Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jurnalist

Penjire

1 minut alar

 Daňdanyň ümüş-tamşynda gapymyz kakylýar. Aýalym: «Gapy kakylýar» diýip meni turuzýar. Gapyny açsam, eli radsiýaly «işgärleriň» biri. Maňa: «Aýnaňyzyň biri çalaja açyk galypdyr, ýapaýyň» diýýär. Näme üçin ýapmalydygyny sorap oturmagyň hajatynyň ýoklugyny, soraýanyňda-da esasy maglumatyň gizlenip diňeje «Çäre bar» diýlip oňulýandygyny bilenim üçin, «Bolýar» diýip göwünli-göwünsiz gapyny ýapýaryn. Uly ýoluň ugrundaky penjireleri birlaý gözden geçirýärin. Göräýmäge, bary ýapyk ýalydy. Ýöne, dogrudanam, ýaňky peläketiň aýdyşy ýaly, bir penjirämiz doly ýapylman sähelçe açyk galypdyr. 
 Öz-özüm geň galýaryn. Penjirämiň sähelçe açyk galanyny ýaňky «gözegçiler» aşakdan nädip göräýdilerkä?! Diýmek, göresiň gelse görüp bolýar eken. Esasy ulynyň ýylda bary-ýogy birki ýola gelýän welaýatymyzda nuh eýýamyndan galan binamyzyň lagym turbalarydyr ýaşaýyş üpjünçiligi bilen bagly beýleki zatlarynyň hiç biriniň «görülmeýän» ýerinde gijäniň gözedürtme garaňkylygynda haýsydyr bir penjiräniň sähelçejik açyk galyşynyň görülmegi gör nähili täsinlik?! Wiý, ýogsa-da, esasy ulynyň ýylda birki gezek hümmetli gadamynyň düşýän uçurlary köçelerimiziň ýuwlup, binalarymyzyň hem diňe daşynyň aklanýandygyny aýtmasak naýynsaplyk etdigimiz bolaýmasyn?!  

36 |