reňkli poçta #7 – türkmen dilinde döretmek näme üçin wajyp?
4 minut alar
(Bu makala ilkinji gezek 30-njy iýulda reňkli+ neşirinde paýlaşyldy.)
Tomsuň ortaky aýyndan salam!
Uzak wagtlap reňkli poçta ýazmadym. Siz muňa ýaltalyk diýiň, men bolsa başagaýlyk.
Aýyň aýagyna Aşgabatda iki günläp geçirilen “Go Viral 2023” festiwalyna gatnaşdym; hem diňledim, hem diňletdim 😊.
Çäräniň nähili geçendigini eýýäm Instagram saýasynda menden has gowy bilýän bolmagyňyz mümkin. Öňki tanyşlar bilen täzeden didarlaşdym, täze adamlary tanadym.
Festiwalyň ikinji gününde türkmen dilinde döretmegiň wajyplygy hakynda öz subýektiw pikirlerimi paýlaşmakçy. Şol pikirleri siz bilen hem paýlaşmak isledim.
Jemgyýet we dil biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän çylşyrymly sistemany emele getirýär. Adam dil bilen pikirlenýär, diliň üsti bilen bu pikirlerini we duýgylaryny beýan edýär. Käte pikirleniş dili bilen sözleýiş dili tapawutlanyp bilýär. Gündelik durmuşda türkmen dilinde ýa-da rus dilinde gürleýän bolsa, pikirleniş dili başga dil bolup bilýär. Umuman alanymyzda adam beýlekiler bilen aragatnaşygy diliň üsti bilen amala aşyrýar.
Döwür üýtgeýär, täze düşünjeler, täze tendensiýalar döreýär. Bular bolsa täze soraglary, täze meseleleri öz ýany bilen getirýärler. Iň bolmanda, umumy at bilen alanymyzda emeli aň tehnologiýasynda bolup geçýän täzeliklere seredenimizde adamyň kellesinde bir topar sorag belgisi döreýär. Bir diliň özüni yzygiderli täzeläp durmasy gürrüňi edilýän häzirki zaman düşünjeleriň we täze tendensiýalaryň şol dilde beýan edilip, gürleşilip, maslahatlaşylyp başlanmagy bilen gönümel baglydyr. Ine, şu baglanyşyk üçinem türkmen dilinde döretmek wajypdyr. Döretmek diýenimizde kreatiw senagatyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Olaryň käsine gönüden-göni degişli bolsa, käbirine gytaklaýyn täsir edýär.
Kreatiw senagat bolsa umumy alanyňda şu ugurlary öz içine alýar: film, wideo, animasiýa, suratçylyk, radio (podkästler bilen bilelikde) we telewideniýe (wideobloglar bilen bilelikde), ýerine ýetirijilik sungaty: tans, teatr, aýdym-saz, konsert çäreleri, festiwallar, edebiýat, neşirýat işi, binagärlik, şäherçilik, dizaýnyň ähli görnüşleri: grafikadan başlap, amaly, predmet, senagat dizaýnyna çenli, moda (eşik dizaýny), marketing we mahabat, hünär we amaly-haşam sungaty, antika we sungat bazary, it we programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, multimedia (kompýuter we wideo oýunlary).
Belli bir dilde döretmek diňe bir gury, asmanda gaýyp ýören döredijilik bolman, eýsem adamlaryň täze döreýän meselelerine çözgüt tapmaga kömek edýär, gönümel özüniň çözgüt hökmünde hyzmat edýän ýagdaýlary hem bolup bilýär.
Häzirki wagtda türkmen dilinde döredýänler haýsy ugurlardan kämilleşip bilerler? (ýa-da özüm üçin bellikler):
- Türkmen dilinde döredýänler düşündirmek ukybyny has hem kämilleşdirmeli. “Storytelling”tehnikalaryny ulanyp, esasy maksatlarynyň nämedigini, nähili meseläni çözýändiklerini gürrüň bermek başarnyklaryny ösdürmeli. Türkmen medeniýetine we sungatyna seredeniňde bir meseläni gürrüň bermegiň dürli usullaryna görmek bolýar; dessançylyk olaryň diňe biri. Olara düşünmek üçin bolsa dili öwrenmeli.
- Türkmen diline doly erk etmegi başarmaly. Sebäbi bir meseläni ýa-da düşünjäni belli bir dilde iň kämil we düşnükli ýagdaýda beýan etmek üçin şol dile erk etmeli bolýar. Bu diňe bir diliň grammatikasyny bilmek däl-de, eýsem şol dili medeniýeti we sungaty bilen öwrenmegi, şol dilde gürleşýän adamlaryň özara gatnaşyklaryndaky aýratynlaryklary öwrenmegi öz içine alýar.
- Sadalyk we düşnükli bolmagynyň üstünde işlemeli. Elbetde, islendik döredijilik işini sadalaşdyrmak kyn. Sada dizaýn etmegem kyn, sada dilde eser ýazmagam. Esasy maksat aýdylmak islenilýän beýanyň okyja ýa-da diňleýjä düşnükli bolmagyny gazanmaly. Eger döredijilik işi öz niýetlenen auditoriýasyna düşnükli bolmasa, ana, şonda asmanda gaýyp ýören döredijilik bolýar.
“Okyjy, diňleýji hökmünde biz näme edip bileris?” diýýän bolsaňyz onda has köp okamakdan, türkmen dilinde döredýänlere goldaw başlap bilersiňiz. Mundan daşary, öz halap yzarlaýan Türkmenistanda hereket brendlere, kompaniýalara, döredijilere we guramalara olara baradaky maglumatlary türkmen dilinde almak isleýändigiňizi beýan edip bilersiňiz. Elbetde, muny umumyadamzat derejesinde kabul edilen birek-birege goýulýan sylag-hormatyň çäginden çykman beýan etmek iň gowusy. Sebäbi isleg bolmasa üpjünçilik hem bolmaýar; bäbegem ýöne ýere aglanok.
Diller şol dili gürleýän jemgyýetiň taryhy we medeni gymmatlyklaryny, jemgyýetiň umumy hatyrasyny/ýadyny özünde jemleýär. Jemgyýetiň geçen ýoly dil bilen beýan edilýär, dil arkaly ýazga geçirilýär. Taryhyň gelejek nesillere nähili gürrüň beriljegi diliň üsti bilen kesgitlenilýär. Şonuň üçinem, her diliň özüne mahsus duýgusy, ýüki we gymmaty bar. Bir dili beýlekiden üstün ýa-da pes hasaplamak şol dili gürleýän jemgyýeti beýleki jemgyýetden üstün ýa-da pes hasaplamak bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa häzirki zaman dünýäniň gymmatlyklaryna ters gelýän ýagdaý. Islendik adamyň ýa-da döredijlik işgäriniň aragatnaşyk üçin özüne iň oňaýly dili saýlamaga haky bardyr. Ýöne, şeýle ýagdaýda aragatnaşyk prosesiniň amala aşyp aşmaýandygyna üns bermelidir. Sebäbi birinji mesele aragatnaşygyň ýola goýulmagydyr; “ynsan soraşa-soraşa” diýipdirler.
Batyr Berdiýew, redaktor