen başyna gaýdy. Hool aňyrda çagalaryň biri top – tozanyň içinde üsgürişýän, gygyryşýan adamlaryň sesinden ýaňa özüni eşitmeýän ejesiniň uzyn perenjesinden çekýärdi. Süleýmanyň gözi diňe bir adamda eglenmeýärdi. Ol häzir şu howlukmaç nazary bilen bazaryň içindäkileriň ählisini synlap ýetişäýjek, olary tanap goýaýjak bolýardy. Janhowluna alakjaýan gözleriň içi ýene gyzyl reňke doldy. Kätibi Süleýmanyň kimi gözleýändigine düşünibilmän, egnini gysdy. Ýere – göge emri ýetýän patyşanyň ahwaly, hakykatdanam, örän harapdy. Birden şu wagt patyşa aýak üstünde durubilmän, diň arkanlygyna gaýdaýsa-da, kätibi muňa geň galmazdy. Süleýmanyň ysgynsyz dem alşyny, aýaklarynyň titiräp, çala entirekläp durşuny göreniňde, bu garaşaýmaly ýagdaýdy. Şo sebäpli, kätibi patyşanyň ediljek sol tarapynda – ýykylan wagty derrew gapyp alar ýaly – hyzmata gaýym bolup durdy.
Ilkibada Süleýmanyň ýüregini endiredip giden aýylganç gümmürdi eşidildi. Bahar pasly bolan bolsa, gök gürläp, ýyldyrym çakdymyka diýdirerdi. Indi ikinji ýyldyr, gurakçylyk sebäpli, galyberse-de, bu jelegaýlarda ýyldyrymyň çakýandygyna onsuzam seýrek gabat gelýändikleri üçin patyşadyr kätibiň ikisem allaniçigsi boldular. Bu gümmürdiniň sesi ýyldyrymyň otly halkasynyň sesine meňzänokdy. Ol, megerem, asmandan ençe tonna agyrlykdaky daşlaryň birden ýere düşüşi bilen sesdeş bolsa gerek. Süleýmanyň bada-bat ybadathana öwrülen pursadynda ybadathana eýýäm ýumrulyp, diwarlaryň dik duran bölekleriniň daşlary yzly –yzyna diýen ýaly, diwardan bölünip aýrylýardy-da, ýerde tümmek bolup ýatan beýleki daşlaryň üstüne düşýärdi. Ybadathana bilen aralyk Süleýman üçin iň ýakyn hem-de iň daş aralyga öwrüldi. Onuň göwnüne bolmasa, ol eýýäm ýerde pytrap ýatan çal daşlaryň arasyndady, ýöne entek ybadathana ýetenokdy. Onuň göwnüne bolmasa, ol eýýäm ýykan – ýumran diwarlaryň arasyndady, ýöne henizem ybadathana ýetenokdy. Ol ýerde birgiden butlar ýerdäki çal daşlar bilen garyşyp ýatyrdylar. Olaryň birwagt ýöne – möne daş bolman, sežde edilen daş bolandygyny oňatja bejerilen göwreleriniň galyndylary aýan edýärdi. Ýöne olaryň hemmesiniň diýen ýaly bir ýeri çym-pytrak bolup, ilki göreniňde, nämäniň şekilidiginem oýlanyp tapmaly hala gelen ekeni. Öňki bitinliginden, bitin wagtynda göze gelüwli görnenliginden nam – nyşan galmadyk butlara Süleýman seňrigini ýygryp seretdi. Ol häzir ybadathananyň harabalygynyň içinden başga zatlary gözleýärdi. Onuň ýüregi kem – kemden ýanyp, barha tutaşýan ot ýaly möwjeýärdi. Ho-ol beýleräkde asmana göterilen periniň gara ýapynjasy deýin tolkunan tüsse asmandaky ak bulutlara goşulyşdy-da, gözden gaýyp boldy. Şeýdip, otparazlaryň altary agzyndan iň soňky tüssäni çykarýardy. “Ähli hudaýlar ybadathanany terk etdiler” – diýip, Süleýman öçüşen tüssäniň