Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Bamsy Birek

23 minut alar

“Gorkut ata” eposynyň “Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýunyň” sýužet köpdürlüligi hakynda

 Türkmen halkynyň milli hazynasy bolan “Gorkut ata” eposy özüniň dürli sýužetlere baýdygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Başga şular ýaly baý sýužetli eserlere gabat gelmek dünýäniň beýleki folklor eserlerinde-de örän seýrek duş gelýän hadysa. Bu babatda eposyň “Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýy” wakalaryň derrew üýtgeýändigi, dinamikligi, çeperçiligi, kompozision gurluşy babatda görnükli orun tutýar. Onuň  sýužetler ulgamyny turuwbaşdan iki sany biri – biri bilen ugurdaş, ýöne  etniki mahsuslygy taýdan tapawutlanýan liniýalar boýunça yzarlamak ýerlikli bolardy; birinjiden, wakalaryň bir topary gündogar folklaryna mahsus sýužetler esasynda emele gelen bolsa, ikinjiden, wakalaryň belli bir  topary günbatar folkloryna mahsus wakalardan düzülen. Eposyň bu boýy beýleki boýlara mahsus bolşy ýaly, oguz begzadalarynyň tipiki ýygnanşygyndan başlaýar. Her bir döwlet gurluşynyň we şol döwleti dolandyrýan gatlagyň dereje ierarhiýasynyň bardygy bize mälim. “Gorkut ata” eposynda hem hanlaryň, begleriň dolandyrýan jemgyýetinde näderejedäki orny eýeleýändigi olaryň ýurt serdaryna, baştutanlary – Baýandyr hana (bellik: diňe şu boýa degişli) ýakyn oturyşlaryndan belli. Begler hana näçe ýakyn durýan bolsalar, şol olaryň jemgyýetdäki eýeleýän ornunyň derejesini görkezipdir. Hanyň ähli ýumşuny bitirýänem, diýenini getirýänem, “keşigini” çekişýänem ýene şolar bolupdyr. Şeýlelikde, Baýandyr hanyň sag ýanynda Gazanyň ogly Oraz ( hanyň sag goly hasaplanmak  bu – hana ýakyn durmakda birinjiligi aňladýar), sol ýanynda Kazylyk goja ogly Ýegenek dur. Elbetde, şol arzyly ýerlerde durmak her bir begiň arzuwy bolsa gerek. Şeýle bolansoň, Baý Bugra begiň bulary görüp, perzentsizlikden ah çekmeginiň aňyrsynda  - ile – güne ýarar ýaly, hanyň gullugynda gezip, ýurdy dolandyrar ýaly perzendiniň ýoklugyndan zeýrenmeginiň manysy diňe bir maşgalanyň çygryndan çykyp, tutuş oguz ili, iň bolmanda, bir oguz tiresi ýaly möçberdäki meseläni öz içine alýar. Perzentsizlikden zeýrenmek, megerem, diňe asyl manydaky tragediýadan – şahsy betbagtçylykdan ybarat bolman, göçme manydaky – ile – güne ýarar ýaly, perzendiň ýoklugyndan zeýrenmek bilen manydaş bolup biler. Oguzlaryň köp edebi çeşmelerinde, şol sanda dessanlarymyzda, perzentsizlikden zeýrenmek hadysasy bar we ol soňky döwrüň edebiýaty üçin tradision hadysa – däbe öwrülip gidipdir. Biziň perzentsizlikden zeýrenmek hadysasynyň aňyrsynda göçme manydaky hereketiň ýatandygyny nygtamagymyzyň sebäbi hem şondan gelip çykýar. Patyşadyr begler şeýle etmek bilen ýurdy dolandyrar ýaly, menikli çaganyň dünýä inmegini, şol “arzyly adamyň” öz ojaklaryndan döremegini hudaýdan diläpdirler. Hemme eserlerde diýen ýaly, bu dileg “köpüň dilegi köl bolar” nakylynyň mazmunyna eýerip hasyl bolupdyr. Oguzlarda bitmeýän işi alkyş alyp bitirmek ynanjynyň yslam dininiň täsiri bilen utgaşyklydygy güýçli duýulýar. Eposyň beýleki boýlarynda – da (“Derse han ogly Bugaç han boýy”) perzendi bolmaýan ene – ata ýalaňaja don geýdirip, aja nan iýdirip, “alkyş bilen är gögärini” edip, perzentli bolýar. Eposda atalaryň dünýä inmeli ogul bilen gyz perzentlerini öňünden adagly edip goýmak däbi hem edil ýokardaky bölek ýaly tas ähli dessanlarymyza mahsus ýagdaýdyr. Baý Bugra beg bilen Baý Begjan begiň şeýle ylalaşyga gelmekleri dessanlarymyzda köplenç patyşa bilen weziriň ogul – gyzlaryny biri – birine adaglamak dessurynda gaýtalanýar. Ine, şu ýerde-de sýužetleriň göçme häsiýeti ap-aýdyň ýüze çykýar. Sýužet bu – (fr. Sujet – predmet) edebiýatda hereketiň ösüşi, kyssa we drama, kähalatda liriki eserlerde-de wakalaryň gidişi, beýan edilişi[1] bolup, ol diňe eseriň içinde galyp, halk köpçüliginiň durmuşynda orun almadyk görnüşde ýa-da diňe eseriň içinde galman, halkyň durmuşyna mäkäm ornaşyp, aýrylmaz bölegine öwrülip giden görnüşde ýaşap bilýär. Halkyň edim – gylymyna, hüý – häsiýetine ornaşmadyk sýužetleriň “ýatlygynyň” sebäbini onuň köplenç söwdagärleriň, bagşydyr aýdyjylaryň tagallasy netijesinde başga medeniýetli halklardan geçendigi bilen düşündirmek ýerlikli bolardy. Söwdagärleriň daşary ýurtdan haryt getirip, haryt alyp gitmek däbi şol döwürlerde ýörgünli ekeni. Olar Baý Bugra begiň ogly üçin (oguzlar tä gahrymançylyk görkezýänçä, ogla at dakmandyrlar) bir deňiz gulany boz aýgyr, bir tözli gaty ýaý, alty perli gürzi sowgat alýarlar. Sowgatlaryň düzüminiň urşujy esgere gerek – ýaraklardan ybarat zatlardan düzülmegi şol döwre mahsus harby – syýasy ýagdaýlaryň çylşyrymly bolandygy üçindir.

