Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Şükranalyk

1 minut alar

Şükür! «Ynsan nämä şükür etmeli?» Bu sowalyň manysyz bolup duýulmagy ahmal. Sebäbi sowalyň özi ýene bir sowaly biziň öňümizde keserdip goýýar: «Ynsan nämä şükür etmeli däl?». Şonuň üçin hem galyplaşan akymyň wekilleri meniň başky sowalymyň diňe bir manysyzlygyny däl-de, eýsem, küfür geplemeklige barabarlygyny ýanjap aýdaýanlarynda-da geň görjek däl. Elbetde, olaryň hem nygtaýşy ýaly ynsan hemme zada şükür etmelidir. Ýöne ynsan şükür etmek diýilýän zadyň kaýyllykdan büs-bütin tapawutly amaldygyny hem hergiz unutmaly däldir. Şükür etmek – seni talap durkalar eliňi gowşuryp oturmak däldir. Şükür etmek – haramylaryň edenini edip ýörmegine göz ýummak däldir. Şükür etmek – öz hak-hukugyňy talap etmän, gözüň odunyň alynjagyny bilip, dymmak däldir. Emma näme üçindir hasam biziňki ýaly ýurtlarda bu termin bütinleý gula öwürmekligiň serişdesi hökmünde peýdalanylýar. Şoňa görä-de, şükür etmekligi ýokarda agzalyşy ýaly köre-körlik bilen adalatsyzlyga göz ýummaklyk diýip düşünýänlere men şuny aç-açan aýdyp biljek: «Ynsan hemme zada şükür edip ýörmeli däl, how!»

104 |