dagynyk yzlaryndan gözüni aýyrman durşuna ýylgyrdy. Şondan soň ol: “Eý, hudaý!” – diýip, saçyny penjeledi. Süleýmany hiç haçan beýle halda görmedik adamlar ybadathana harabalygyna giribilmän, gorkudan ýaňa aýak çekdiler. Olar daşyndan penjirä urulýan gargalar ýaly, dörtburç meýdançanyň çal daşlaryň böleklerinden doly girelgesiniň öňünde togtaýardylar. Süleýmanyň söýgüsiniň ýykyk – ýumruk ybadathanasy her kimiň ýüregine wehim saldy. Aşakdan, ýokardan, gapdaldan, parhy ýok, haýsy tarapdan seretseňem, bu görnüş ýüregiňi awudýardy. Harabalygyň içinde iki eli bilen saçyny penjeläp, ýeriň – gögüň hökümdary bolan Süleýman uly ili bilen gygyryp aglaýardy. Onuň doly näme gepleýändigine, bir diňe kime ýüzlenip aýdýan bolsa, şol düşünäýmese, beýlekiler düşünibem ýetişenokdylar. Ol şol aralykda ençe gezek daşlara büdüräp ýykylypdy, ýeke daşyň üstünde duran basgançakdan gaçypdy. Ol arasynda emedekläp diýen ýaly entek doly ýykylmadyk diwaryň ýanyna barýardy-da, ondaky mesaňa – mälim bildirip duran ýazgylary sypalaýardy, olary ogşamaga çalyşýardy. Kömekçileriniň hiç biri bu halda onuň ýanyna barmaga milt edibilenokdylar, ýöne olar ýönekeý halkdan tapawutlylykda, ybadathana meýdançasynyň içinde bolup, Süleýmana ýakyn durdular. “Baralyň ahyryn” – diýip, semiz kätip Süleýmanyň bir daşyň üstüne çöküp, eginleri silkinip gidýän halyna dözmän, janyýangynly pyşyrdady. Olar diňe şonda Süleýmanyň ähli dyrnaklarynyň içine çenli gan öýendigini gördüler. Onuň ýüzündäki tozan bölejikleri gözýaşlar bilen suratlanyp, çyrşak – çyrşak bolup durdy, şol çyrşaklaryň arasynda sähelçe gyzaryp duran dyrnaçak yzlary bardy. Süleýmanyň özi bolsa ýeňiljek titreýärdi. Hiç kim onuň gözlerine seredibilmedi. Soňky döwürler hasam horlanansoň, ep-esli agramyny azaldan Süleýmany edil çagany göteren ýaly, köşgüne tarap alyp gitdiler. Ýöne olar Süleýmanyň gözüne seredäýen bolsalar, ybadathana tarapa bakman, gözüni dik asmana dikip ýatan patyşanyň ýykyk – ýumruk ybadathanany gözlerinde alyp barýandygyny görerdiler. Ybadathananyň şol keşbiniň mundan beýläk Süleýmanyň gözlerine möhür bolup basylandygyny bilerdiler. Süleýmanyň ençe wagtlap dilsiz – agyzsyz şol möhüre baglanyp, ýüreginde tutaşýan oduň howruna erejekdigini duýardylar. Arman, olara patyşanyň bu ahwalyny duýmak miýesser etmedi. Süleýman ähli derdini ýeke özi çekmeli boldy. Şol dert çekilen günler nähili günlerdi, eý Taňrym?! Süleýman ybadathanany tapjak bolup, köşgüniň iň kiçijek çüňkünem dörüp çykýardy. Ähli otaglardaky ýagtylygy kowup, onuň gara matalar bilen öňüni bekleýärdi. Günüň iň ujypsyzja şöhlesem şol matalardan geçibilmän, köşgi garaňkylygyň merhemetine galdyryp gidýärdi. Wagtyň geçmegi bilen patyşanyň köşeşjekdigine ynanýan hadymlar hiç şol wagty getiribilmän hyrçyny