  Baý Bugra begiň oglunyň ýigit çykmagy bilen boýuň täze sýužet liniýasy emele gelýär. Biz olary aýry – aýrylykda seljermegi we iň soňunda bir ýumaga seplemegi makul bildik.

 

 

1)   Boýuň at almak bilen bagly sýužet liniýasy

Ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, “ol zamanda bir oglan baş kesmese, gan dökmese, oňa at dakylmazdy” Baý Bugra begiň oglunyň özüne at gazanyşy söwdagärler bilen bagly. Bilşimiz ýaly, Baý Bugra beg derejesi boýunça hanyň ýanyndan bärräkde oturýar. Beýle diýildigi, onuň derejeler basgançagynda gurply orta gatlaga degişli adam bolaýmagynyň ähtimallygyny aňladýar. Ýurtdan – ýurt aşyp, söwda edýän bezirgendir täjirleri hem şu gatlaga degişli edýärler. Şonuň üçinem Baý Bugra begiň oglunyň söwdagärleri goramakdaky bitiren hyzmaty bu onuň öz “gatlagyny” goramakdaky bitiren hyzmatydyr. Söwdagärleriň duşmanlaryň eline ýesir düşmegem, asla, eposyň tas hemme boýlarynda diýen ýaly duşmana ýesir düşmek barada agzalýan “gapyllyk” hadysasy bar. Bu hadysanyň mazmuny, umuman, iki basgançakdan – gahrymanyň şerap içip, mes bolmagyndan  we uklap galmagyndan ybarat. Boýda bu hadysanyň ikinji basgançagy söwdagärleriň gapyl galyp,  duşmanyň eline ýesir düşmegi arkaly beýan edilipdir. Soňraky wakalar – Bamsynyň bilmezden özüne niýetlenen sowgatlary soramagy, bezirgenleriň Bamsyny tanaman, onuň dilegini ýerine salyp bilmezligi, iň soňunda sowgat eltmeli beg oglunyň özlerini halas eden Bamsy bolup çykmagy örän täsirli, akgynly suratlandyrylypdyr. Boýuň şu täsirli epizodlarynda görnetin gündogar edebiýatynyň, aýratynam, arap edebiýatynyň söwda we başdan geçirmeler bilen bagly folklor eserleriniň täsiri duýulýar. Ýene-de şu ýerde soňlugy bilen arap edebiýatyndan eýran edebiýatyna geçen beýleki sýužet liniýalarynyň meňzeşligini, täsirini nygtaman geçmek bolmaz. Bamsy Biregiň at gazanyp, dädem Gorkutdan pata alyp, gelinlik gözleginde öz söýgüli ýaryna gowuşmagy bilen bagly wakalar, hakykatdanam, eýran mifologiýasyna ornaşyp giden parslaryň legendar (ady rowaýata öwrülen) şahsy Bähram Gur (Waraharan V) hakyndaky rowaýatlary biygtyýar ýadyňa salýar.

 

