Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Programmist

Pikirim arzuwa, arzuwym hem çyna öwrüldi...

2 minut alar

Sagat 6:50-den geçipdi, irdenki cardioma başlanyma ýarym sagatdan gowurak wagt geçendir welin kellämdäki bir pikir şekil alyp, beýnimde has köp ýer tutup başlady. Bir pikir diýýärin sebäbi ýöriş edýän wagtlarymda kellämden müňlerçe pikir geçýär we olaryň arasyndan gulaga has hoş ýakýan birje pikiri saýlap alyp , ony timarlap, üstünde pikirlenip, elden geçirýän, we in soňunda-da ol pikirime nädip jan berip biljegimi pikirlenmäge başlaýaryn. Şul bir sözlemde aýdyp geçen prosesslarymyň hemmesi ortaça bir hepde ýaly wagt alýar, we dogrymy aýdaýyn: bir hepdäniň sonuňda ýüze çykaran pikirim köplenç ya manysyz ya-da bolup bilmejek zat bolup çykýar, we beýnim tarapyndan durmuşymdaky başaryp bilmedik zatlarym atly bir arhiw otagynda özüni tapýar. Ýöne bu hepdeki beynimiň gaýratlary netijesinde bolup bilme ähtimaly has ýokary bir düşünje alawyny hasda har bilen ýakmaga başlady: blog ýazmak. Elbetde bu hem aňsat zat däldi, emma özümiň hem islegimiň bardygyny aňyp bildim, we bu bir hepdelik gaýratyň miwesi ýuwaş ýuwaş bir arzuwa öwrulip başlady. Köp adam pikir edip biler, munda arzuw ediljek näme bar diýip, dogrumy aýtsam özüm hem doly bilemok, emma esasy sebäpleriň biri meniň pikirimçe mundaky kynçylyk bolup biler. Dogry öýünde internet bolan herbir adam şu günlerde arkaýyn birnäçe sany blog ýazyp, ozüni blogger diyip hasap edip biler. Emma köp zatda boluşy ýaly, bu iş hem bir özüçe sungat, ýagny manyly tema tapyp şol tema barada gyzykly we düşnükli bir makala ýazmak prosessi interneda özünçe birzatlar ýazmakdan ybarat däl. Ýöne ýaňy hem belläp geçişim yaly, bu pikir eýýäm kellämdäki arzuw eleginden geçip durmuşdaky arzuwlarymyň arasynda özüne bir ýer tapypdy. We eger-de siz şu makalany okaýan bolsaňyz bu arzuwa jan bermekdäki ýa-da has aňsat dilde bu arzuwymy ýerine ýetirmekdäki ilkinji ädimimi ätdim diymekdir. 

Blog ýazýan temalarym köplenç cardio wagtlarynda etýän pikirlerim, okan kitaplarymdaky düşüdirişler, we öz tejribe etýän zatlarym bolar. Indiki hepdäniň temasy hem : endikleriň adamyň durmuşyna, planlaryna we başarnygyna nädip effekt edýänligi temaly bir ýazgy bolar. Vladimir Salnikovyň Ýüzmekde dünýä çempiony bolmagyna ýa-da Amerikaly bir zenanyň dyrnagyny dişläp goparmak häsiýetini taşlamagyna (biraz uýtgeşik emma dogry) sebäp bolan endiklerdir, we  bu temanyň makalasyndan hem çykaran wagtym habardar bolmak üçin yzarlamagy unutmaň :) .

54 |