dişleýärdiler. Ýekeje zadam patyşany begendirmeýärdi. Onuň ýykyk ybadathana bilen möhürlenen gözlerine şatlyk çaýmaýardy. Hatda, öňküdenem beýik hem-de gabaraly ybadathana saljakdyklary baradaky gürrüňlerem Süleýman üçin boş habardy. Ol sabyr edip şol gürrüňleri doly diňläp oturmaga-da özünde güýç tapanokdy. Onuň ýöne we ýöne göz öňünde ýykylan ybadathana janlanýardy. Bir-de ybadathananyň dört tarapyny-da möwjäp gelýän suw gurşap, Süleýman olary elleri bilen yzyna itekleýärdi. Suwsuz ýüzüp ýören patyşalaryna köşkdäkiler üns bermedik bolýardylar. Birde-de ybadathananyň çar tarapynam çöl gurşap, onuň çägeleri elhenç syraýardy. Bu gidişine gitse, ybadathananyň çägä gömlüp galjagyndan heder edýän patyşa olary yzyna tarap üfleýärdi, elini ýokary galdyryp, yzyna tarap kowýardy. Howada uçup ýören patyşalaryna köşkdäkiler üns bermedik bolýardylar. Süleýmanyň dünýä bilen seri ýokdy. Döwletiň işini bolsa köşk işgärleri ýöredýärdi. Olar tutuş köşgi garaňkylygyň şalygyna öwren Süleýmandan hiç haçan bular ýaly gorkmandylar. Onuň bir demde köpelýän jynlaryndanam, müň pirimli perilerindenem, wagşy-ýu wagşy däl haýwanlaryndanam, göze görünmeýän beýleki güýçlerindenem edil munuň ýaly eýmenenokdylar. Şol sebäpli köşk hadymlary patyşanyň ýanyna örän seýrek – juda wajyp mesele bolaýmasa baranokdylar. Onuň doly garaňkylyga gaplanan “rahatlygyny” bozanokdylar. Görer göze rahat bolup görünýän bu garaňky köşgüň içi Süleýman üçin söweşden doludy. Ol her gün diýen ýaly kimdir biri bilen ýa-da nämedir bir zat bilen tersleşýärdi. Soňundanam edil bäş ýaşly çaga ýaly öýkeleýärdi. Ol ybadathananyň kiçijek daşlaryndan başlap, äpet heýkellerine çenli hyjuw bilen gürrüň berýärdi. Onuň nädip döredilendigini ýatlaýardy. Özüniň şol ybadathanany gurmak üçin tagalla baryny edendigini aýdanda, esasan, diňe delillere ýüzlenip, hiç bir hyjuwsyz, ulaltman ýa-da kiçeltmän, edil bolşy ýaly beýan etmäge çalyşýardy. Kakasy Dawudyňam ondan öňe geçibilmejekdigini, asla hiç kimiňem şol ybadathanany döretmekde ondan öňe geçibilmejekdigini “Men adalatly bolmaga çalyşdym”, “Men jadygöýlük etmedim”, “Bir ony söýdüm” ýaly jümleler bilen berkidýärdi. Sözüniň subutnamasy hökmünde adalatyň meýdançasyny alamatlandyrýan dörtburç ölçegdäki giň maslahatlar jaýyny, jaýyň Töwrat ýazgylary boýunça bezelen jümlelerini ýatdan gaýtalaýardy. Ähli söýgülerden bir oňa bolan söýgini saýlap alandygyny magtaýardy. Butparazlaryň, otparazlaryň we ýene – ýenekileriň ýoluna eýermän, öz söýgüsine wepaly bolandygyny, hemişe diňe şol söýgi üçin ýaşandygyny nygtaýardy. “Men oňa ybadathana gurdum” – diýip seslenýärdi. Seslenýärdi-de, ýene köpmanyly dymýardy. Onuň göz öňüne ýykylan ybadathana gelip, onuň nähili ýagdaýda weýran bolşy janlanýardy. Bu “Ýok” diýen jogapdy. Eger