Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Obrazlaşan edebi gahrymanlar

6 minut alar

Edebiýat mugallymlaryna kömek                           

                                   Durmuşymyzdaky edebi gahrymanlar

                           ( ýa-da obrazlaşan edebi atlar hakynda)

Edebiýat – ähli döwürlerde-de adamy we adam gatnaşyklaryny suratlandyrýan edebi çeper hadysa bolupdyr. Ýazyjylar döredýän obrazlarynyň halkyň durmuşyna täsir etjekdigine gowy düşünipdirler we döwrüniň ruhuny duýýan ogullary hökmünde şol obrazyň üsti bilen ýazgarýan ýa-da goldaýan taraplaryny açmaga synanşypdyrlar. Elbetde, hemme ýazyjynyň maksady ýerine düşüpdir diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolardy, ýöne ýerine düşenleriň içinden aşakdaky käbir edebiýat gahrymanlaryny siziň dykgatyňyza hödürleýäris. Bular adamzada iň tanyş edebi gahrymanlar bolmak bilen her birinde ynsan häsiýetiniň aýratynlygy ajaýyp derejede suratlandyrylypdyr. Şeýle bolansoň, olar wagtyň synagyndan geçip, häzirki günlerde-de hiç bir ynsany biparh goýmaýar. Munuň sebäbine bolsa olaryň obrazy bilen ýakyndan tanşan wagtymyzda göz ýetirmek mümkin.

1)     Don Kihot – megerem, edebi gahrymanlaryň içinde iň tanalýany bolsa gerek. Beýik ispan ýazyjysy M. Serwantesiň galamyndan çykan bu personažyň üsti bilen ynsanperwer pikirler öňe sürlüpdir. Don Kihot rysarlar baradaky romanlary okap, akylyndan azaşsa-da, oňa “akmak” diýmäge hiç kimiň dili baranok. Sebäbi onuň gulluk edýän düşünjeleri mert bolmakdan, ejizlere howandarlyk etmekden, kemsidilenleriň arkasyny almakdan, hakykaty goldamakdan ybarat. Ýazyjy baş gahrymanynyň sag adam däldigini, jemgyýetde diňe öz bähbidine çapýanlaryň hormatlanylýandygy, diňe şolaryň ýol alýandygy bilen düşündiripdir, “Don Kihot bolsa tersine, ol beýlekiler barada özünden köp alada edýär” diýip belläpdir. Gözsüz batyrlyk edip, hakykatyň we adalatyň tarapynda durmak isleýän adamlary şu edebi gahrymanyň ady bilen atlandyrmak ýörgünli. Don Kihot – hiç zada seretmezden, öz ynsabyňa görä hereket etmegiň ajaýyp nusgasydyr.

2)     Hatam taý – VI asyryň ahyrlarynda VII asyryň başlarynda Ýemen welaýatynda ýaşap geçen bu şahsyýet baradaky rowaýatlar sanardan kän. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi Hatam taýyň taýsyz sahylygy bilen baglanyşdyrylýar. Rowaýatlara görä, ol hatda, öz kellesini sorap gelen pälwanam boş goýbermek islemändir. Musulman dünýäsinde, galyberse-de, beýleki halklaryň mifologiýasynda görnükli orun alan bu gahrymanyň üsti bilen kişiden zadyňy gysganmazlyk, dileg salany boş gaýtarmazlyk ýaly pikirler öňe sürlüpdir. Şeýle adyl hereketleri üçin Hatam taý musulman bolmasa-da, Alla tagala tarapyndan ýalkanypdyr. “ Ýagşydan at galar” diýlişi ýaly, Hatam taý dünýä zadynyň dünýäniň özünde galýandygy, diňe gazanan alkyşyň iki dünýä ýoldaşyňdygy baradaky pikiriň janly suratlandyrylmasydyr. Biziň günlerimizde sahy, elaçyk, jomart adamlara “ Hatam taý ýaly” diýýärler.

