Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Sekiz sany sazanda

7 minut alar

 Hekaýa taryhy maglumatlara salgylanmaýar we diňe awtoryň öz göz öňüne getirişi ýaly, sekiz sany sazandanyň at familiýalaryndan başga gabat gelmelersiz ýazylan
 

(Dowamy)

Netijede, gorkyň goýnunda meýletinlik bilen öz ölümiňi boýnuňa alýarsyň. Sen eýýäm diri däldigiň bilen, häzir, saz gutaransoň, seniňem şol saz bilen birlikde öljekdigiň bilen ylalaşýarsyň. Beýle adamlar üçin saz gutaransoň, ýaşaýşam gutarýar. Bular ýaly adamlar gutulgysyzlyga kaýyl bolýarlar, gutulgysyzlyga aşyk bolýarlar-da, olaryň ebedi muşdagyna öwrülýärler. Olar diňe saz bilen diri bolup bilýändikleri üçin, entek saz gutarmanka, öz duýgularyny aýdaslary gelýär. Wagtyň örän azdygy sebäpli, olar has howlugýarlar, aljyraýarlar we şo pursat gorkyny hem ýatdan çykarýarlar. Bu gorky eýýäm seniň aýtmak isleýän, adamlara ýetirmek isleýän duýgyň ýaly wajyp däldir. Sen saz bilen öz gorkyňdan üstün gelýärsiň, saz bilen ýaşaýarsyň, saz gutaransoň bolsa ölýärsiň. Nämeleri aýdandygyň, haýsy duýgulary aýtmagyň seniň paýyňa düşendigini bilmek islegi bu sazandanyň iň soňky islegidir. Dindar adamyň ýoldaşynyň iman bolşy ýaly, sazandanyň ýoldaşy onuň haýsy duýgulary aýtmaga ýetişendigi baradaky soragydyr.
Sazandalar dürli wagtlarda saz çalmaga başlasalar-da, bir wagtda tamamladylar. Jon Wudwortuň giçlik topar bolup kart oýnamak baradaky teklibi jogapsyz galdy. Jon muny ýaş sazandalardan gördi. Ol ýüzüşiň dowamynda ähli sazandalar bilen soraşyp-ideşip, olary öz köne dosty ofiser Braýtli bilen tanyşdyrmakçydy. Diňe giçlik hininden çykýan alakalar ýaly, hakyky şulleriň kompaniýasyna goşup, gäminiň solgun ýagtylyk we çilim tüssesi bilen doly künjeginde gizlenen jenaplaryň gündizlerine haýsydyr bir millioner bolup çykaýmagy baradaky täzeliklerini paýlaşmakçydy. Gäminiňem edil durmuşdaky ýaly göze görünýän we görünmeýän taraplary bardy. 
Ýarygije sagat iki töwerekleri gämi duýdansyz çaýkandy. Birinji gezekde ol has gowy duýuldy, sebäbi mundan öň endigan ýüzüp gelýän gäminiň rahatlygy bilen eýýäm öwrenşipdiler. Ýene bir sagatdan, gündiz üçde ugran gämi, gijäniň üçi bilen deňleşmelidi. Ýöne hemişe bir ädim galanda amala aşmaýan iň gynançly zatlar ýaly, gämi wagt taýdan deňagramlylygy gazanyp bilmedi. Esasan, çagalardyr garry adamlar bolaýmasa, eýýäm köpler ukudan açylypdylar. Olar howlukmaçlyk bilen perrona tarap ylgaýarkalar, gämi ilki gysgajyk, soň ýene batly çaýkandy. Şonda ylgap barýanlar göni çyzygyň döwlüp, aýlaw edişi ýaly ýykyldylar. Gijäniň sowugyndan digdenekleýän sazandalar bir ýere jemlenseler-de, nämeleriň bolup geçýändigi baradaky habary doly görnüşde diňe Wolles Hartliden eşitdiler. Mundan öň her kimden gysgajyk we aljyraňňy jogaplaryň gaçyşyny notalar bilen deňeşdirýän Briku, hatda, ýylgyrdam. Wolles Hartli duran ýerinden gozganybilmeýän gäminiň ilki kiçijek suw aýlawlaryna düşendigini, soňundan bolsa gäminiň dolandyryş ýagdaýyndan çykyp, uly buz bölegi bilen çakyşandygyny, diňe şeýdip ummanyň düýbüne gitmekden saklanandygyny howlukmaç habar berdi. 
Häzirlikçe, erkek adamlar, häzirlikçe diňe – diýip, Wolles gygyrýardy. Onuň ýüzi alma ýaly gyzaryp, agzyndan bug çykýardy. Tolgunjyndan ýaňa onuň hasam üşeýändigi sesinden duýulýardy. – Biziň sanlyja wagtymyz bar. Jenap Jeýms, eger biz dogry ugur tapmasak, şu töwerekde uly suw aýlawynyň bar bolaýmagynyň gaty ähtimaldygyny aýdýar. Biziň hemmämiz şoňa gaçarys, düşünýäňizmi? Diňe häzirlikçe – diýip, ol yzyny aýdyp bilmän saklandy. Sebäbi dişleri diýenini edenokdy. Wolles Hartli ellerini biri-birine garşy goýup, plaşynyň ýeňine sokdy. Ol şo wagt öz üstüne atanak çeken garantga ýaly görünýärdi. Ýöne onuň ýaşyl gözleri adatdakydan has janlydy. 