2)   Boýuň öý dikmek, maşgala gurmak bilen bagly sýužet liniýasy

Mälim bolşuna görä, sasanidler dinastiýasynyň meşhur patyşasy Bähram Gur aw awlamagy örän söýer ekeni. Onuň aw etmek sungatyndan oňat baş çykarýandygy hakynda, şeýle-de, Bähram Gur we keýik hekaýaty hakynda gündogaryň belli söz ussady Nyzamy Genjewide ajaýyp rowaýatlar ulgamy bar. Şol rowaýatlar ulgamy adyl patyşa bilen günäsiz raýatyň (eserde keýigiň obrazynda[2]) gatnaşygy hakyndaky sýužet liniýasyny kemala getiripdir. Bu sýužet özüniň çeperçilik täsirliligi bilen tapawutlanyp, derrew edebiýatda ornuny tapypdyr hem-de beýleki halklaryň edebiýatyna çenli ýaýrapdyr. Bu bölekde ilki bilen gök çaýyrly ýerde dikilen çadyrlaryň reňki ünsüňi çekýär. Çadyrlaryň hemmesiniň gök reňkde bolup, diňe şolaryň arasyndaky bir çadyryň gyzyl reňkde bolmagy tötänlik däl bolsa gerek. Gyzyl reňk (has anygy, gülgüne reňk) we gök reňk bilen bagly däp – dessurlar öz gözbaşyny örän gadymdan – otparazlyk döwründen alyp gaýdýar. Orta asyrlarda we soňraky 18-19-njy asyrlarda gyzyl hem-de gök reňkli lentajyklary jynsyna görä, şeýle-de, jemgyýetde eýeleýän derejesine görä dakynmak däbi ýoň bolupdyr. Soňabaka bu iki reňkiň ulanylyş aýratynlygy medeni däp – dessurlar derejesine çenli ösüp ýetipdir. “Gorkut ata” eposynda şeýle reňkleriň tapawutlandyrylmagy bu edebi ýadygärligi döreden halkyň ösen medeniýetden habarlydygyny aňladýar. Bamsy Biregiň Banu Çeçege özüni tanatmak üçin edýän hereketlerine kybapdaş wakalar tas ähli türkmen dessanlarynda diýen ýaly gabat gelýär. Şol folklor eserlerine laýyklykda, gahryman ýigit aşyklygynyň näderejede çyndygyny subut etmek üçin öz gujur – gaýratyny, ähli ukybyny görkezmeli bolýar. Bardy-geldi, söýgüli gyzy munuň bilen hem kanagatlanmasa, onda bize öňden mälim üç şert boýunça güýç synanyşýarlar. Olar, adatça, at çapyşmakdan, ok atyşmakdan we akyl ukybyňy (köplenç aýdym – sazyň üsti bilen) görkezmekden ybaratdyr. Ýokarky bölekde üçünji şertiň bolmazlygy şol döwrüň syýasy – harby ýagdaýy bilen, harby jemgyýet gurluşy bilen bagly bolmagy ähtimal. Ýeri gelende, soňlugy bilen günbatar edebiýatyna goşulyşan bu üç şertiň gündogar edebiýatyna has irki döwürlerden bäri mahsusdygyny ýatlatmak isleýäris. Ýokarda, üç şertiň düzümi bilen bagly bölekde  boýdaky wakalaryň syýasy – harby ýagdaý bilen baglanyşykly wakalaryň beýanydygyny aýdypdyk. Mydama atyň üstünde bolup, “atlan-ha atlan-da” söweşe çykmaly oguzlar üçin harby tilsimleri bilmek zerur bolupdyr. Özem bu zerurlygyň, hatda, zenanlar babatda-da sowa geçmändigi örän gyzykly ýagdaýdyr. Harby tilsimlerden, tälimlerden baş çykarmak ýeterlik akyl – paýhasy talap edýär. Söweşde ugurtapyjy, batyr esger bolmak üçin diňe fiziki taýýarlyk zerur bolman, eýsem, akyl taýýarlygy hem gerekdir. Şeýle bolansoň, oguz ýigitleri söweşip bilmek ukybyny sungat derejesinde görüp, şulardan baş çykarýan zenanam özlerine ýar saýlamak isläpdirler. Maşgalanyň kiçijek döwletdigini göz öňünde tutup, öý – ojagy dolandyrmaga diňe şeýle ukyply zenanlary mynsayp görüpdirler. Onsoň Bamsy Biregiň kakasynyň kimiň gyzyna gudaçylyga gitmelidigini soraýan wagtynda, onuň: “...maňa şeýle bir gyz alyp ber, men ýerimden turmankam, ol tursun; men atyma münmänkäm, ol atlansyn, men ýagynyň üstüne barmankam, ol maňa baş getirsin” diýmegine geň galyp oturasy iş ýok. (eposyň beýleki boýlarynda-da şu ýagdaý gaýtalanýar, seret: “Gaňly goja ogly Hantöreli boýy”. “Gorkut ata” eposy, “Türkmenistan”, Aşgabat., 1990., 105 sah) Gelinligiň harby tilsimlerden baş çykaryp bilmeginiň onuň artykmaçlygy hökmünde görülmegi dünýäniň beýleki halk döredijiligi eserlerinde-de bar.  Meselem, grek folklorynyň gahrymany Geraklyň aýaly Deýanirýa urşujylygy bilen belli bolupdyr. “Gadymy Eddanyň” gahrymançylykly aýdymlarynda Walkiriýalaryň (urşujy zenanlaryň umumy ady) söweşde özlerini batyr hem garadangaýtmaz zenanlar hökmünde tanadanlygy barada köp rowaýatlar düzülipdir. Öz gezeginde bu ýagdaý halk döredijiligi eserleriniň çäk taýdan çäklenmändigini, olaryň göçme ýagdaýda ýaşandygyny we elmydama ösüşde bolandygyny tassyklaýar. Eposlaryň sýužetiniň ýygy – ýygydan üýtgäp durýandygy hem şu ýagdaý sebäplidir. Sýužetler eposyň ösüşiniň irki etaplarynda wagtlaýyn gurlup, diňe bir we esasy sýužet liniýasy bolan eserler soň ýüze çykypdyr.[3]

 Bamsy Birek hakyndaky boýunyň öý dikmek, ýar saýlamak  bilen bagly bölegini zynjyr yzgiderliliginde dowam etdirsek, ýigit bilen gyzyň birek – biregi halap, birek – birege göwün berenlerinden soň, gudaçylyk gatnaşyklaryna nobat ýetýär. Galyberse, häzirki günlerde-de türkmenleriň öý dikmek, ýar saýlamak gatnaşyklarynyň şu tertipde dowam edýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bu halkymyzyň öz däp – dessurlaryna uly sarpa goýýanlygyndan nyşan. Türkmenleriň däbine görä bolsa, gudaçylyga obanyň ýa-da maşgalanyň iň hormat goýýan ýaşululary iberilýär. Oguzlar döwründe tutuş obanyň özi bir maşgala hasap edilensoň, gudaçylyga gitmegi obanyň dili dogaly kethudasy Gorkut ata ynanýarlar. Köp halklaryň folklor eserlerinde gözel gyzlaryň garadangaýtmaz, batyr erkek doganlarynyň bolýandygy, olaryňam gyzy hiç kime rowa görmän, edil hazynany goraýan sakçy deýin uýalarynyň goragynda gezýändigi baradaky sýužetler duşýar. Şol döwürlerde zenanlar jemgyýetiň iň goragly hem-de arzyly bölegi bolupdyrlar. San taýdan azdygy sebäpli hem, çagalykdan göreldeli edim – gylymlary, edep – terbiýäni özünde jemleýändigi sebäpli hem, geljekde öý düzmeli, nesil ýetişdirmeli ynsandygy sebäpli hem zenanlara goýulýan sarpa dabaralylygy taýdan tapawutlanypdyr. Zenanyň özüni alyp barşy bilen şol maşgalanyň il içindäki at – abraýy kesgitlenipdir. Bu örän inçeden yzarlanylýan ýagdaý bolansoň, türkmen zenanynyň egnine düşýän jogapkärçiligi häzirki günlerde-de köpleri haýran galdyryp gelýär. Boýuň bu bölegindäki Gorkut atanyň gudaçylyga gidişi bilen bagly sýužet “gudaçylyk diplomatiýasynyň” gadymy nusgalarynyň naýbaşysydyr. Häzirki zaman gudaçylyk gatnaşyklarynda-da şu diplomatiýanyň täsiri görnetin duýulýar. Onda gyza gudaçylyga barýan tarapyň sypaýylygy, salyhatlylygy, boýun egijilik häsiýeti bar. “Ýitigimizi gözläp geldik”, “Size dileg salmaga geldik” ýaly sypaýy jümleler bilen habaryňy aýtmagyň irki nusgasy hökmünde Gorkut atanyň sözlerini mysal alalyň:

