5 minut alar
Sen şolmudyň?
«Sen şolmudyň?!..» Garym-gatym duýgularyň içinden birini sogrup, «Şu söýgidir-ow» diýäýmek aňsad-a däl. Duýgular bir-birinden owadan, bir-birinden täsin, bir-birinden ýakymly. Olaryň her biri her kime her hili ýaraýar. Birden-birden dagy «söýgi» diýlen aýratyn düşünje ýok, ol ýakymly, owadan duýgularyň toplumy ýaly bolup dur, birdenem , oňa günleriň bir güni göwün köşgüň üçeginden patlap düşjek keramata garaşýan ýaly garaşýarsyň. «Şol gelensoň dünýä başgaça bolaýýar» diýýälerem welin, özüň başga birine öwrülýän bolaýmasaň, bu goja dünýäniň seniň söýgiňe duşanyň…