Teswirler (10)

Ýüklenýär...

Söýgümiz syçan söýgüsimi?

2 minut alar

Söýgüniň haçan gutarýandygy hakyndaky makala köpleriň ünsüni çekdi. Ony menem okadym. Bir hili düşnüksiz duýgular başymdan geçdi. Ylmy taýdan subut edilen. Gormonlar eken meseläni çözýän. Bolup biler diýdim, içimden. Biz iýen zadymyzyň aşgazanymyzda nädip ereýändigini görmeýäris. Muny bize ylym düşündirip dur. Biz kislorody içimize sorup, kömürturşy gazynam demimizi goýberemizde daşyna çykarýan ekenik. Muny bize ylym aýtdy. Bizem onuň dogrudygyna ynanýas. Hakykatdanam adama dem almak üçin arassa howa gerek. Irden turubam ýatan jaýymyzyň howasyny çalyşmak bilen bolýarys. Söýgüde-de şeýle bolaýmasyn? Ylym bize ony düşündirip dur. Emma biraz pikir edeliň, ylym söýginiň nämedigini bize açyk aýdyp bilýärmi? Jynsy gatnaşygyň nämedigini ol bize düşündirýär. Söýgi diýip aýdýanam şondan aňry geçmeýär. Biz çyçan däl ahyryn. Biziň söýgümiziň manysam jynsy gatnaşykda däl.

Ylmy taýdan bir meseläni düşündirmek üçin öwrenýän meseläň ilki nämedigini bilmek gerek. Söýgiň nämedigini ylmy taýdan bize düşündirip bilen ýeke alymy bilýärmisiňiz? Şekspiriň söýgi sonetlerinde goýan soraglaryna ylym jogap berip bildimi? Ýogsa ondan bäri näçe asyrlar geçdi. Sonetlerden ikije setiri mysal alaýyn: 

 

“Чья вина что она,

Куда милее чем прочие?” 

 

(Onuň maňa başgalardan has mähribandygy kimiň günäsi?)

 

Söýgüniň nämedigini düşündirmek üçin ýazyjy şahyrlaryň şu wagta çenli eden synanşyklaram netije bermän gelýär. Ylmy taýdan söýgüni düşündirmek bolsa asla mümkinem däl bolsa gerek. Ylym näme üçin biziň nahar edinesimiziň gelýändigini aşgazanymyzyň bölüp çykarýan suwuklygy arkaly düşündirip biler. Ýöne söýgi işdä däl, özem aşgazandan gaýdanok. Ylym bize dopingiň güjümize güýç goşandygyny düşündirip biler. Ýöne söýgi gara güýjem däl. Kompýuteriň kömegi bilen adamy ol küştde-de utup biler. Ýöne söýgi aňdanam aňyrdaky bir zat. 

Söýgi ylyma sygmaýar. Syçanlaryň söýgüsini düşündirmek bolar mümkin. Eger ynsanyň söýgüsem syçanlaryňky ýaly boljak bolsa, bagyşlaň welin, ejelermiziň, kakalarymyzyň söýgüsi biziň dünýä inmegimiz bilen gutardymyka? Olaryň söýgüsiniň gutarmazlygy üçin zyna gerekmi? 

Öte-de geçip barýan, bagyşlaň. Ýöne, söýgüniň gutarýandygyny okanyňyzda siz nämäň pikirini etdiňiz? Ýene bir gözele ýa ýigide duşmagyňmy? Onda näme üçin är-aýal bolup ýaşamak düzgüni döredikä? Ýa şol düzgünmikä biziň söýgümizi öldüren? Bu sowala ahmal diýip jogap bermegem eýýäm azgynçylyga, adamzady gorpuň gyrasyna eltenokmy?

Söýgi gutarýan bolanda Halnabat gelnejemiz (Gurbannazar Ezizowyň aýaly) söýgülisiniň, şahyryň guburyna gör näçe ýyllap gidip ýörmezdi. 

Aýdylan zada eşiden badyňa ynanma, öz akylyňdan geçir, ýazylan ýerini, çeşmesini sora diýilýär. Indi şeýle döwür geldi okan zadyňa-da, ýazylan zada-da ynanma, akylyňdan geçirmeli, onuň näme maksat bilen ýazylandygyna düşünmeli bolýas. 

Öte geçen bolsam bagyşlaweriň.  

176 |