şu ýagdaýy nämedir bir zat bilen aňlatmaly bolsa, onda ol öz söýgüňden “Ýok” diýen jogaby almakdy. Özem şunça görgülerden, azaplardan soň ýok diýen jogaby almakdy. Ony öňküňdenem berk söýýän wagtyňda, gaýdyp hiç haçan aýra düşmejekdigiňe ynanýan wagtyňda ýok diýen jogaby almakdy. Şo pursat oňa kimdir biri näme üçin “ýok”dugyny aýdaýjak – aýdaýjak bolup, gulagynyň deňinde düşnüksiz pyşyrdaýardy. Ol ýöne bu pyşyrdyny çekip ýören hasratlary endige öwrülip, halys tapdan düşüp, hakykat bilen hyýalyň arasyny ýitirensoň düşnükli eşitmäge başlady. Şonda biri – birinden üýtgeşik keşpdäki butlar, her biri haýsydyr bir başlangyç materiýany aňladýan ölçegler, dürli dindäki ruhanylar, olaryň syrly garaýşynyň dowamy bolan syrly ýylgyryşlary Süleýmanyň göz öňüne gelýärdi. Bularyň hemmesi şeýlebir tizlik bilen ýadyna düşýärdi welin, Süleýman soňundan nädip olaryň barysynyň şol tizlikdäki wagt aralygyna sygyp ýetişýänligine-de haýran galardy. Ol şu zatlar üçin ybadathananyň ýykylandygyna ynananokdy. Göwnüniň bir künjündäki iňkisi nädibem bolsa öçüresi gelýärdi. Sebäbi Süleýman ähli dindarlara erkinlik berip, olara: “Haýsy hudaýa uýsaňyz uýuberiň” diýen wagtynda olaryň iň soňunda Süleýmanyň, kakasy Dawudyň ynanýan hudaýyny saýlajakdyklaryna bil baglaýardy. Olaryň iň soňunda mejbursyz, zulum edilmesizden öz ýoluny saýlamaklaryna garaşýardy. Ol diňe erkinligiň, azatlygyň adamlary dogry ýola düşürjekdigini bilýärdi. Ýöne hemmesi onuň garaşyşynyň tersine boldy. Hemme zatdan habarly hudaý Süleýmanyň bu pikirini goldamady. Hemme zatdan habarly hudaý edil Kabylyň sadakasyndan ýüz döndürişi ýaly, Süleýmanyň söýgüsindenem ýüz döndürdi. “Ýa ol özünden başga hiç bir Taňryny görmek islänokmyka? Ýa ol şeýle sabyrsyzmyka? Ýa ol şeýle zalymmyka?” diýen soraglar patyşany gününe goýmady. Ýöne iň içiňi ýakýan ýeri, Süleýman bu soraglaryň hiç birine-de ynananokdy. Ol şu soraglary näçe dişini gyjyrdadyp, öçli gaýtalasa-da, entek jogabyny alyp ýetişmänkä, soraga-da, jogaba-da bolan ynamy gaçýardy. Kimdir biri ony içinden azaşdyrjak bolýandyr öýdýärdi. Şeýle günlerde ol zynjyr ýaly düzüm – düzüm bir hataryň gurulýandygyny aňdy. Ýöne nämäniň hatary, nämäniň düzümi – ol muňa akyl ýetiribilmän gezdi. Içinden azaşdyrjak bolýanyň sesi bolsa indi Süleýman üçin aýyl – saýyl eşidilýärdi. Ýöne Süleýman oňa ynananokdy. Onuň öçli gep bermelerine eginleri sallanyp, gözleri içine çöken patyşa diňe alaçsyz ýylgyryp oňaýýardy. Näçe göwne degiji bolsa-da, oňa öz hudaýyndan gitme ýokdy. Näçe agyr bolsa-da, oňa öz söýgüsinden gutulma ýokdy. Sebäbi ol şo hudaýdan başga hudaýa ynanyp bilmeýärdi. Ol ahyryn söýgüsine “ýok” diýilmegi bilen ylalaşdy. Şol gün garaňky köşgüni terk edip, ýene ybadathananyň harabalygyna syn etmäge gelipdi. Soňky