Içigaragalmyş, Wolles – diýip, Persi Teýlor gaharly gygyrdy. – Biz näme ...ň buzy bilen çakyşandygymyzy görmeýändir öýdýäňmi? Häzir gämi ýüzüp başlaýsa, barybir, gark bolýasmy biz?
Hawa, biz eýýäm gark bolduk – diýip, Wolles kesgitli we gysgajyk jogap berdi. Onuň bu jogaby sazandalaryň ýüregini buz bölegi deýin gyýyp gitdi. Daş – töweregiň galmagaly olaryň pikirini bulaşdyrýardy. Beýleki adamlaryň gorkudan ýaňa kellesine gelen zady edýän wagtynda harby esgerler ýaly rahat bolmaga synanyşýandyklary sazandalaryň özi üçinem täzelikdi. Bu gämi heläkçiligi olara özi barada bilmeýän häsiýetini açmaga kömek etdi. “Kapitan bizi rahat bolmaga çagyrýar. Adamlar üçin saz çalsak gowy bolardy” – diýip, Wolles Hartli, esasan, aşakdaky “bäşlik” bilen birigen “üçlüge” ýüzlenip aýtdy. Bu teklibi sessiz goldadylar. Şo pursat, umman tolkunlarynyň biri-biri bilen garyşman, girdaby emele getirýän wagtynda, sazandalar başdakysy ýaly birigip, öňki sekizligini emele getirdiler.  Sazandalar ilkibada perronyň gyrasynda tegelenşip saz çalmaga başladylar. Sazyň çalnyşy şeýleräkdi, olardan haýsy hem bolsa biri göwnüne gelen sazyna tutdurýardy, beýlekileri bolsa alyp göterýärdi. Saz gutarmanka, täze sazy çalmaga başlaýardylar. Başga wagt bolsan bolsa, bular ýaly bitewiligiň bolmazlygam ahmaldy, ýöne häzir welin, sazandalar biri-biriniň yzyna eýermäge çalyşýardylar. Olaryň dünýäni unudyp saz çalmagy, daşyndan seredeniňde, diňe özleri bilen başagaý adamlary ýadyňa düşürýärdi. Sazandalar haýsy sebäbe görä adamlaryň özlerine içgin seredýändigine göz ýetirensoň, gül ýaly tegelenşip durmaklaryny bes etdiler. Sebäbi adamlara olaryň arasyndan geçip gitmek kyn düşýärdi, halas bolmak isleýän adamlaryň ünsüni bölýärdi. Şonuň üçin Wolles Hartli iki hatar bolup düzülip durmagy teklip etdi. Bu gezek olar öňküsi ýaly “üçlük” bilen “bäşlik” däl-de, adalatly bolar ýaly, dört-dörtden iki hatara düzülmegi makul bildiler. Olaryň haýsy pikirden ugur alandygyny aýtmak kyn, elbetde. Ýöne olaryň saz bilen äheňdeş pikirde bolandygyny çak etmek mümkin. Sazam edil umyt ýaly häsiýetde bolýar. Saz çalýan wagtyň ýene ýaşajakdygyňa ynam bar. Bu ynam, belki, hemişe görnetin duýulýan däldir, ýöne ol haýsydyr bir deşikden syzýan suw ýaly hökman bardyr. Umytsyz saz bolmaýar. Şeýlelikde, saz bar wagtynda ýaşaýşa bolan ynam bar, umyt bar. Saz gutaransoň bolsa, ýaşaýyş eýýäm öňküsi ýaly wajyp bolmaýar, sebäbi saz seni ähli duýgular bilen doldurýar. Adama bolsa owalbaşdan edil sülügiň gandan doýşy ýaly, doýansoň aýrylmak duýgusy berlipdir. Şol sebäpden sazandalaryň halas bolmaga derek haýsy pikirden ugur alandygyny aýtmak kyn bolsa-da, olaryň ähli adamlaryň ýaşaýan wagty ýaşap, ölýän wagty bolsa, ölmegi boýun alandygy welin anykdyr. 
