Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Özüm özüm däl

2 minut alar

Şeýtan belli bir nokatdan soň adama "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok." diýdirenok, "Ol eşekde ýüküm bolaýanynda-da göti başyndan aşyr gitsin." diýdirýär. 

Bu nokada gelmek bir tarapdan erbedem däl. Maňa näme eziýet çekip, özümi harlamak? Dünýäň keýpini gör-de(asly görde bolmaly) ýaşaber! Keýpsiz ýerlerine-de ýum gözüňi! Şular ýaly hezil edip ýaşap bolsady. Türkmen pahyryň "Nätjek, özüňkidä." sözi bu pikirleriň öňündäki iň uly päsgelçilikleriň biri. "Özüňki bolaýanynda-da ... " diýdirýär şeýtan.

Özüňi "Sen eliňden geleni edýäň/etdiň, soňky zatlar indi saňa degişli däl." diýip köşeşdirjek bolýaň, beýläňden birem "Saňa degişli, eliňden gelen/gelýän bar zat bujagazja däl ahyry. Özüňi ýitirýänem bolsaň sen muňa borçly." diýýär.

Gowy ýenjilip, soňky deminde barmajyklaryny gyrmyldadyp, tomaşaçylara umyt berýän baş gahryman ýaly çalaja hereketlenjek bolýaň. O barmana-da bir ses "Öz islegi bilen zyýana girýäne merhemet edilmez." diýýär. Şeýtanyň sagdan ýakynlaşýar diýilýänimikä şu? Näme gör bolsa-da, umyt etmek peýdasyz bolup, baş gahryman şotaýjykda janyny hem berip bilýär.

Çydamaly! Nesip bolsa çydaryn! Belki özüm bolup, belki özümi ýitirip, ýöne hökman çydaryn! Hem bir goşgyda şeýle diýýärdi;

"...Çydam etseň bolýar sähelçe salym-

 Çydam etseň, ýitirýänçäň huşuňy."

Ana, sähelçe salym çydasaň bolýar diýýär. Men bu goşga ynanýaryn. Başymyza näme gelen bolsa ynamsyzlykdan geldi. Ynanar ýalam däl ýöne.

Şeýtan belli bir nokatdan soň adama "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok." diýdirenok, "Ol eşekde ýüküm bolaýanynda-da göti başyndan aşyr gitsin." diýdirýär.

Özüme, ýöne haýsy özüme bilemok. Haýsyna bolsa-da ýene-de özüme kiçijek sowgat;

"...

Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,

Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.

Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,

Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.

 ..."

93 |