Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sen şolmudyň?

5 minut alar

«Sen şolmudyň?!..»

  Garym-gatym duýgularyň içinden birini sogrup, «Şu söýgidir-ow»  diýäýmek aňsad-a däl. Duýgular bir-birinden owadan, bir-birinden täsin, bir-birinden ýakymly. Olaryň her biri her kime her hili ýaraýar. Birden-birden dagy «söýgi» diýlen aýratyn  düşünje ýok, ol ýakymly, owadan duýgularyň toplumy ýaly  bolup dur, birdenem , oňa günleriň bir güni göwün köşgüň üçeginden  patlap düşjek keramata garaşýan ýaly garaşýarsyň.  «Şol gelensoň dünýä başgaça  bolaýýar» diýýälerem welin, özüň başga birine öwrülýän bolaýmasaň, bu goja dünýäniň seniň söýgiňe duşanyň  üçin üýtgejek gümany barmy nä?!  Ýöne ynha,  bizi  şeýle özgertjek  şol söýgä duşmak, ony tanap bilmek  ynsan üçin nähili möhüm hem gözel pursat bolsa-da, ol pursady başymyzdan geçirmek her birimize  miýesser  edip baranok. Öňde-de bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «Söýmek− bu Allanyň beren ylahy ukyby»...
 Ertekiler durmuşdan alnyp döredilýän bolsa-da, durmuş tutuşlygyna erteki däl. Ýöne onuň käbir pursatlary hut ertekä-de gaýra dur diýdirýär. Ana, biziň şol pursatlary elden bermän, olary durmuşymyzyň beýleki pursatlaryna ýalkym saçyp durjak şamçyraga öwürmegi başarmagymyz gerek. Ertekileriň gahrymanlarynyňkyň hezil tarapy, olaryň  ýary-käri, çekjek jepalarydyr sapalary öňünden kesgitlenen. Gahryman aşyk-magşuklaryň duşuşygy (olaryň ykbaly gundagdakalar, hatda dünýä inmänkäler bir-birine baglanan) şeýle bir göwnejaý welin, ol biz―okyjylar üçinem juda  ajaýyp görünýär.  Ertekilerde, esasan gapma-garşylykly jemgyýetçilik derejeleri bolan gahrymanlar bir-birini söýýärler. Has täsinlerem bar, meselem, döwüň aşyk bolýan gözel gyzy, jadylanan mahlugy söýüp, ony jadysyndan açyp, halas edýän magşuk gyz we şoňa meňzeşler...Oýlanyp otursaň, bu gahrymanlaryň söýgüsi olaryň biriniň beýlekisine bolan diýseň zerurlygyndan gelip çykýar. Ertekileriň üsti bilenem aýdyljak bolunýan zat şol eken: seniň mähriň, seniň söýgiň saňa gerek adama däl-de, saňa mätäç adama siňende söýgi öz maksadyna ýetýär. Çünki söýgi hususylyga sygmaýar. Bir-birege mätäçlikden (gürrüň maddy zatlar barada gitmeýär)  gep açylansoň, bir tymsaly ýatlap geçesim gelýär. 
Öňde-de biriniň üç sany gyzy bolupdyr.  Gyzlaryň ulusy emelsizräk,  ýaltarak eken. Ortanjy gyzlary ýene ýagşy, diýip-aýdyp iş etdirilýän bolsa-da, garaz, bir adamyň duran ýerinde durup biljek ekeni.  Üçünji gyzlary welin akylly, edepli, tüýs, gurşunly kenek ýaly diýilýänlerden eken. Günler geçip, gyzlar ýetişýär. Ýetişýärlerem welin, arabasyny sürüp, bagt bularyň gapysynda häzir bolýar.
−Münüň, gyzlar! Men siziň heriňizi ykbalyňyza ýazylan taýyňyza gowşurjak.
Gyzlar münýärler. Barýarlar bir obanyň çetinden. Görseler, hakyt, tutuş oba sözüni diňledip oturan  akyl-paýhasly, edermen beg ýigit. Bagt gyzlaryň ulusyna ýüzlenýär.
− Bar! Şol ýigit seniň ömürlik ýanýoldaşyň.
Olar uly gyzy düşürýärler-de, gidiberýärler. Öňlerinden ýene bir oba çykýar. Baksalar, ynha, deň-duşlarynyň, goňşy-golamlaryň arasynda sözi ýere gaçyrylman diňlenilýän, sylagly, giden syrgyna diýenini etdirip oturan bir dogumly, nazarkerde oglan. Bagt gyzlaryň ortanjysyna ýüzlenýär.
−Bar! Şol ýigit seniň ömürlik ýanýoldaşyň.
Iki dogany ykbal ýoldaşyna gowşuran bagt,  gyzlaryň kiçisi bilen ýola düşýär. Öňlerinden ýene bir oba çykýar. Barýarlar  gapysy çöp-çalam basyp giden bir  öýüň işiginden. Öýden ýüzüni sakgal-murt basyp giden, öýünem, özünem oňarman ýören bir emelsiz ýigit çykýar. Bagt gyzlaryň kiçisine ýüzlenip: «Bar! Şol ýigit seniň ömürlik ýanýoldaşyň» diýenden, gyz zar-zar bagyryberýär: 
