İşçi
Ortanja Ot hem ýok…
2 minut alar
Adam dünýä nirede, nähili maşgalada ýa-da şol maşgalanyň içinde näçinji bolup doguljagyny bilenok. Ol diňe dogulýar we täze durmuşa başlaýar. Daş töweregine seredýär, syn edýär, öwrenýär…
Ene ata üçin çagalarynyň hemmesi deň ýaly bolsa-da aslynda deň däl. Meselem maşgalanyň ilkinji çagasy olarda täze täze duýgylar döredýär. Ene ata şol birinji çaganyň üsti bilen her gün öwrenýär, tejribe edinýär.
Maşgalanyň ikinji çagasy (ortanjy çaga diýeli)doglan wagty welin ene ata indi kän aljyranok. Sebäbi indi olarda tejribe bar. Çaga gerekli maddy enjamlar hem bar. Ikinji çaga üçin çykdaýjy etmek kän bir möhüm däl diýen ýaly.
Üçünji (iň kiçi diýip alaly) çaga dünýä inende ene ata has tejribeli. Orta ýaşlarda we durmuşlarynyň öňki bölümlerine garanyňda maddy we ruhy tarapdan gurplyrak. Köp zat ýola goýulan ýaly.
Meselem men Türkmen bir maşgalanyň ortanjy çagasy. Meniň maşgaladaky ýerim edil orta arada. Ne öňde ne yzda, ne bir zadym köp ne bir zadym az. Doganym bilen jigim urşan wagtlary men arada galýan we olary ýaraşdyrmak maňa galýar. Olaryň ikisi hem öz diýenli. Doganlarymyň arasyndaky deňagramlylyk deňdir men diýip bilerin!
Şeýdip şeýdip wagt geçýär. Doganlarym belli bir häsiýetleri bilen tanalýar. Biri gödek beýlekisi gysganç. A meni bolsa belli bir häsiýete eýe diýip taryplap bolanok. Sebäbi men hemme zatdan az az,özüme gerejigik ýerlerini alypdyryn. Hakyma kaýyl bolupdyryn.
Belki men az zadyma kanagat edip köp zatdan yza galan bolaýmaýyn?! Bir tarapym “Mümkin” diýýär, beýleki tarapym “Ýokla, kelläňe beýle pikirler getirme!” diýýär.
Indi her kim öýlenen bolsa jaýly gürrüňi açaýsak nädýär? Ulyjamyzy ilkinji çaga bolany üçin elimizdäkileri üýşürip rysgyny aýyryp göçürdik. Kiçimize kiçi bolanlygy sebäpli öý awtomatiçeskiý onuň adyna geçmeli. Maňa gezek haçan gelerkä? Belki maňa hijem gezek gelen däldir? Hany bu dünýä gezekli çemçe däldimi? …