3)    Paris –  Gomeriň “Iliada” poemasynda Troýanyň şasy Priýamyň we Gekubanyň ogly hökmünde ady agzalýar. Rowaýatlara görä, bir gezek zenan hudaýlar: Gera, Afrodita, Afina “Kim iň owadan?” diýen jedelde Parisi ýerdäkileriň iň owadany hökmünde saýlapdyrlar. Troýanyň şazadasy şeýlebir görmegeý ekeni welin, hiç bir zenan onuň öňünde durubilmändir. Spartanyň şasy Menelaýyň aýaly ajaýyp Ýelena-da Parise aşyk bolupdyr. Parisiň Ýelenany ogurlap gaýtmagy bilen on iki ýyla çeken grek – troýan uruşlary başlanypdyr. Ýewropada görmegeý erkek adamlary Parisiň ady bilen atlandyransoňlar, “ edil Paris ýaly owadan” diýen meňzetme döräpdir. Ol käbir ýerlerde Gündogardaky Ýusup bilen hem deňeşdirilýär. “Iň owadan şäher”, “aşyk bolunýan şäher” hökmünde tanalýan Fransiýanyň paýtagt şäheri Parisiň adyny göterýär .

4)    Rüstem Zal – Firdöwsiniň “Şanama” poemasynyň epiki gahrymany Rüstem Zal baradaky aýtgylar türkmenleriň durmuşyna hem giňden ornaşandyr. Halkymyzyň arasynda batyr, edermen pälwanlary Rüstemiň ady bilen atlandyrypdyrlar. Bu ýöne ýerden däl. Rüstem Eýranyň we Owganystanyň aralygynda ýerleşýän Zabulistan diýen ýerde doglupdyr. Ol entek çagaka güýçli hem gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanypdyr. Bütin ömrüni halky we şasy üçin göreşlerde geçiren bu pälwany “ Ýeňilmezek Rüstem” diýip hormatlapdyrlar. Pälwanlaryň Rüstem Zala deňelmegi olar üçin iň gowy öwgi sözlerine öwrülip gidipdir.

5)    Alfons – Meşhur fransuz ýazyjysy Aleksandr Dýumanyň (ogly) 1875-nji ýylda ýazan “Jenap Alfons” romanynyň adybir gahrymany. Romanyň sýužetine laýyklykda, otuz üç ýaşly jenap Oktaw özünden üç ýaş uly aýala öýlenmek isleýär. Ol baý dul aýal hanym Gişaryň sowatsyzlygyndan peýdalanyp, her dürli ýollar bilen ynamyna girmegi başarýar. Özüniň öň öýlenendigini we birinji aýalyndan gyzynyň bardygyny gizleýär, haçan-da bu hakykatyň üsti açylanda bolsa, hanym Gişar Alfonsyň naýynjarlygyna ynanyp, gyzy Adriýannany öz terbiýeçiligine almak kararyna gelýär. Alfons hanym Gişaryň başyny-gözüni aýlap, baýlygynyň eýesi bolmagy baş maksady edip goýýar. Ýazyjy bu romanynda zenanlaryň ynanjaňlygyndan peýdalanyp, öz bähbidine çapýan mekir adamyň keşbini suratlandyrypdyr. Alfons – özi gazanmaga derek, zenanlaryň hasabyna ýaşap ýören mugthor erkek adamlar babatynda ulanylýan edebi personažyň ady.

6)    Don Žuan – Edebiýatda ýüzden gowrak Don Žuanyň obrazy işlenen. Kompozitorlar, ýazyjylar, suratkeşler zenan ýüregini erediji “hemişe juwan”, “hemişe özüne çekiji” bu ispaniýaly hakynda birnäçe ajaýyp eserleri döretdiler. Bu meşhur obrazyň prototipi aslynda ýalançy, saman astyndan suw goýberen, zorluga ýykgyn ediji Don Huan Tirso de Molinadyr. Elbetde, şo bir zady her kim özüçe işleýär. Olaryň içinden Baýronyň “Don Žuany” gözellige aşyk, gaýduwsyz adam hökmünde beýan edilse, Puşkiniň “Don Žuany” çeper sözi bilen aýallary melul edip ýören, işsiz şahandaz hakynda. Bu sanawy Lesýa Ukrainka, Mosart, Mopassan, Molýer, Glýuk ýaly ägirtler bilen uzaltmak mümkin. Ýöne olaryň baryny hem bir zat – zenan ýüreklerini eýeleýji Don Žuanyň keşbi umumylaşdyrýar. Don Žuan diýlende, aýallaryň arasynda uly üstünlikden peýdalanýan söz aýdyjy göz öňüne gelýär.