−Doganlarymy-ha saýlama ýigitlere gowşurdyň.  Meni nädip, bu hallara dözýärsiň? Ýok-yok, meni bu ýerde, bu ýigit bilen goýma! Alyp git meni, bagt!
Bagt ýüzüni sallap, gamgyn dillenýär.
−Sen bu ýerde galmaly bolarsyň. Seret ahyry, bu ýigit saňa mätäç. Oňa sensiz kyn bolar.
Bagt  kiçi gyzy ol gapyda düşürýär-de, gidiberýär...
  Ine,  bize durmuşyň birbada gorkunç hem-de gynançly görünýän, hakykat-da welin, ýaldyrawuk täsirlerdir ýylmanak duýgulara dolanmadyk dogruçyl hakykaty. Göräýmäge, bu tymsalda söýgi ýok ýaly hem görünýär.  Dogry, ol ýok hem. Çünki tymsal söýginiň başlanaýjak wagty tamamlanýar. Ýöne ol başlanjak söýginiň berk we belent boljakdygy bizden hiç hili delil talap etmeýär. Düşnükli zady bolsa, aýdyp oturmagyň zerurlygy hem ýok. Ynsan üçin öz gerekligini duýmak─ bahasyz badalga. Ol, özüň hakda däl-de, özge hakyndaky aladany baş maksadyň edip goýýar. Ene söýgüsiniň beýikligem öz janyny orta goýup, perzendini dünýa inderýänliginden başlanýar. Hususy duýgular seni terk edenden soň, söýgi peýda bolýar. 
 Jek Londonyň «Martin Iden» romany.  Bu romany okanlar bilýändir,  Martiniň Rufa bolan söýgüsi üçin çekýän lezzetli hem ezýetli güzaplaryny.  Rufa bolan söýgüsi hiç zady ýok,  ertirligini tapsa, öýlänligi gaýgy Martini şeýle bir beýik derejä ýetirýär welin, hatda soň Rufuň Martin üçin zerurlygy hem bolmaýar. Gözlerine ajaýyplygyň Ýerdäki ýeke-täk nusgasy bolup görnen söýgülisiniň yşgynda  gije ýatman, gündiz dynç alman jepa çeken ýigidiň yhlasy, gynansagam, artykmajrak çykýar. Gyzyň söýgüsine mynasyp boljak bolup, çeken azaplary Martiniň özüni kämilligiň gapysyndan eltýär. Ahyrynda bolsa, kämil düşünjeleriniň oňa gyzyň kem-käs taraplaryny  görkezmegi bilen, ýigidiň aşa gyzgyn duýgulary birden sowap, gökde ganat kakyp ýören göwün guşy  ýere garşy pessaýlap başlaýar. Söýgi sahnasy başlamanka diýen ýaly tamamlanýar. Indi, söýginiň bu oýnuna näme diýersiň?!..
 Arzuwçyllygy ret edýär diýmäň, ýöne käteler biziň ruhymyzy halys tapdan düşürýän zat hem, göwnüme bolmasa,  şol aşa arzuwçyllygymyz ýaly bolup dur. Biziň hyýalymyzda keşbini döredýän  göwün soltanymyz şeýle bir kämil hem gözel welin, biz ony zeminden gözläp-gözläp, arzuw atymyzy daljygara getirýäs. Ýogsa, şeýle gözel hem kämil adam Ýer ýüzünde bar bolaýanlygynda-da, özümiziň oňa mynasyp ýa däldigimiz hakyndaky pikirem günleň bir güni  kellämize geläýmeli ýaly welin, eger-eger,  geläýenok. Özümize mynasyp boljak adamy öz akyl-düşünjämiz bilen däl-de,  joşgunly, arzuwçyl ýüregimiz bilen kesgitlejek bolýarys. Bu bolsa, hakykat bilen hyýalyň çaknyşygyna getirýär. Aşa arzuwçyllygyndan zyýan çeken ýürege görkli dünýä bigörk, giň dünýä dar, ýagty dünýä garaňky bolup duýulýar. Eger-de,  özümize laýyk adamy akyl-düşünjämiz bilen kesgitläp, oňa duşanymyzdan soň arzuwçyl ýüregimizi ugruna goýbersedik, belki bimany ahmyrdyr armanlar döremese-de, döremezdi. «Söýgi üçburçlugy», «ýalan söýgi»,  «çyn söýgi» diýen aňlatmalar hususy düşünjeleriň önümi bolansoň, gulagyňa şeýle bir ýakymsyz eşidilýär welin, hut gulagyňy kesip gelýär diýen ýaly! 
Söýgini toparlara bölüp bolmaýar. Söýgi bizden ýekeje zady―özümizi däl-de, özgäni söýmegi talap edýär. Biziň owadan arzuwlarymyzyň köpüsiniň aňyrsynda bolsa, gynansagam, köpimiziň özümize rowa gören kämil hem gözel görünýän salgymymyz ýatyr. Geliň, salgym bilen çyn söýginiň alamatlaryny gatyşdyrmalyň! Salgym – salgym bolýar, oňa «Sen şolmudyň?!» – diýip, ömrümiziň iň möhüm sowalyny näçe gezek bersegem, ol bize jogap bermez. Ol sowal bolsa, jogapsyz galmasa gowy...

Aýgül Garaýewa

61 |
|