Jurnalist
Owaz
2 minut alar
Nireden bir ýerden dutaryň owazy eşidilýär. Aşakgy ýa-da ýokarky goňşulardan gelýän bolmaly. Geň galaýmaly, olaryň ikisinde-de dutar diňlejek ýaşda adam ýok. Gulagym meni aldamaýan bolmasa, ol, hakykatdanam, dutaryň owazy bolmaly. Özem hamana uzak-uzak geçmişden ýaňlanýan ýaly şeýle çalajan eşidilýär. Dutaryň sazyna düşünişim ýabygorly hem bolsa, men ony hiç haçan özüme keseki zat ýaly duýmadym. Gaýtam, şu ömrüme ony mydama meniň barlygyma dahylly bir zat ýaly duýup gezdim. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbini, megerem, ýene çagalygymdan gözlemelidirin. Her gün ir bilen aşhanamyzyň radioasyndan dutaryň sazy ýaňlanýan bolsa, bu biziň hemmämiz üçin ejemiň ir turup, ertirlik taýýarlap ýörenligini aňladardy. Ejem irden turup, aşhana girdigi ilki bilen radiony açardy. (O wagtlar radiolar üçin öýlere aýratyn sim çekilýärmikä öýdýärin, sebäbi radiomyz telefonyň simi ýaly üýtgeşik bir sima çatylgydy) Ir bilen penjireden zolak-zolak bolup düşýän günüň ilkinji şöhlesiniň ýüzümizi emaý bilen sypamagy, üstesine radiodan goýberilýän dutaryň sazynyň hem gulagymyza çalaja eşidilip başlamagy biziň üçin ýene bir täze günüň başlanýandygyny aňladýardy. Şonuň üçin häli-häzirem onuň owazy meni täze başlangyçlara ruhlandyrýar, «entek ýaşaýyş dowam edýär, her gün täze başlangyç başlanýar» diýýär. Onsoň, menem ýene-de öňkije ezilen, basgylanan umytlarymyň elinden tutup, olar galdyrýaryn-da: «Ras, dutaryň owazy gelip durmy, onda entek umyt bar» diýýärin. Özümiň näme üçin muňa yrym edýänime welin, entegem düşünip bilemok.