   Garşy ýatan gara dagyňy aşmaga geldim

   Akgynly, görkli suwuňy içmäge geldim,

   Giň etegiňe, goltugyňa gysylmaga geldim,

   Taňrynyň buýrugy bilen, pygamberiň kowly bile aýdan ary, günden görkli gyz doganyň Banu Çeçegi Bamsy Birege dilemäge geldim! – diýdi. (sah.68) Eýsem, gudaçylyk diplomatiýasynyň irki etabyna degişli gyz soramak däbini Gorkut atadan gowy aýdyp bolarmy?! Däli Garçaryň şu sözlere ganynyň gaýnap, dyzmaç häsiýetiniň ýüze çykyşy bilen boýuň kompozisiýa öwüşginliligi berkäp, garşylyk has aýdyň, gyzykly görnüşe geçýär. Türkmenlerde “Dälini taýak düzeder” diýen aýtgy bar. Muňa köplenç göni manyda düşünýändiklerine, primitiw didaktik nukdaýnazardan çemeleşýändiklerinne seretmezden, onuň many aňladyş çägi giňdir. Sufizmde dili dogaly şahslaryň söz bilen gargap, söz bilen ýalkap bilýändikleri , eger olar söz bilen gargasa, onda gargyş edilýän adama hakyky taýak degen ýaly täsir edip bilýändigi baradaky maglumatlar wagtyň geçmegi bilen rowaýat, nakyl görnüşinde edebiýatda orun alypdyr. Adama iň gowy täsir etmek – bu söz bilen täsir etmek dälmi näme?! Şeýle bolansoň, Gorkut atanyň garşysyna galan Däli Garçaryň eliniň howada doňup galandygy sebäpli, uýasyny gelinlik bermäge razylyk bermegi garaşylýan ýagdaýdyr. Bölekden görnüşi ýaly, pähimdar Gorkut atanyň sözi “taýagyň” güýjünde bolup, Däli Garçara oňat akyl sapagyny berýär. Ol aýal doganynyň galyňyna birgiden mal soraýar. “Malym – halym”, “Malym bar – baýlygym bar” diýýän türkmen halkynyň çarwaçylyk durmuşyndaky barlylyk eýelik edýän sürüleriniň möçberi bilen kesgitlenipdir. Şonuň üçinem galyň hökmünde mal soralypdyr. Häzirki günlerde jemgyýetçilik – syýasy durmuşynyň özgermegi bilen galyň hökmünde soralýan zatlaryň sanawy artyp, oňa altyn – kümüş, mata – marlyk, hojalyga gerekli beýleki zatlar (gap-gaçlar) bilen baýlaşdy. Gudaçylyk diplomatiýasynyň ýene bir mazmun babatda däl-de, görnüş babatda üýgtän bölegi hökmünde gudaçylyga gideniň iş bitirip – bitirmändigi hakynda soralýan ýerini alyp bileris. Eposda bu bölek “Oglanmysyň, gyzmysyň?” (sah.69) görnüşde soralýan bolsa, şu wagtky döwürde “gurtmusyň, tilki?” görnüşine geçip gitdi. Gudaçylygyň oňyn tamamlanmagy mynasybetli, şu bölegiň soňky wakalary gülkünç häsiýetde beýan edilipdir. Bu, megerem, “zähmetden soňky rähnet”, uzak kynçylykdan soňky dynçlygyň datly tagamy bolsa gerek . Däli Garçaryň dünýä malyny sorap, şolaryňam üstüne büre süresini goşmagynyň aňyrsynda yrsaramagyň, gülküli ýagdaýa salmak höwesiniň ysy gelip dur. Bu ýagdaýdanam ýene pähimdar Gorkut ata baş alyp çykýar. Ol Däli Garçary geregiçe ýepbekleýärem,oýun edýänine sypaýyçylykly ümleýärem. Boýuň şu gyzykly, öwredijilik häsiýetli epizody edebiýatda Ependi bilen baý adam baradaky şorta sözde öz mynasyp ornuny tapypdyr. Gorkut atanyň Bamsy Birek üçin Däli Garçardan gyz uýasyny gelinlik bermäge razylyk almagy “Görogly” eposyndaky Aşyk Aýdyň piriň Kerem üçin Harman däli bilen aýdyşyga girmegine analogik ýagdaýdyr. Aşyk Aýdyň piriň obrazynyň oguzlaryň ilkinji ozany Gorkut atanyň obrazy esasynda kemala gelendigi baradaky çaklamalar edebiýatda duş gelýär.[4]

  Gudaçylyk toý bilen tamamlanansoň, boýuň  indiki bölegine gelip ýetýäris.

 

Boýuň öý dikmek bilen bagly bölegi

“Oguz zamanynda bir ýigit öýlense, ok atardy, oky nirä düşse, şol ýerde gerdek dikerdiler” diýen ýekeje sözlem oguzlaryň öý dikmek däbini suratlandyrýar. Oguzlar – taryhda söweşjeň taýpadyr tireleriň jemliginden gelip çykýar. Oguzlaryň taryhyň dürli döwürlerinde dah, massaget, sak, skif, parf, eftalit ýaly taýpalara bölnendigi barada maglumatlar bar. Şu taýpalaryň oguzlardandygy, oguzlaryňam nesilleriniň häzirki türkmenlerdigi taryhçylar tarapyndan eýýäm subut edilen hakykat. Biziň pikirimizçe, hemişe söweş ýagdaýynda bolan jemgyýetiň söweş elementlerini öz içine alýan däp – dessurlary bolmaly. Oguzlaryň ok atmak arkaly öý dikjek ýerlerini saýlamaklary biziň ýokardaky pikirimizi tassyklaýar. Jemgyýet haýsy ýagdaýda – uruş ýa-da parahatçylyk ýagdaýynda – ýaşaýan bolsa, ol şo jemgyýetiň edim – gylymyna, däp –dessuryna, hüý – häsiýetine görnetin täsirini ýetirýär. Ol şeýdip öz ruhuna kybap gelýän adamlar köpçüligini sistemalaşdyrýar (ulgamlaşdyrýar, bir ulgama düzýär) Oguzlaryň ok atyp, öý dikmek däbiniň saklanyp galan taýpalarynyň bar bolaýmagy ähtimal. Ýa asyl görnüşinde, ýa-da biraz üýtgän görnüşde bu däbiň ady agzalan taýpalarda häzirki günlerde-de dowam edýän bolmagy mümkin. Islendik däp – dessuryň tarp ýerden döremeýşi ýaly, ol öz gözbaş alan çeşmesinde passiw (işjeň däl) häsiýetde ýaşap biler. Däp – dessurlaryň geljekde ýaşap – ýaşamazlyk mümkinçiligini şol dessuryň eýeleri bolan jemgyýetiň medeni – syýasy durmuşy kesgitleýändir.

