Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sözlem gutarmanka jogap bermek

3 minut alar

Temaň adyndanam temaň näme hakda boljagyna düşünensiňiz-le.  Sözlem gutarmanka jogap bermek, hemmäňize tanyş duýgy bolmaga çemeli. Okuwçykak, mugallym sapaga aktiw gatnaşýanlara aýratyn baha bererdi. Okuwçylaram aktiw gatnaşyp gowy baha almak üçin bolmajy bolýardylar. Iň azyndan özüme jogap bermeli bolsa, özüm-ä şeýledim. Sapaga aktiw gatnaşmalymyşyn diýseler, mugallym sözlemini gutarmanka jogap bermäge synanyşardym. Meselem, mugallym bir tema hakynda gürrüň berýär, säginen wagty sözlemiň yzyny aýdan bolýardym, dogram bolsa ýalňyşam bolsa, kelläme şol wagt näme gelse şony aýdýardym. Maksat, sapaga aktiw gatnaşmak we gowy baha almak.

-Hawa çagalar, bugün sapakda Afrika mate...

+Afrika materiginiň klimaty örän gurak bolýar mugallym!!

-Hawa McM, gurak bolýar. Sebä...

+Sebäbi, Sahara çöli bar mugallym!!

+(Mugallym, "top oýnap ýörkäň köwşüň ýyrtlaýady-da Alla jan" diýýän ýaly seredýär)Emmm... Umuman aýdanymyzda, Sahara çöli hem...

-Sahara çöli ýer ýüzindäki iň uly çöl mugallym!!

+Hawa McM dogry aýtdyň. Galyberse-de Afr..

-Galyberse-de Afrika-da Nil derýasy bar, ýer ýüzindäki iň uzyn derýa. Niagara şaglawugy hem Afrika-da mugallym!!!

+(Mugallym bu gezek "öýüňizdäki pişigiňiz öläýedi-dä" diýýän ýaly seredýär) Niagara Afrika-da däl, Ýewropa-da!!! (Gahardan Demirgazyk Amerika diýjegine Ýewropa diýýär) Wii, Demirgazyk Amerika-da! McM, meň sözimi kesme, ýogsa ikilik goýup senem Sahara ugradýan häzir!

- :((((

Bolmanda-da sokjarylyp otursaň ikiligem alarsyň, Sahara-da ugradarlar, Niagara-dan aşagam oklarlar. Bu ýagdaý, öýde-de birnäçe gezek gaýtalandy. Kakam bilen ejem, gürleşip otyrka menem goşulyp sözlerini bölýärdim. Bir gezek bu ýagdaýa kakam gaharlandy, diwara ýaplap meni süsdi, soňam gujagyna alyp gujagynda ýumruklady. Şondan soň bu häsiýetimi goýmaly boldum. Bu hasiýetiň erbetligine soň-soňlar düşündim. Erbet diýsem, içýakgyç häsiýet ekeni.

Biziň bir garyndaşymyz bar, entäk diýmänkäň, näme diýjegiňi bilip jogap berýär. Özem dogry jogap berýär, haýran galaýmaly. Menem oňa Nostradamus lakamyny dakdym öz ýanymdan. Şoňa ýolda gabat gelsem ýaýdanyp başlaýan, sebäbi gürläre pursat berenok, näme diýseň öňünden jogap berýár. Nou-Camp-da Messi bilen ýeke-ýekä galan derwezeban ýaly alaçsyz duýýan özümi.

-Salaw...

+Waleýkim salam, gowumyň, nirâ barýañ?

-Gowy, şükür. Ba...

+Bazara keýpine barýaňmy, ony-muny almakçymy?

-Hawa, köýn...

+Alsaňam arzanrak köýnek algyn-how, gymmat alma.

-Bolýa, siz ni...

+Menem gök-sök alaýmasam. Öýde gök-sök gutarypdyr welin gelnejeň meni ugratdy. Okuwlar gowumy, haçan gutarýaň?

-Nesip bolsa ind...

+Gutar how indiki ýyl diýme-de. Özüň ÿalylar eýýäm öýli-işikli boldy. Senem gutar-da öýlen, işe dur.

-Bolýa, men gideýin. Gelnejem daga...

+Bolýa esen bolsyn, aýdaryn. Senem öýňüzdäkilere salam aýt.

-Aýdaryn. S...

+Sagbol. Arzanragyny al köýnegiňem..

İne görşüñ ýaly gadyrdan agza, gürlemage pursat berenok. Şoň üçinem, biri gürrüňini gutarýança diňlemäni başarjak bolmaly.

*********

-McM, sen näme üçin iller ýaly bilim, tehnologiýa, şahsy ukubyňy ýokarlandyrmak mowzuklary boýunça zat ýazaňok?

+Aý men ýazmasamam olar barada ýazý...

-Ýazanlarynda näme, senem tapda ýaz şolar ýaly zatlar, peýdaly zat ýaz

+Bilýän welin käwagt kellä..

-Käwagt kellä dynç berer ýaly zat ýazjak bolsaň öz durmuşyňdan ýazmalymy, anektod ýazaý

+Bor.

 

Bolýa onda, okanyñyz üçin minne...

 

 

52 |