Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym (talyp)

Sen bolmasaň...

2 minut alar

Sensiz men ýaşap bilerinmi? 

- Hawa elbetde, sensiz hem ýaşap bilerin... Dogry söze dogry diýmeli, sen howa däl ýa-da suw däl, sen şatlyk, sen buýsanç, sen güýç, sen goldaw, sen ylham... A men kim? - hiçkim diýsem ýerlikli boljaga meňzeýär, ýöne - Bilemok...


Sen bolmasaň durmuşymda kän zat üýtgär. Belki käbir halaýan zatlarymy ýigrenerin, belki käbir halamaýan zatlarym maňa golaý bolar. Belki sensizlik meni kämilleşdirer - ýöne bir zady anyk bilýän, ol hem sensizligiň meni duýgusyzlaşdyrjagy - ýa-da kämilleşmegiň tersine çökerer. Bilemok, bu ýagdaý seniň gidişiňe bagly bolaýmasa diýýän men-ä... 


Geleňda şeýle bir owadan geldiň, durmuşymyň bir bölegine öwrülmegiň bilen, ömrümiň ilkinji baharyny başdan geçirdim. Hemme zat täzelendi, gülledi... Gelişiň şeýle bir owadandy welin, bu hadysa ömründen aýrylmasyn isledim, diýdim ki "Bu duýgular ölýänçäm göwnümde (ruhumda) baky ýaşasyn". Tanyşlygymyzdan bäri bir ýyldan kän wagt geçdi. Bu duýgular entäklerem diri, göwnümiň töründe içden-içden daşyna çogup dur. Ol hem seniň özüň bilen baglanyşykly. Her gezek diýýärin, "Şu gyz bilen duşuranyňa müň şükür, geljegim hem şol bolsun in şa'Allah"... Ýöne belli däl, ýazgydym üýtgäp biler (belki şowuna, belki-de tersime). Eger birden gitmeli bolsaň, gelşiň ýaly gözel git! Senden soň ýykylmagyň deregine beýgeleýin. Senden soň galan ymarat şeýle berk bolsun, ömrümiň soňuna çenli maňa ýoldaşlyk etsin. Erbetlikde ýatlamaýyn seni, her gezek ýatlanymda göwnümde buýsanç döresin. 


Gideniň üçin gynansam-da, göwnümde arman galmasyn...


Beýle günüň gelmezligini dilemek bilen, Seniň "kiçijek ýalňyşyň" 

Şu bulutlaryň üstünde ýaşap bolsa?!
170 |