 Boýuň soňky wakalary oguzlaryň toýa taýýarlyk görüşleri bilen bagly. Şol döwürlerde-de öýlenýän ýigidiň ýanynda naýybynyň (şaýadynyň) bolýandygy barada agzapdyk. (Seret, “Zenan kalby” žurnaly, 2018-nji ýylyň maý aýy. “Bagtly günümiň şaýady” makala)

Umuman, oguzlaryň toý däp – dessurlarynyň köpüsi häzirki günlerde-de asyl görnüşinde ýerine ýetirilýär. Bamsy Biregiň şunça kynçylyklardan soň söýgüli ýary Banu Çeçege gowuşmak baradaky arzuwlary ýene amala aşmaýar. Ol öz kyrk ýigidi bilen iýip – içip otyrka, duşmanyň jansyzy bulary görüp, begine habar berýär. Eposyň tas ähli boýlarynda diýen ýaly baş gahrymanlar iýip – içip, mes bolup otyrkalar duşmandan bihabar galýarlar. Bu, megerem, hiç bir boýda öz originallygyny bozmaýan köp bolmadyk epizodlaryň biri bolsa gerek. Içgi bilen adamlaryň akyl – huşunyň gidýändigi otparazlaryň dini kitaby bolan “Awestada” haoma içýän ruhanylaryň mysalynda beýan edilipdir. Soň şu maglumat dürli çeperçilik görnüşlerinde janlanyp, edebiýatda birnäçe hekaýatdyr tymsallaryň döremegine sebäp bolupdyr. Ýöne ilkibada ol edebiýata “Zarina we Sparanges” ýaly eposlaryň, ýagny folkloryň (halk döredijiliginiň) üsti bilen aralaşypdyr. Ak çykaryp, gara geýmek bilen bagly ýas, matam ritual däbiniň hem aslynyň ýene otparazlyk döwrüne we olaryň dini kitaby “Awesta” barmagy mümkin. Sebäbi aklygyň ýagtylyk bilen, garanyň bolsa garaňkylyk bilen assosirleşýändigi mälimdir. Bu iki antiteza otparazlyk dininiň esasy iki garşylygyny – aklyk – haýryň, garaňkylyk – şeriň tebigatyny düzýär. Eposda “ Daň atdy. Gün dogdy. Biregiň atasy, enesi bakdylar, gördüler – gerdek görünmez. Ah tartyp, akyllary başyndan gitdi. Gerdek paralanyp, naýyp şehit bolup, olaryň ýurdunda gargalar gaýyşýarlar” diýen çeper beýan etmeden soň boýuň esasy sýužet liniýasy başlanýar.

 Bamsy Biregiň duşmanlara ýesir düşmegi sýužet liniýasy

Biregiň ýesir düşmegini beýan edýän ýokarky bölegiň juda täsirli çeperçilik tarapy bar. “Ýurdunda gargalar gaýyşmak” epizody günbatar medeniýetine doly siňip giden we häzirki günlerde-de öz işjeňligini ýitirmedik epizod diýse bolar. Ýöne munuň gündogar edebiýatyna mahsus ýagdaý däldigi haýran galdyrýar. Şeýle bolsa, onda nädip “Gorkut ata” eposynda bu epizod ýygy – ýygydan duş gelýärkä? Bu epizodyň köki nireden gaýdýar? Ol haýsy ynanç bilen bagly? Näme sebäpli öňki we soňky gündogar edebiýatynda (aýry – aýry garga bilen bagly satirik tymsallarda bolaýmasa) asla duş gelmeýär diýen ýaly? Bu soraglara jogap bermek gezegi öňde.

 Şeýlelikde, Bamsy Birek gapyl galyp, duşmanlara ýesir düşdi. Onuň ýakynlary ak çykaryp, gara geýdiler. Söýgüli ýary Banu Çeçegiň dilinden matam ritual sanawaçlaryň iň täsirlisi aýdyldy. Sanawajyň örän gussaly äheňlidigine, asla bolup geçýän ahwalatyň gynançlydygyna seretmezden, oguzlaryň bu ýagdaýa öwrenşiklidigi, beletdigi duýulýar. Duşmana ýesir düşmek hadysasy häzirki zaman adamsynyň göz öňüne getirşinden has çylşyrymly ýagdaýdygyny, ýagny “başgaça” ýagdaýdygyny belläp geçmelidiris. Şol “başgaça” ýagdaý diýýänimiziň düzümine