7)    Karun – Bibliýada Koreý ady bilen agzalýan baý adam. Onuň ady Gurhanda-da duşýar. (XXVIII, 76, XXIX, 38, Xb 25) Karunyň baýlygy şeýlebir kän ekeni welin, altyn saklaýan jaýynyň açarlarynam götermäge birnäçe adam gerek bolupdyr. Ol baýlygyň hudaý tarapyn berilýändigini inkär edip, “ Diňe özüm gazandym” diýip öwnüpdir. Şol sebäplem Musa pygamber bilen duşmançylykly gatnaşykda bolupdyr. Karunyň men-menligi Allanyň gaharyny getiripdir we günleriň birinde ony ähli baýlygy bilen ýer ýuwdupdyr. Bu şahsyýetiň ady türkmen halk döredijiliginde-de, nusgawy edebiýatda-da (Magtymguly) gözi gumdan dolsa-da, puldan doýmadyk adam hökmünde suratlandyrylypdyr. Karun ýere-göge sygmaýan baýlygyň eýesi bolsa-da, iň soňunda hiç zatsyz galan adamyň obrazydyr. Halk arasynda zadyny gysganyp, özüne we beýlekilere dözmeýän husytlary Karunyň ady bilen atlandyrmak ýoň bolup gidipdir. Ol sahylygyň obrazy bolan Hatam taýyň antitipi hökmünde edebiýatda orun alypdyr.

8)    Gobsek – Karunyň Ýewropa warianty diýsegem ýalňyşmarys. Meşhur fransuz ýazyjysy Onore de Balzagyň galamyna degişli bu obraz hem Karundan gysyklygy taýdan kän bir tapawut etmeýär. Gobsegiň şygary: “Dünýäniň eýesi – altyn, altynyň eýesi – süýthor”

9)    Tartýuf – bu edebi gahrymanyň ady dünýäniň ähli sungat adamlaryna tanyş bolsa gerek. Tartýuf diýlen wagtynda, Molýeri bir gezek okamadygam, sahnada görmedigem bolsaň, asylzadasyrap ýören ýaranjaň adamyň keşbi göz öňüne gelýär. Ýazyjy bu keşbiň üsti bilen din hadymlarynyň ikiýüzli häsiýetiniň üstünden gülüpdir. Jemgyýetde bar bolan beýleki nogsanlyklaryň janly suratlandyrylmasy bolan Tartýuf edebiýatda ýaranjaňlygyň janlandyrylmasy hökmünde şöhrat gazanypdyr. Molýerden öň şeýle hormata we şeýle el çarpyşmalara eýe bolmak  Fransiýada bir ýazyja-da başartmandyr. Belinskiý “ Tartýufçylar, kümüşsöýüjiler, ýalançylar, töhmetçiler...” barada gahar bilen ýazypdyr. Tartýuf – bu  hakyky ýüzüni gizläp, özüňi iň gowy taraplardan görkezmäge çalyşýan ýalançynyň obrazydyr.

Ýokarda ady agzalan edebi gahrymanlary bir sapaga (Konsepsiýa) düzüp, şeýleräk röwüşde suratlandyrmak mümkin: 1) ynsanperwer, 2) sahy, 3) görmegeý, 4) batyr,  5) özgäniň hasabyna ýaşaýan peýdakeş, 6) hemişe aşyk (heleýbaz), 7-8) husyt, 9) ikiýüzli, ýaranjaň. Görşümiz ýaly, şu edebi gahrymanlaryň her birinde ynsan häsiýetleriniň aýratynlyklary çeper beýan edilipdir, olaryň durmuşymyza aýtgy bolup girendigi we şu atlaryň tutulan ýagdaýynda biziň ýokardaky häsiýetleri göz öňüne getirýändigimiz ýazyjynyň ussatlygyndan habar berýär. Diýmek, şu obrazlar öz maksadyna ýetipdir diýmek bolar.

Bägül ATAÝEWA

11 |
|