wagtlarda ol, hatda, şo ýerde külbe gurup ýaşaýsammykam diýen ýaly pikirlerem aňynda aýlap görýärdi. Näme üçindir ol diňe şo harabalykdan rahatlyk tapýardy. Ilkibadalar onuň töweregine barmag-a beýlede dursun, ony ýöne köşgünden synlamagam Süleýmana agyr degen bolsa, indi dert – aladalaryň içinde gezip, ol diňe şo harabaçylygy görmese ynjalanokdy. Şol günem harabalykdaky daşlaryň birine büdreýşine üns bermän, ýoluny dowam etmekçi boldy, ýöne ädimlerini agyr alýandygy ünsüni böldi. Ol nämäniň – nämedigine düşünmän yzyna gaňryldy. Ýerde kiçiräk gan yzlary gyzaryp ýatyrdy. Ol düşünmezlik bilen aýagyna seredende, ökjesini ýaňky büdrän daşyna sydyrdandygyny gördi. Derdi ýetik Süleýman birbada agyryny duýubam ýetişmän ekeni. Ýöne bular ýalyjak sypjyrykmy patyşany ýolundan saklajak?! Onuň ýüreginde mundan ýüz esse agyryly ýara bar ahyryn. Şonuň üçinem ol muňa ähmiýet bermän, ýene ýoluny dowam etdirmek isledi, ýöne bir ädimem ädibilmedi. Nähilidir bir agyr zat onuň ökjesiniň apgyrdyna düşüp durdy. Süleýman gymyldabilmän, aňka – taňka boldy. Soň demini dürsäp, ýene bir ädim ätmek isledi. Ädimi ätse ätdem welin, ýöne beýle agyr ädimi ol öň ädip görmändi. “Bu nä boluş?” diýen sorag şadyýanlyk bilen patyşanyň kellesinden geçip gitdi. Örän agyr bir zat onuň apgyrdyna düşüp, gymyldamaga ýol berenokdy. Kalbyndaky düşnüksiz şatlyk nämedir bir zadyň zynjyr ýaly düzüm – düzüm hatary bilen garyşyp, şol bina bolup gidip otyrdy, gidip otyrdy. Ahyryn ol dörtburç bina bolup, ep –esli agram bilen apgyrdyna basyp durka, Süleýmanyň gözlerinde öňküsi deýin şöhle döräp, Günüň ýiti tyglary bilen çaknyşdy-da, gözüniň öňünde ýukajyk aýnany emele getirdi. Şol aýnanyň aňyrsyndan patyşanyň apgyrdyna düşüp duran zadyň sudury peýda boldy. Ol Süleýmanyň ybadathanasydy. Edil öňküsi deýin dörtburç şekildedi hem-de dabaraly görnüşde asmana tarap uzap, asmana tarap uçaýjak bolýardy. Edil hakykatdakysy ýaly aýdyň hem-de ajaýyp bolup görünýärdi. Şol ybadathananyň şekili Süleýmanyň gözlerinden iki sany gözýaş damjasy bolup syrykdy-da, gözden sumat boldy. Süleýman şo pursat ýüregi bilen ýylgyrdy. Ony öň görlüp – eşidilmedik şatlyk, ýeňillik gurşap aldy. Ol indi hiç haçan öňküsi ýaly betbagtçylyga uçramajakdygyna, indi hiç haçan onuň ybadathanasynyň ýumrulmajakdygyna düşündi. Ol indi söýgüsiniň özüne ömürbaky peşgeş berlendigini bilýärdi. Dünýädäki göze görner-u – görünmez güýçleriň hiç haýsynyň şol ybadathanany ýykyp bilmäge güýjüniň çatmajakdygyny aňýardy. Sebäbi ol ybadathana indi onuň ýüregindedi. Şeýle uly azaplar bilen, şeýle uly güzaplar bilen ol ybadathanany ýüreginde guran ekeni. Diýmek, ol şu gök asman dursa, şol gök asmanyň eýesi dursa, hemişelik durar we hemmeler oňa Süleýmanyň söýgüsiniň ybadathanasy diýerler.
Bägül ATAÝEWA