Signalizasiýa
3 minut alar
Adamyñ başyna geläýjek iñ oñaýsyz ýagdaýlaryñ birem, magazindäki signalizasiýanyñ sen çykyp barýarkañ duýdansyz gygyryp başlamagymyka diýýärin. Prison Break diýip serial bardy bilýän bolsañyz, günäsiz ýere türma düşen agasyny halas etjek bolup, Micheal Scofield ilkä türmä girýärdi, soñam türmeden gaçýardy, öran gyzykly we örän tolgundyryjydy. Ine şu ýagdaýam Prison Break-den kem däl. Ýöne, öz başyña gelse elbetde gyzykly däl. Göz öñüñe gelendir-ä, hany magazinlerde arasyndan geçýän aparatymyz bardyr, ogurlyk-pogurlyk bolmasyn diýip, ulurak magazinlerde goýýandyrlar. Käwagt, şol apparatdan geçip magazinden çykyp barýarkañ signalizasiýa uly goh bilen gygyryp başlaýar, ýogsa siziñ günäñizem ýok. Hondan bäri bolup eşik-peşik alarsyñ (türsik-maýka), satyjy gyzlar bilen ýylgyran bolup gürleşen bolarsyñ, kassa baranda kassirşanyñ "Salam jenap, tölegiñiz nagtmy ýogsa kart bilenmi" diýen soragyna Winchesteriň Dýuky ýaly "Nagt elbetde" diýen bolarsyñyz. Çykyp barýarkañ signalizasiýa gygyranda bolsa, özüñi Meksika serhedinde tutulan gaçgak emigrant ýaly duýarsyñ. Özüñi günäkär duýarsyñ, gözüñ garañkylar, eliñ sandyrar, özüñ öñünden ak tüsse asmana galan ýaly bolar. Hawa, onsañ adam günäsiz ýere signalizasiýa gygyranda her hili reaksiýa berýärdä. Men bir gezek bir magazinden 2 sany boxer, 2 sanam maýka alypdym we çykyp barýarkam signalizasiýa gygyrypdy. Derrew elimdäki paketleri ýere goýup kinodakylar ýaly ellerimem ýeñsäme goýupdym we ohranaň ellerime naruşnik dakmagyna garaşypdym. Sebäbi, yzymdan biriniñ maña pistolet çenäp "Put the fucking package down and do not move" diýerine garaşypdym. Soñ ohrana gelip ''Dost, şu gün birnäçe gezek gygyrdy şu signalizasiýa, döwüldi öýdýän'' diýensoñ ynjaldym. Ynjaldym ynjalmasyna, ýöne daş töwerege sähel wagtlygam bolsa magazinden türsik-maýka ogurlan ogry ýaly bolup göründim diýip utanypdym, il näbilsin diýsene paketde näme bardygyny. Soña-baka öwrenişdim, soñ-soñlaram şeýle ýagdaý boldy welin, ünsem bermedim, şol apparat ''diwiidiwidiwidwi'' diýip gygyryp başlan wagty, magazindäki işgärlere seredip ''Hehe, gygyran bolýa, öz magazinimiñ signalizasiýasy, öz eýesine gygyrýar'' diýen bolup, alan zatlarymyñ kwitansiýasyny görkezipdim. Hawa, beýdip samsyklamagam gowy däl welin, signalizasiýa gygyran wagty çommalyp aglanyñdan ýa-da ohrana seredip ''You can not catch me, catch me if you can, you bastard'' diýmekden-ä gowydyr. Şonda-da entägem magazinlere her gidemde, günäsizem bolsam birdenkä çykyp barýarkam signalizasiýa gygyraýsa näderkäm diýip pikir edýärin. Göz öñüñe getir; men çykyp barýarkam signalizasiýa ýöne ýere gygyrsa... Işe täze başlan öwrenjeräk ohranada-da panika dörap, men ýagdaýy düşündirip ýetişmänkäm meni atsa... Soñ hemme kişi meniñ daşyma üýşseler...Meniñem agzymyñ gyrasyndan ''S'' harpy ýaly bolup gan aksa we üsgürip, zordan elimi jübime sokup alan zatlarymyñ kwitansiýasyny ohrana görkezsem... Günasizdigime gözleri ýetip daşyma üýşen hemme kişi aglap gynansalar... Kelläm, çep tarapa ýykylmanka, iñ soñky demimde meni ýöne ýere atan we ökünip, gujagynda saklap oturan ohrananyñ elinden tutup kinolardaky ýaly "Näme üçin? Näme üçin hä? Näme üçin meni atdyñ Maýkylll? Meniñ günäm nämedi?" diýsem, ohrana-da aglap ''Meniñ adym Maýkyl däl dost, Hojaguly : ((('' diýse...
Ine görşüñiz ýaly, magazinde ýöne ýere signalizasiýa gygyraýsa diýip şeýle zatlary pikirlenýärin. Psihologiýamyn işi gaýtdy halys. Birem ajykdym.