a)   Duşmany öwrenmek

b)   Her ýurduň awuny öz tazysy bilen awlamak

c)   Dostuňy ýakyn tut, ýöne duşmanyňy has ýakyn – diýen ýaly jümleleriň manysy girýär. Şol sebäpden, ýagny duşmany “içden görmek” zerurlygynyň bardygy üçin ýurduň gaýduwsyz ogullary kä meýletin, käte alaçsyz beýleki bir ýurduň içine düşüpdirler. Haýsysy bolaýanda-da, oguz ýigitleri öz maksatlaryndan dänmändirler. “Duşmana ýesir düşmek” hadysasynyň soňky dessanlarda-da, esasanam, harby – sosial dessanlarda köp duş gelýändigini göz öňünde tutup, onuň harby gahrymançylyk temasyndaky folklor eserine örän mahsus ýagdaýdygyny açyk aýtmak mümkin. Ýesirlige düşen Birek doganlary tarapyndan Müsüre gul hökmünde satylan Ýusup deý habarsyz ýitýär. Boýda ikiýüzli doganlaryň ornunda Ýalançy ogly Ýalynjaň çykyş edýär. Ol edil Ýusubyň doganlarynyň edişi ýaly, kaftany gana batyryp, Baýandyr hanyň öňüne getirip taşlaýar. Eger meşhur gündogar sýužetine degişli bu bölekde doganlary Ýusuby böriniň iýendigi barada kakalary Ýakuba ýalan sözleseler, eposda Ýalançy ogly Ýalynjaň gana boýalan kaftany duşmanlaryň taşlap gidendigi barada habar berýär. Nusgawy türkmen şahyry Nurmuhammet Andalybyň “Ýusup – Züleýha” dessanynda Ýakubyň ogly Ýusuby ysyndan tanandygy barada A. Şyhnepesowyň “Ýakup kör bolup, görmekden galanda, güli – Ýusuby ysyndan tanaýar” diýen setirleri tassyklaýar.[5] Eposda tanamak nobatyny Baýandyr han Bamsy Biregiň gelinligi Banu Çeçege berýär. Sözümiziň şu ýerinde ys arkaly adamy tanap bolýandygyny, bu barada tutuş bir ylmyň bardygyny nygtasymyz gelýär. Şoňa laýyklykda, ys arkaly wakalary dikeldip bolýandygy hakynda birnäçe tejribeler geçirildi. Adamyň ysynda onuň özi baradaky maglumatlar saklanýar. Adam näçe ylymly boldugyça, şonça ysyň tebigatyny anyk kesgitläp bilýär. Ysyň emele gelmek hadysasy tutuş bir yzgiderli ulgam bolmak bilen örän indiwidaul häsiýete eýedir. Ýokarky böleklerde biz oguz zenanynyň urşujy zenana mahsus keşbinde ylmylygyň, bilimliligiň, dünýä akyl ýetirmek ukybynyň bardygyny ýaňzydypdyk. Bu babatda Banu Çeçegiň obrazy nusgalyk hökmünde goýulmaga mynasyp. Ol öz söýgüli ýarynyň kaftanyny tanap, ony indi dünýäde ýokdur öýdüp, edil söýgüli oglundan aýrylan Ýakup ýaly dert çekýär. Bir sýužet liniýasynda atanyň ogluna bolan söýgüsi, beýlekisinde gyzyň oglana bolan söýgüsiniň beýany deňeşdirilýändigi üçin munuň görer göze nädogry bolup görünmegem ähtimal, ýöne bu görer göze şeýle. Bu ýerde esasy üns berilmeli ýagdaý – bu iki sýužet liniýasynda-da söýýäninden jyda düşen adamlaryň ahwalydyr.

“Gorkut ata” eposy ynsan ruhuny belende göterýän miras. Onda kynçylygyň gara bulutlaryndan aňyrda bagtyýarlygyň ýagty şöhleleri görünýär. Wakalaryň derrew dartgynlaşyp, derrew gowşaýandygy okyjyny biparh goýmaýar. Geljege bolan ynam eposyň süňňünden syzylýar. Ine, şular ýaly dartgynly pursatda-da, ýagny Banu Çeçegiň ýalançy ogly Ýalynjaňa adaglanyp, oguz begleriniň Bamsy Birekden tamasyny üzendigine seretmezden, täze bir ynam – bezirgenleriň keşbinde sahna gelýär. Olar yklym araýan, dünýäden habardar kişiler hökmünde Bamsy Birekden bir uç, derek tapmaly. Elbetde, bu ýerde Bamsy Biregi tapmagyň näme üçin hut bezirgenleriň paýyna düşendigi barada, söwda etmek medeniýetiniň taryhy, onuň oguzlaryň durmuşyndaky orny, hut söwdanyň dünýäniň syýasy ykdysady jemgyýetçiliginde birinjiligi eýeländigi, onuň döwletlere ýetiren täsiri barada köp zat aýdyp bolardy. Ýeri gelende, bezirgenleriň türkmen dessanlarynda ýygy – ýygydan duş gelýän, özem habarsyz, gapyl gahryman üçin dünýäniň syryny açyjy adam hökmünde çykyş edýändigini nygtasymyz gelýär. (Seret. “Hüýrlükga – Hemra” dessany) Bezirgenlerden öýüniň, ýarynyň habaryny alan Bamsy Birek örän tukatlanýar. Boýdaky wakalar şo ýerde garaşylmadyk öwrüm alýar. “Şol ýeriň beginiň bir gyzy bardy. Ol her gün Biregi görmäge gelerdi” (s.75) diýen sözlemden görnüşine görä, Biregiň ýesir düşen öýüniň gyzy oňa aşyk bolupdyr. Ýene-de şu ýerde bize öňden tanyş sýužet – “Ýusup – Züleýha” dessanyndaky wakalar göz öňümize gelýär. Şular ýaly “Bermud üçburçlygy” edebiýatyň ýygy-ýygydan ýüzlenýän, suratlandyrýan temalarynyň biridir. Aşyk, Magşuk, Rakyp konsepsiýasyndan ybarat bu üçburçlygyň iň köp üýtgeşmä sezewar edilýäni – üçünji  gahrymanyň – Rakybyň obrazydyr. Eger ol “Zöhre – Tahyr”, “Saýatly  Hemra”, “Ýusup – Züleýha” ýaly dessanlarda soňlugy bilen oňyn gahrymana öwrülip gidýän bolaýsa-da, onda hemişe jedel edere, ikirjiňlenere bir zat bar. Şol “bir zat”  awtoryň dilinden, eger folklor eseri bolaýsa, halkyň dilinden köplenç, Rakybyň öz ilinden däldigi, ýatdygy bilen düşündirilýär. Biziň pikirimizçe, Bamsy Biregiň han gyzyna, eger özüni gullukdan azat eýlese, oňa öýlenjekdigi baradaky wadany berip, soňundan bu wadanyň ýerine ýetirilip – ýetirilmändigi barada bir sözlemiňem bolmazlygy (wadanyň ýerine ýetmän galmagy) ýokardaky sebäbe görä, ýagny il – günüň ýat ýeriň han gyzyny kabul edip bilmeýändigi üçin bolsa gerek. Sýužetleriň göçme häsiýetiniň bardygyny ýaňzydypdyk. Olar, esasan, kitapda ýaşaýan tekstler bolansoň, düýpleýin üýtgeşmä sezewar bolmaýarlar diýen ýaly. Aşyk, Magşuk, Rakyp konsepsiýasy ýewropa edebiýatynda-da, aýratynam, 18-19-njy asyrlar ýewropa edebiýatynda rowaçlyk tapdy. Şol döwrüň belli söz ussatlary (A.S.Puşkin, M.Ý.Lermontow) şu tema ýüzlenip, ölmez – ýitmez eserlerini döretdiler.