Gämi gark bolýarka, olar iki düzüm hatar bolup, saz çalýardylar. Daşyndan seredeniňde, sazandalar iki sany penjirä meňzeýärdiler. Bu penjireler geljekki ýagty durmuşy görkezýän, hakykaty aýna ýaly suratlandyrýan penjireler bolmalydy. Uly bolsun ýa kiçi bolsun, gäminiň ähli ýaşaýjylary şol penjireleriň aňysyndaky ýagty durmuşy görmelidi. Iki düzüm hatar bolup duran sazandalar iki sany ugurdaş ýola meňzeýärdiler. Bu ýol uzak geljege sary gitmelidi, bu ýol olaryň ykbalyny düzmelidi. Özem bu ýol beýleki ýola seredeniňde, bagtdan doly bolmalydy, sebäbi gäminiň ýolagçylary bu ýoly we ykbaly meýletin saýlapdylar. Meýletin saýlan zadyňy bolsa islän wagtyň üýtgedip bolar diýen ynam bardy. Ýöne näçe haýran galsalaram, olaryň meýletin saýlan ýoly, uzaldyp ýa azaldyp bolar diýen ýoly, pikir edişlerinden başgaça bolup çykdy. Haýsy tarapa elewreselerem, olar bu meýletin saýlan ýollaryndan çykalga tapmaýardylar. Wah, şo pursat köpri bolsady. Iki düzüm hatar bolup duran sazandalar köprüni hem ýatladýardy. Eger köpri bolan bolsady, onda biri-birine gol beren dostlar ýaly, biri-biriniň elinden tutan söýgüliler ýaly, şo köprüden geçip bolardy. Iki hatara düzülen sazanda ortarada wiolençeli goýup saz çalýan wagtynda, olar hut şo biri-birine gol beren söýgülilere meňzeýärdiler. Rojer Mari Briku özüniň şpil bolmaga-da razydygyny ýatlanda, Wiwaldiniň “Güýzüne” tutdurdy. Onuň göz öňünde ýylyň dört pasly deýin biri-biriniň yzyna eýerýän dostlary bardy. Ol sazandalaryň ählisinden ýaşdy, şol sebäpden aýratyn hyjuw bilen çalýardy. Özüniň ýaşabiljek dört paslynyň soňuna çykmak isleýän ýaly çalýardy. Sazandalar şeýdip ykbal bilen hasaplaşmak isleýärdiler, çünki bu ykbal olardan ähli zady alypdy. Sazandalaryň ulusy Persi Teýlor ähli wakalary ýadynda saklamaga synanyşýardy. Ol halas bolansoňlar, bu zatlary degişme görnüşde aýdyp berjekdi. Gämi ýolagçylarynyň, aýratynam, erkek adamlaryň bular ýaly başagaýlygyny gülkünç hasaplaýardy. Ol elli-elli bäş ýaşlaryndaky, ak saçly, agajet erkek adam bilen çaknyşyp, onuň äýnegi ýere patlap düşen wagtynda, “Jenap” – diýip, hormat bilen başyny egdi. Iki düzüm hatar bolup duran sazanda şol jenabyň äýnegine-de çalym edýärdi. Olary gämidäki suwuň içinde ýüzüp ýören, gara deriden tikilen bir taý ädik hökmünde hem görüp bolardy. Äýnek başda, ädik aýakda bolmalydy, ýöne olaram edil sazandalar ýaly gark bolup barýan gäminiň üstündedi. Halys ýadadymy ýa-da bolmaly zatlaryň bolmaýandygy sussuny basdymy, Jon Klark ilkinji bolup, ýere çökdi. Onuň köwşüniň içi suwdy, dyzlary bolsa titreýärdi. Jon bir sözi agzyndan gaçyrmasa-da, beýleki sazandalar gowşadylar. Jon başy aýlanýandygyny şo wagt duýan kişi bolýardy. Daşyndan iki düzüm hatar duran sazanda başy aýlanýanlar üçin oturar ýaly oturgyja çalym edýärdi. Ýöne olaryň biri hem şo wagt oturyp dynç almagy uslyp bilenokdy. Başga wagt bolan bolsa, bular ýaly dözümlilige olar “kapasa” diýerdiler. Gözenek saz gurallarynyň kapasa kemi barmy näme? Rojer Mari Briku tutuş gämini wiolençel saz guraly hökmünde göz öňüne getirende, näme üçin olaryň gözenek saz gurallary kapasa bolmaly däl? Olaryň hiç bir ýere gymyldaman, halas bolmak üçin gaýyklara ylgaman durşuny göreniňde, başga çäklendirmeler akylyňa-da gelmeýär. Rowaýatlardaky göze görünmeýän diwarlar bilen goraglanan gahrymanlar ýaly, sazandalar hem bu başagaýlyga goşulşanokdy, sebäbi olar meýletin kapasa öwrülipdiler. Şol kapasadan çykmak üçin olar asmandaky seteran guşlar ýaly uçup gitmelidi. Olaryň görnüşiniň ganat kemi ýokdy. Eger eliňdäki saz guraly kapasa bolsa, onda sen saz bilen guş bolup uçmalydyň. Edil harplaryň biri-biriniň yzyndan aýdylyşy ýaly, guşlaryň seteran uçuşy ýaly, nyzam bilen uçmalydyň. Gark bolup barýan gäminiň üstünde iki hatar düzülen sazandalar saz çalýardy. Olar daşyndan iňlis alfawitiniň sekizinji “H” (eýj) harpyna meňzeýärdiler. Iňlis diliniň sekizinji harpy bolsa okalmaýar. Sekiz sany sazanda gaýyplyga meňzäp, bakylyga öwrülýändigini gümanam edenokdy.


Bägül ATAÝEWA

15 |
|