Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pikirler adam bolmaga iterýär...

2 minut alar

     Okuwçylaryma temadan daşary Magtymgulynyñ goşgularyny ýatladýan. Ine bir gün birnäçe okuwçy goşgy aýdanynda sakynyp, ýalñyşyp aýtdylar. Okuwçylaryñ arasynda goşgyny labyzly aýtmagy başarýan biri bardy. Onsoñ şol birden synpdaşlaryna gahary gelip öz pikirlerini aýtdy. "Mugallym, Magtymgulynyñ goşgularyny beýdip aýtjak bolsalar aýtdyrmaly-la. Beýik şahyrymyz bar yhlasyny siñdirip, gör nähili ajaýyp goşgulary ýazypdyr. Biz bolsa dogry-dürs aýtmagam başaramzok. Magtymgulynyñ nebir ajaýyp goşgularyny bulap otyrys". Okuwçynyñ aydany bir tarapdan gaty dogrudy. Ýöne şol ýerde okuwça şeyle jogap berdim: " Her kim öz aýdyp bilşiçe aýdýar, gowy aýdyp bilmeýär diýip goşgyny ýatlamaga bermeseñ, Magtymgulynyñ goşgularyndan umuman habarsyz galar. Şuwagt azajygam bolsa birzatlar öwrenýär" diýdim. Okuwçynyñ aýdany hem aslynda gaty dogrudy. Magtymgulynyñ  goşgularyny öwrenip,ýatdan labyzly aýdyp bilmeyän bolsak, biz nädip özümize türkmen ýa-da Türkmenistanyñ raýaty diýip ýörüs. Bu pikirim bilen ylalaşmaýan ýok bolsa gerek ýa bar bolsa-da ýok diýer derejede az bolsa gerek.
    Indi şu meseläni oýlanyp başga zady pikir etdim. Magtymgulynyñ bize bagyş eden goşgularyny gowy edip öwrenip bilmeýäris diyip käýinýän bolsak, Allatagalanyñ bize bagyş eden zatlaryny akyl, el, dil, göz... umuman öz mümkinçiliklerimizi dogry-dürs ulanyp bilmeýän bolsak ýa-da bu dünýä eserini okap bilmeýän bolsak, biz nädip özümize adam diýip ýörüs?!
Özümiz adam edilip ýaradylan bolsagam, iñ köp unudýan zadymyz adam bolup ýaşamak.
    Pikirler adam bolmaga iterýär, yöne näme üçindir hakykaty pikirlenmekden gaçýarys. Işi bahana edip, eklenji alada edip öz berjaý etmeli zatlarymyza wagt tapylmaýar diýen bahana duwlanýarys. Aslynda eklenç üçin rysgaly berýäni, asyl iş bilen üpjün edyäni unudýarys.
  Allajan ählimizi bahanaçylardan, adamçylyk borçlarymyzy berjaý etmekde agsaýanlardan eýlemän, hakykat bilen ýaşaýanlardan eýlesin.

29 |