  Boýuň milli medeni etaplary barada

Bamsy Biregiň ýesirlikden boşap, atyna ýüzlenmegi bilen boýuň ikinji bölegi – milli medeni bölegi başlaýar. Bu bölek özüniň türkmene mahsus bolan alamatlarynyň (at, aýdym – saz, maşgala gatnaşyklary) yzgiderlilikde beýan edilýändigi bilen tapawutlanýar

  At diýmezden saňa gardaş diýerem,

  Gardaşymdan ýeg – diýen sözlemi kimdir birini ýatladanokmy? Ynha, biziň milli kolorit hökmünde has nygatamak isleýän zatlarymyzyň biri şu goşgy bentlerinden aýan bolýar. Türkmen ýigidiniň bedewine bolan söýgüsi, megerem, milli kolorit hökmünde görkeziljek epizodlaryň iň täsirlisidir. Haýsydyr bir etniki zady, wakany, ýagdaýy milli derejede görkezmek her kimiň başaraýjak işi däldir. Sebäbi Millilik – medeniýetiň esasyny, özenini düzýär. “Köki bolmasa, şahasy ýok” diýişleri ýaly, her bir uzak ýaşamak isleýän zat ýa-da hadysa(fenomen), ýagdaý (dünýä döräp, adamzadyň iň uly ymtylyşy – ýaşamak diýen nukdaýnazar boýunça) milli bolanda, özüne şeýle mümkinçiligi gazanyp bilýär. “At başyny ýokar tutdy, bir gulagyny galdyryp, Birege garşy geldi” (s.76) diýen milli koloritli epizod täsirlilik babatda ondan kem oturmaýan beýleki bir milli koloritli epizod bilen ýerini çalyşýar. “Birek oguz iliniň çetinden geldi. Gördi kim, bir ozan gidip barýar” (şol ýerde) Bölekden görnüşi ýaly, Birege ilkinji duşan adam iliniň ozany – bagşysy, aýdymçy şahyry. Umuman, ozanlaryň köptaraply zehini bolup, onuň içine ýagşy arzuwdyr dilegleri etmegem, doga – dilegden başy çykmagam, aýdym aýdyp, saz çalmagam, gerek ýerinde maslahat berip, kethudalyk etmegem giripdir. Gorkut atanyň  oguz ilinde ilkinji ozan bolandygy barada köp çeşmelerde aýdylýar.[6] Ozanyň paýyna şeýle köp funksiýanyň düşmegi beýleki halklaryň folklorynda-da uly orun tapypdyr. Olaryň iň esasy başarnygy hökmünde aýdym aýtmaklyk ukybyny agzasa bolar. Bamsy Biregiň hem ozanyň deregine aýdym aýtmak höwesi bar. Ol şeýdip adaglysy Banu Çeçegiň Ýalançy ogly Ýalynjaň bilen tutýan toýuna gizlin aralaşmakçy bolýar. Toýa gizlin aralaşmagyň iň gowy ýoly bolsa ozan bolup aralaşmak, sebäbi ozanlar ilden – ile aýlanyp ýören adamlar bolansoň, olaryň kimdigini aňsat tanap bolmaýar. Umuman, bu köpçülik üçin wajybam däl, olaryň bar maksady aýdym diňläp, lezzet almak. Şol sebäpli Bamsy Birek ilki bilen ozana meňzär ýaly, ondan saz guraly – gopuzyny soraýar. Gopuz barada:

 “Gadymy şadessanyň gahrymany Gorkut ata saz guralyny ýanyndan aýyrmaýar. Şadessanda ýygy – ýygydan şeýle sözlere duş gelmek bolýar: “Dädem Gorkut geldi, gopuz çaldy. Gümmür – gümmür nagralar uruldy, altyn tuç bary çalyndy” Rowaýata görä, ilkinji gopuzy, sazyň hem sazandalaryň piri Baba Gammar bolsa ilkinji dutary döredipdir. Şadessanda agzalýan gopuz türkmenleriň kirişli – kemençeli saz guraly bolan gyjagynyň gadymy görnüşidir” diýip, Hormatly Prezidentimiziň kitabynda ýatlanylýar[7] Şeýlelikde, Bamsy Birek ozan hökmünde toýa baryp, aýdym aýtmakçy. Köp halklaryň folkloryna siňen bu epizod täsirliligi babatda hiç döwrem öz işjeňligini ýitirmändir. Ol “Şasenem – Garyp” ýaly dessanlarda soň – soňlaram gaýtalanypdyr. Munuň sebäbi aýdymyň üsti bilen öz içki dünýäňi açyp, ýüregiňde näme bar bolsa aýdyp bilýändigiň üçin bolsa gerek. Aýdymlar baş gahrymanyň ruhy dünýäsini açmakda wajyp orny eýeleýärler. Aýdymlaryň döreýşiniň dini häsiýetli tekstler bilen baglydygy baradaky maglumatlara köp awtorlarda duşmak bolýar. Aýdymlaryň äheňi ilkibaşda ybadathana gullukçylarynyň, dini hadymlaryň hudaýa dürli hili haýyşdyr arzuw bilen ýüzlenmeginden döräp, soňundan başga temalara (söýgi, sosial) bagyşlanypdyr. Aýdymlar diňe tema babatda üýtgemän, ýüzlenýän obýekti boýunça-da ýütgäpdir. Şular ýaly kanunalaýyklyk gadymy hindi mifologiýasynda hem duş gelýär. Şol mife görä, angiraslar diýlip atlandyrylýan ýarym hudaý topar bolup, olar ajaýyp aýdym aýtmagy başarýandygy taýdan tapawutlanypdyr. Aýdymyň kömegi bilen olara gözleýän zadyny tapmak başardypdyr.[8] Aýdymlaryň mazmunynyň dini häsiýetde bolandygy üçin olar hudaýa mynajat etmekden, ýalbarmakdan düzülipdir. Ýokarda nygtaýşymyz ýaly, Bamsy Birek toýa baryp, öz içki duýgularyny beýan etmäge taýýarlyk görýär. Ol toýa barmazdan öň uýasy bilen, öýlerine gelip, aýal dogany bilen, toýda-da birnäçe zenanlar bilen aýdyşyk aýdýar. Şu aýdyşyklaryň teksti aýratyn bir makala üçin gürrüň. Ýöne bizi iň gyzyklandyrýan ýeri, hindi halkynyň käbir taýpalarynda häzirem ozan bilen (toýuň bagşysy) durmuşa çykýan gyzyň aýdyşyk aýdýanlygydyr. Özem bu aýdyşyk eposdaky ýaly, zenanlar köpçüligi tarapyndan ýerine ýetirilýär. Hatda, kähalatda durmuşa çykýan gyzyň ýerinden turup tans oýnaýmak edähädem bar. Mümkin, şonuň üçin eposda Bamsy Birek durmuşa çykýan gyzdan tans etmegi soraýandyr. Öňem nygtaýşymyz ýaly, folklor eserler üçin çäk diýen zat bolmaýar. Munuň şeýledigini Bamsy Biregiň ozan hökmünde toýa baryp, toýdakylar bilen ýaý atyşmakda güýjüni synap görmegi bilen bagly epizodda hem aýdyň duýýarys. Özbek, gazak, garagalpak, başgyrt, tatar halklarynda gahryman pälwan hökmünde tanalýan Alpamyş baradaky rowaýat “Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýuna” meňzeşligi taýdan haýran galdyrýar. Eger bölekme bölek beýan etsek:

A) Edil Bamsy Birek ýaly,  ene- atasy dili dogaly ozandan pata alansoň, dünýä inýär

B) Çagalykdan gözel Barçyn bilen adagly

C) Ýedi ýyl duşman elinde ýesirlikde bolýar

D) Ýesirlikden boşap gelende, söýgülisini başga biriniň gelin edip almak üçin tutýan toýuna gabat gelýär

E)   Toýda hiç kimiň çekibilmedik ýaýyny çekýär

F)  Kimdigi tanalandan soň, ähli duşmanlaryny ýeňip, ýene öňki derejesini gaýdyp alýar (Görkezilen kitapda sah.62)

Ýokardakylardan görnüşi ýaly, Alpamyş bilen Bamsy Biregiň meňzeşligi köp. Eger käbir tire- taýpa bilen bagly wakalary hasap etmeseň, şol bir sýužet ýordumy esasynda döredilendigi açyk görünýär. Sýužetleriň epizod meňzeşligem, tutuş sýužet meňzişligem bolup bilýžr. Halklar näçe ýakyn boldugyça, olaryň folklor eserleriniň sýužet ýordumam biri- birine ýakyn bolýar, daş boldugyça sýužetler kem – kemden üýtgeşmä sezewar bolup, diňe epizod taýdan ýakynlyk galýar. Meselem, ýaýy diňe şol ýaýyň eýesiniň çekip bilmegi, şeýdip, baş gahrymanyň tanalmagy bilen baglanyşykly epizod Gomeriň “Odisseýa” poemasynda hem beýan edilýär. Bamsy Biregiň duşman tarapyndan ýesir tutulyp, onuň öldi habarynyň getirilişi gündogarda Ýusup baradaky rowaýatlar siklinden bir pursat diýipdik. Boýuň soňunda Bamsy Biregiň diri habaryny buşlap, onuň ýaglygyny atasyna getirip berenlerinde, atasynyň edil Ýusubyň atasy Ýakup ýaly ýaglygy gözüne sürtenden gözleriniň açylmagy şol pursaty dowam edýär, gaýtalaýar. Boýuň soňunda eposyň ilkinji nobatda harby – gahrymançylyk temada döredilen eserdigini ýatladýan ýaly, Bamsy Biregiň duşmanlardan ar alyp, söýgüli ýaryna gowşup, toý etmegi bilen bagly wakalar öz beýanyny tapypdyr. 

 Biz şu makalanyň dowamynda sýužetleriň nireden nädip biziň folklorymyza ornaşandygy baradaky soraglara ýüzlenmän, ilkinji nobatda, boýuň nähili sýužetler bilen beýan edilendigi baradaky soraga jogap tapmaga synanyşdyk. Boýuň medeni etaplary hakynda-da, sýužetleriň boýa ornaşyş prosesi hakynda-da entek agzalmaly zat kän.

Umuman, “Gorkut ata” eposy ýokary çeperçilik kompozisiýasy bilen, sagdyn we düşnükli sýužet ýordumy bilen diňe biziň halkymyzyň däl, tutuş dünýäniň medeni hazynasy diýmäge mynasyp eposdyr. 

 

                                                      Bägül ATAÝEWA


 


[1] Seret: “Большая Советская энциклопедия”. – Москва., изд-во “Советская энциклопедия”. 1972. Стр. 438

[2] Bellik awtoryňky

[3] Большая Советская энциклопедия. – Москва., изд-во “Сов.энцикл”., 1972. Стр. 438

[4] Seret: Мифы народов мира. – Москва., Советская энциклопедия., 1987. Стр.146

[5] Aman Şyhnepesow. Nurmuhammet Andalyp. TDN., -Aşgabat, 2011 (sah.127)

[6] Seret: Мифы народов мира., - Москва. “Сов.энцикл”. 1987., стр.146

[7] Gurbanguly Berdimuhamedow. Ile döwlet geler bolsa. – Aşgabat., TDN. 2015.sah.18

[8] Мифы народов мира. – Москва. “Сов.энцикл”., 1987., стр.78

57 |
|