Palaw barada gysgaça maglumat
1 minut alar
Halkymyzyň arasynda palawy köp ýyllar mundan ozal Lukman Hekim oýlap tapypdyr diýen gürrüň bar. Lukman Hekim bu nahara "Palaw aş" diýip at beripdir. Onuň her bir harpy palawa goşulýan önümleriň atlaryny aňladýar. Geliň, bu harplar bilen gysgaça tanyş bolalyň:
P-"pyýaz" sogan
A-"aýez" käşir
L-"lahm" et
O-"oliýa" ýag
W-"wet" duz
A-"ab" suw
Ş-"şaly" tüwi
Bu sözler şol döwürde ulanylýan şiwe sözlerdir. Ibn Sina palawy derman hökmünde döredip, bedeninde çiş dörän Buhara hökümdaryny bejeripdir. Elbetde, palaw köp derdiň dermany hasaplanýar.
Il arasynda "hepde bir gezek balyk we palaw iýýän adamyň ýanyna dert gelmez" diýen aýtgy hem bar. Goý öýleriňizde gazanlar atarylyp, buglanyp dursyn!
Çeşme:türkmengazet