Saturn we onuň ajaýyp halkalary.
5 minut alar
Saturn Taňryçasy barada rowaýat:
Gadymy Grek Taňrylarynyň şasy Zeusyň kakasy bolan Kranus-a Rumyň halky başgaça Saturn diýip atlandyrypdyr. Saturn altyn asyr döwrüniň (golden age) taňrysydyr. Şol wagtlar süýt we bal derýadan akyp , agaçlarda bolsa taňrylaryň içkisi (nectar) damyp durupdyr we diňe ýaz pasly dowam edipdir. Saturn öz aýal dogany bolan Reýa (RHEA) bilen öýlenýär olardan 6 çaga dünýä inýär we Saturn öz kakasyna zeper ýetireni üçin öz çagalarynyň hem özüne zeper ýetirmeginden gorkup ilkinji 5 çagasyny ýuwudýar. 6-njy çagasy Zeus dünýä inende bolsa ejesi öz çagasyny halas etmek maksady bilen bir daşy alýarda ýorgana büräp Saturna uzadýar. Elbetde Saturn çaganyň barlygyny-ýoklugyny bilmän durşy bilen ýuwudýar. Zeus ulalyp ýetişýär ýöne kakasynyň onuň diriliginden habary ýokdy. Zeus bir melhem(potion) taýynlap kakasyna duýdansyz içirjek bolýar we muny başarýar, kakasy hem melhemi içip ýuwudan zatlaryny yzyna çykarýar, elbetde daşy hem. Ol daş häzirki grek döwletiniň Delfis şäherinde saklanýar.
Planetalar ýerden gaty uzakda ýerleşýändikleri sebäpli, olar günüň şöhlesini dürli tarapa serpip, ýerdäki gözegçi ýyldyz ýaly bolup görünýändikleri bize mälimdir. Ýerden Güne has golaý bolan Merkuriý we Wenera planetalaryna içki ýa da aşakdaky planetalar diýilýär. Çünki olaryň hereket edýän aýlawlary ýeriň hereket edýän aýlawynyň içinde ýerleşýär. Mars, Ýüpiter, Saturn, Uran we Neptun planetalary Günüň töwereginde ýeriň aýlawyndan daşky aýlawlar boýunça hereket edýärler. Bulara bolsa daşky ýa da ýokardaky planetalar diýilýär.
Geleliň, bizi hayrana goýjak Ýüpiterdan soňky uly Planetalaryň biri we köp halkaly bolan Saturn-a. Sebäbi beýleki planetalardan tapawutlylygy özüne mahsus bolan halkajyklary we olaryň hemralarydyr. Saturn planetasyna türkmenler “ Keýwan ” ýyldyzy diýip atlandyrýarlar. Ruminýalylar ýörüte Saturnyň şanyna “Saturnalia” gyş festiwallar geçirilýär. İňlislerde bolsa “Saturday”- şenbe güni Saturndan gelip çykan. Saturnyň hereket edýän aýlawynyň uly ýarym oky 9.5 astronomik birlige barabar bolup, ol Günüň töwereginde bir aýlawyny 25.4ýylda tamamlaýar. Saturnyň içki düzümi boýunça Ýüpitere meňzeşdir. 1610 njy ýylda Galileo Galileý tarapyndan öz teleskoby bilen Saturna seretjek bolup ýanynda 2 aýry planeta hemrasynyň barlygyny çaklaýar. Hat-da şeýle setirleri belläp geçýär “ iň uzak planetanyň üçli planeta bolanlygyny yzarladym…” diýýär.
Emma Galileýe onuň halkasy barada dogry netijeleri çykarmak başartmaýar. Diňe 1655-nji ýylda Gýugense Saturyn halkasynyň umumy merkezli, tekiz, belli bir galyňlykdaky halka bolup, onuň planeta bilen ýanaşyk däldigini subut etmek başardýar. Saturynyň halkasy Ýerden üç aýratyn halka bolup görünýär. Halkalaryň arasynda giňligi 1800 km ýetýän Kassini jaýrygy bar. Häzirki zaman kosmos enjamlarynyň kömegi bilen alnan maglumatlara görä, halkalaryň sany örän köpdür we şu ýylyň içinde Skott S. Şeppard, Dawid Jewitt we Jan Kleýna Hawaýydaky Mauna Kea dagynda Subaru teleskoby bilen Saturynyň täze 20 sany emeli hemrany açylyş etdiler. Saturnyň emeli hemrasy umymy sany 82 bolup 79sany sputnigy bolan Ýupitery geçip iň köp emeli hemrasy bolan baýraga mynasyp boldy. Täze hemrasynyň ululygy ~5km dyr. Olaryň üçüsi öz okunuň daşyndan aýlanyp takmynan bir aýlawyny 1 ýyla ýakyn, on ýedisi bolsa tersine aýlanyp takmynan 3ýyl-dan köp wagt gereklidir.
Saturnyň ajayyp halkasynyň atlandyrylyşy.
Halkalaryň emele gelme teoriýalary.
