Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ozan dili çuň bolar

5 minut alar

                      “Ozan dili çuň bolar”

Türkmen halky hakynda çekilen suratlara syn edip görýäňizmi? Olaryň köpüsinde diýen ýaly bir eli dutarly bagşa duşmak mümkin. Tutuş bir halky bagşynyň keşbinde janlandyrmak üçin, azyndan, şol halkyň saz – söhbetiň ölemen muşdagy bolmagy zerurdyr. Meşhur grek akyldary Aristotel: “Sazy eşidýän wagtynda hyjuwlar öz – özünden lezzet alýar” diýip belleýär. Içki duýgyňy, niýet – päliňi aýdym – sazyň üsti bilen beýan etmek şol halkyň suhangöýlüginden, zehinliliginden nyşan. Sebäbi sazyň “diline” her kim düşünip bilmeýär, sazyň göwne teselli beriji tebigatyny her kim duýup bilmeýär. Geçmişde patyşadyr soltanlar öz köşklerinde “ýörite bagşy” saklapdyrlar hem-de meýlis guranlarynda, bagşy aýtdyryp, saz çaldyrypdyrlar. Beýtmek bilen patyşadyr soltanlar hem-ä ruhy lezzet alypdyrlar, “gözellige galtaşypdyrlar”, hemem halkyň öňünde özlerini saz – söhbetden habarly medeniýetli adam hökmünde görkezipdirler. Sebäbi sazyň ylymdygy, sazdan habarly adamyň ylymly adamdygy baradaky pikir gaty gadymy döwürlerden gelýän ekeni. Şa gyzlary bolsa durmuşa çykjak ýigidiniň öňünde goýan üç şertiniň birini saz çalmak bilen baglanyşdyrypdyrlar. Aýdymdyr sazlar birek – birek bilen pikir alyşmagyň, öz arzy – halyňy beýan etmegiň medeniýetli görnüşine öwrülipdir. Eger aşyk ýigidiň golunda sazy bar bolsa, han gyzy gaharyny ýylgyrşa çalşyp bilipdir. Hut aýdym – sazyň üsti bilen magşuk gyzyň ýüregini eýelemegi başaran ýigitlere halk döredijiligi eserlerinde ýygy – ýygydan duşmak mümkin. Hatda, günemasyndan nägile garyp halkyň öz arzy – şikaýatyny aýdymdyr sazyň üsti bilen beýan edip, patyşanyň artykmaç gazabyndan gutulan gezeklerem bolupdyr. “Dile gelen sözler köňül nagşydyr” diýen pähime eýerip, halkyň hal – ahwalyny habar berijiler hökmünde bagşylar orta çykypdyrlar. (Seret. Mahmyt Gaýyby, “Gelende bardyr” goşgusynyň döreýiş taryhy) Birinjiden, bagşy –sazandalar ýönekeý halkyň arasynda gezip ýören, ýönekeý halka gowy düşünýän adamlar bolsa, ikinjiden, saz bilen sözüňi düşündirmegiň diplomatik usulyny beýlekilerden gowy bilýän adamlar hökmünde şeýleräk “ýüki” boýunlaryna alypdyrlar. Şeýlelikde, parahatçylykly – diplomatik usulda gepleşik geçirmek işi bagşydyr sazandalaryň paýyna düşüpdir. Bu barada Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda ýazyjy N. Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti we şol powest esasynda surata düşürilen adybir çeper filminiň üsti bilen hem agzalýar. Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň  geçmişde örän suhangöý, dilewar, saz – söhbete gadyr goýan halk bolandygyny nygtap: “Her gezek “Şükür bagşy” eseri bilen gaýtadan tanyş bolanyňda, Zemine gözellik çaýýan milli medeniýetimiziň çuňňur kökleri dogrusynda oýlanýaryn. Külli ynsanyň parahatçylyk hakyndaky pikirleriniň bir türkmen ýazyjysynyň o diýen uly bolmadyk eserinde ýerleşmegi meni haýran galdyrýar” diýip belleýär. Eseriň gymmatlygy Şükür bagşynyň ýesir düşen doganyny uruşdyr weýrançylygyň üsti bilen däl-de, sazyň üsti bilen halas etmäge gidişi baradaky pikirde jemlenipdir. Şükür bagşy – öz halkynyň perzendi, öz döwrüniň ogly. Eger-de halkyň özi şeýle pikirde bolmadyk bolsa, sazy öňdenem parahatçylygyň guraly hökmünde ulanmadyk bolsa, onda Şükür bagşynyň saz bilen “söweşe” gitmäge gujury ýetermidi?! Her bir taryhy şahsyýeti halk döredýär ahbetin, her bir taryhy şahsyýet halkynyň milli pikirlerini dowam etdiriji adam hökmünde çykyş edýär ahbetin. Diýmek, Şükür bagşynyň saz bilen “söweşe” gitmegi – bu halkyň öňden gelýän parahatçylykly meýilleriniň amala aşmasy diýip bolar. Şonuň üçin şular ýaly sýužetli eserleri has gadymdan – halk döredijiligimizden hem tapmak mümkin. Milli mirasymyz bolan “Gorkut ata” eposynyň “Owşan goja ogly Segregiň boýuny beýan eder” boýunda “Şükür bagşy” powestiniň sýužetine ýakyn waka hakynda gürrüň berilýär. Owşan gojanyň iki sany ogly bolup, olaryň biriniň ady Egrek bolsa, beýlekisiniň ady Segrek. Günleriň bir güni Egrek hem Şükür bagşynyň agasy ýaly çapawulçylyga gidende, duşmanlara ýesir düşýär. Şükür bagşynyň özi ýaly Segregiňem bu zatlardan habary ýok. Agasynyň bendilikde ýatandygy baradaky habary Şükür bagşy gelnejesiniň gyjalatly sözlerinden aňlamaly bolan bolsa, eposyň gahrymany Segrek bu habary bir gyjalat beriji adamdan eşitmeli bolýar. Eposyň ar almak bilen bagly ähli boýuna görä, baş gahrymana kimdir biri gyjyt berýär. Bu ösüşi şeýleräk görnüşde atlandyrmak mümkin:

1)   Bihabar baş gahryman

2)   Gyjalatçy

3)   Baş gahrymanyň ar almaga höweslenmegi

Eposyň şu zeýilli kompozision ösüşine biz beýleki bir eposymyz bolan “Göroglynyň” “Ar alyş” şahasynda-da duş gelýäris. Doganynyň duşman ýurdunda ýatandygyna göz ýetiren Segrek hiç bir töwella bakmazdan, doganyny halas etmegi ýüregine düwýär. Ony bu niýetinden dändirmek üçin öýerýärler, ýöne “aýagynyň duşalmagam” garaşylan netijäni bermeýär. Duşmanlar Segregiň garşysyna dogany Egregi orta çykarýarlar. Başa – baş söweşe girmeli, jan alyp – jan bermeli iki gardaş entek özleriniň bir garynda ýatan, bir gandan emele gelen dogandyklaryny bilenok. Eposyň şu epizody, diýseň – diýmeseň, Firdöwsiniň “Şanama” eposynyň “Rüstem we Suhrab hakynda hekaýat” diýen bölümini ýadyňa salýar. Şol bölekde Rüstem öz ogluny tanaman, göreşe girýär. Göreşde öz oglundan üstün çykyp, ony ölüm halyna getirýär. Begendirýän ýeri, “Gorkut ata” eposynda bular ýaly pajygaly waka amala aşmanka, iki dogan birek – biregi tanap ýetişýär.  Egregiň elindäki dutary birek – biregi tanamaga bolan islegiň döremegine getirýär. Egrek elindäki dutaryň kömegi bilen Segrekden kimdigini, haýsy niýet bilen gelendigini soraýar. Eger-de, “Şükür bagşy” powestinde halas etmäge giden doganyň elinde dutary bolan bolsa, onda “Gorkut ata” eposynda halas edilmeli doganyň elinde dutary bar. Ýöne bu tapawutlylyk sazyň ýaraşdyryjy güýjüni birjigem kemeltmeýär. Sazyň düşünişmäge iterýän, göwünleri köşeşdirýän güýji iki eserde-de üýtgewsizligine galýar. Şol pursat Egregiň elinde dutary däl-de, gylyjy bolan bolsa, onda waka başgaça gutarardy. Munuň şeýledigine Segregiň sözlerini okaýan wagtyň hasam aýdyň göz ýetirýärsiň. Ol: “Dädem Gorkudyň sazynyň hormatyna seni çapmadym. Eger eliňde sazyň bolmasaýdy, agam başy üçin seni iki para kylardym!” - diýýär-de, özüniň kimdigini aýdýar. Eposyň bu bölegini tolgunman okamak mümkin däl:

Ala daňdan ýerimden turdugym gardaş üçin,

Ak boz aty bozlatmyşam gardaş üçin,

Galaňyzda tussag barmydyr, kapyr, diýgil maňa,

Gara başym gurban olsun, kapyr, saňa! – diýip, Egrekden soraýar. Netijede, iki dogan birek – biregi tanap, guçuşýarlar, görüşýärler, duşmana tarap at salýarlar, gylyç ýöredýärler. Şo pursatda doganlaryň bagtyýar bolmagyna, biri – birine gowuşmagyna kömek eden dutara, saza bolan söýgiň hasam goşalanýar. Sazyň, hakykatdanam, hiç bir ýaragyň ýerini tutup bilmejek güýje eýedigine ynanýarsyň. Bu bolsa öz gezeginde Hormatly Prezidentimiziň: “Ajaýyp sazyň syry, megerem, onuň ynsan pikiriniň köp öwüşginliligini özünde jemläp bilýänligindedir. Şol pikir bolsa, heňde suhangöýlükden artyk bolmasa, kem bolmaýan kuwwatly täsir ediji güýje öwrülýär. Şeýle bolansoň, biziň ata – babalarymyzyň saza ynandyryjy terbiýe serişdesi hökmünde garamagynda geň görer ýaly zat ýok. Olar kakuw hem-de sazlaşyk ýürege has çuň ornaşýar diýip hasap edipdirler” diýen sözlerini tassyklaýar.

 

                                                              Bägül ATAÝEWA

31 |
|