Teswirler (8)

Ýüklenýär...

Sowet döwründäki türkmen habarçylary özlerini nähili ýagdaýda gorapdyrlar?

1 minut alar

Hakykatdan hem, nähili ýagdaýda bolupdyr. Bu barada ilkinji işler 1925-nji ýylda bolan Bütintürkmen gurrultaýyndan soñ başlanýar. Ýagny bu gurrultaýda türkmen habarçylaryny Sowet häkimiýetine garşy nähili goramaly diýen mesele atylypdyr. Şeýle ýagdaýda respublikan gazetinde lakam ulanmak meselesi gozgalýar. Ýöne şonda-da hem habarçylar gazet-žurnallarda habarçylaryñ aradan çykdy habaryny kän eşitýändiklerini aýdypdyrlar. 

1925-nji we ondan soñky neşirlerde metbugat habarlarynda türkmen habarçylary lakam bilen çykyş edip başlapdyrlar. Bu lakam XVII-XVIII asyrdaky Pyragy, Andalyp, Kemine, Magrupy ýaly däl, olar özlerini goramak maksatly ulanypdyrlar. Ine, olar:

Berdi Kerbabaýew- Kepje sakgal, Ýelken gulak, akjyn

Garaja Burunow- Pişgemurt, Garaçy, Leññeç

Ýakup Nasyrly- Il ogly, Otaýly

Hojanepes Çaryýew- Daşdeşen

Ata Salyh- Subse, Meşhur, Habarçy

Ata Köpekmergen- Ýyndam, Möjek, Joý-joý

Ata Gowşudow- A.Aman, Jeýhun, Añkaw

Mundan başga-da habarçylar Eşiden, Obadaş, Gören, Belet diýen ýaly lakamlar ulanypdyrlar.

13 |