- Ilkinji teoriýa görä 19-njy asyrda Édouard Roche tarapyndan tapyldy. Teoriýa görä halkalar Saturynyň hemrasy we ol hemrasynyň guýruklu ýyldyzy ýa da asteroýit bilen çaknyşmasy netijesinde böleklere bölünmesinden emele gelýänligini belläp geçýär.
- Ikinji teoriýada bolsa Saturny emele getiren asyl planeta Nebulasyndan galan kiçi bölejikleridir. Bugünki gün-de bu teoriýalaryň dogrylygyna ynanylmaýar. Sebäbi planetalaryň halka sistemasy sputnik bilen arabaglanşygy netijesinde meýdana gelenligi bilinýär. Halkalar, käbiri sputnikdan aýratyn tozan we buz tarapyndan, a-käbiri bolsa sputnigyň dartuw güýjüniň netijesinde planetalar aralygynda ýuwdan kiçi bölejikler tarapynda barlygyny bilinýär.
Saturnyň göz alyp barýan halkalary, mikrometr we metr arasynda ulylygy üýtgeýän suw buzy bilen az mukdarda Tholin we Silikat tozonlardan emele gelýär. Saturn halkalarynyň göwrümi kiçi bolan teleskoplar bilen bir bölek, has ululy göwrümli bolan teleskoplarda 3 bölek we ýakynyna ugradylan arş gämileri bilen sanawsyz bölek we maddalardan emele gelenini görse bolar. Halkalaryň atlandyrylmasy elipbiý harplarynyň yzygyderliginde( suratdaky ýaly) görkezilen şeklindedir. Halkalar daşardan içine geçişi A,B we C halka diýip atlandyrylýar. Soňradan täze halkalaryň tapylmagy bilen planeta iň ýakyn bolan D halkasy, A-nyň daşyndaky F halkasy we uzakdaky G we E halkalaryndan ybaratdyr. Bu halkalar hem soluk tozanlardan we yeňil maddalardan emele gelmegi bilen birbirinden tapawutlydyr.
D Halkasy: iň içinde ýerleşip şol sanda iň soluk halkadan ybarat. 1980-nji ýylda Woyager 1, bu halkanyň içinde D73, D72 we D68 atly üç sany aýry halkalary tapypdyr.
C Halkasy: ikinji setirde ýerleşip, giňiş yöne soluk görnüşindedir. ~5metra barabar bolup 1.1*10¹⁸ kg agyrlykly we halkanyň dik ýokarsyndan seredilende açyk reňkde görüner. Halkanyň içinde Kolombo boşlugy weTitan sputnigyna meňzeş Titan halkasy şol sanda daş gatlagynda bolsa Makswell boşlugy we halkasy bardyr.
B halkasynyň daşky gatlagy bolup Kassini arş gämisi tarapyndan alynan surat
B Halkasy: Saturn halkasynyň iň uly we parlak halkasydyr. 2.8*10¹⁹ kg agyrlykda bolup 5–15metr arasynda üýtgeýär. Gün şöhlesiniň geçirjiligini 91% göterimini blokažlaýar (block). Ýagny geçirijiligi pesdir. 1980-nji ýylda halkanyň içi agyrlyk dartuw güýji bilen üýtgeşmelere sebäp bolýandyklary barada bilinýärdi ýöne Wyoger öz teoriýasy bilen dartuw güýjüniň sebäp bolmaýanyny subut etdi.
A Halkasy: uly we parlak halkalardan uzak bolanydyr. Halkanyň daşyndan başlap içine çenli bolan aralykda 22% lik bölegini Enke boşlugy we 2% Kiler(Keeler) boşlugy tutýar. Galyňlygy ~10–30 metr agyrlygy bolsa 6.2*10¹⁸ kg barabardyr. A halkanyň daş çäginde Janus ve Epimetheus sputniklary rezonans halyndadyr. A halkasynyň içinde yüzlerçe sputnigyň barlygyny Kassini arş gämisi bilen subut edipdirler.
F Halkasy: daşarky halkalardan gowy görünýäni we aktiw bolan halkadyr. Her sagatda üýtgäp galyňlygy inçedir.Bu halkanyň içinde hem Prometheus we Pandora sputniklary ýerleşendir.
G Halkasy: inçe we solak halka bolan, içinde buz bölejikleriniň bolmasynyň sebäbi Aegeon sputnigy bilen mikro meteor garpyşma netijesinde tozanjyklaryň kömegi bilen emele gelýär.
Mars ýa da Ýer planetamyz diýip ýörmän Saturna göçä-göçlük bolsa näder???
Soraglaryňyza we teswirleriňize garaşýaryn(rys)…!
ÇEŞMELER:
- https://www.kozmikanafor.com/saturnun-detayli-halka-yapisi/
- https://www.kozmikanafor.com/gunes-sisteminin-mucevheri-saturn/
- https://greekgodsandgoddesses.net/gods/saturn/
- https://er.jsc.nasa.gov/SEH/RWR_5_8_mythology_saturn.pdf