Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Netije

8 minut alar

 NETIJE

 (hekaýa) 

Olaryň her biri ugurdaş ýoluň ýolagçylary ýaly bolup gelýärdi. Üç sany adam – bir komandir bilen iki sany esger – ýoluň soňunda bir nokada birikmeli ýodalar ýaly, kä üçburçlugy emele getirip, käte ugurdaş kesimlere meňzäp ýöreýärdiler. Olaryň hiç birinden ses çykmasa-da, daş – töweregini gurşap alan daglardan çykýardy. Nirededir bir ýerde hökman suwuň bolaýmalydygy baradaky pikiri guşlaryň jürküldisi tassyklaýardy, ýöne üç sany esgeriň ýadaw gözleri erkana guşlaryň hereketini yzarlardan asgyndy. Olaryň ýuwaşjadan öz maýdalyna ädimläp gelşi tutuş dünýäni bir tarapa, olaryň özünem bir tarapa goýýardy. Esgerler her gözýetimiň gutarýan ýerinde kert gaýa bilen görüşýärdiler we şondan soň ýene bir gaýa bilen görüşmeli boljakdyklary hakynda oýlanyp dymýardylar. Edil labirint ýaly bu daglaryň soňy görnenokdy. Çardagly Çandybiliň Göroglusy “Türkmen ilim” – diýip, seslenibilýän bolsa, olaryň üçüsiniňem bu ýerler dogduk mekany däldi.  Ýat ýurduň gara daglary gözýetimi bölek – bölek edýän bolsa-da, daglaryň üstüne abanyp duran gök asman bitewidi. Ol kalplara teselli, göwünlere biraz giňlik berýärdi. Nirede bolsa-da, asman asman bolýar-da, ol hemmeler üçin umumy ahyryn. Şeýlelikde, uruş sebäpli ýat ýurduň daglyk ýerlerinde aýlanyp ýören bu üç esgeriň basymrak suwuň bir gyrasyny görmek arzuwy bardy. 

 Esgerleriň öňden ýöräp gelýäni kyrk ýaşlaryndaky komandir bolup, ol beýleki ikisiniň ýol görkezijisidi. Kerweniň öňüni çekip gelýän kerwenbaşysydy. Şo sebäpden örän jogapkärçilikli adam bolup, hüşgärligi bilen tapawutlanýardy. Suwuň ýerleşýän ýerini tapmak şonuň boýnuna bolansoň, ol yzyndakylary hem süýräp gelýän tirkege meňzäp, nirede durup, nireden ýöremelidigini salgy berýärdi. Köplenç bolsa, yzyndaky iki esger bilen däl-de, dag gerişlerindäki arçadyr kerkawlar bilen gepleşýärdi. Guşlaryň hereketinden çen tutup, ol şu daglaryň haýsy hem bolsa bir ýerinde suwuň bardygyna beýleki ikisinden artyk ynanýardy.

  Köplenç komandiriň yzyndan ýöreýändikleri sebäpli, üçburçluga meňzäp gidýän bu “üçlügiň” ikinji we üçünji “nokatlary” hakda aýtmaly bolsa, ikinji esger ýigrimi bäş ýaşlaryndaky türkmen ýigididi. Ondan galmajak bolup jan edýän garry esger bolsa, Russiýanyň Rýazan oblastyndan gelendigini, “ O taýda – Rýazanda siziňki ýaly batyr pälwanlar köp” – diýip, türkmen ýigidine gürrüň berýärdi. Dag gerişleriniň insizje ýodalaryndan üç bolup ýöremäge maý tapyldygy olar edil ugurdaş kesimler ýaly deňleşýärdiler. Kert gaýalaryň ýiti gyýçaga meňzäp duran depelerine  seretmekden ýaňa olar birnäçe gezek gözýetimiň özünem ýitiripdiler. Şonda komandir hüwiňki ýaly gözlerini agdaryp, janyýangynly hüňürdedi. Biraz wagtdan garry rus esgeri komandire:

  • Ýoldaş Kuzmiç, biz şo bir ýerde aýlanyp ýörüs öýdýän – diýdi.
  • Bilýän, bilýän – diýip, komandir howsalaly gaýtalady. Garry rus esgeri:
  • Suw şu ýerlerden uzakda däldir. Men bilýän, bu ýerlerde kiçijek çeşmejikler köp. Kakam gürrüň beripdi. Ol, şu ýerlerden asly – diýdi. 

 Ýarpy ýoluny geçip, Gün öýlä golaýlaberdi. Eger suw tapmasalar, gijäni şu daglaryň arasynda geçirmeli boljakdygy hakynda oýlanyp gelýän esgerleriň kiçiräk dury çeşmäni görenlerinde keýpi göterildi. Ertekiniň üç gahrymany deýin suw tapan esgerler ony eňek goýup içdiler. Soňundan ädiklerini, üstki harby kitelini çykaryşyp, diňe ýuka geýimleri bilen çeşmä girdiler. Hüşgärligi elden bermeli däldigine düşünselerem, ähli düşünýän zatlaryňy amala aşyryp bolaýanokdy. Suwuň lezzeti janyna hoş ýakyp, häli diňe guşlardyr ösümlikler bilen gürleşip gelen komandirem degişme aýdyp, owaz bilen gülüp goýberdi. Daşyny gallap duran gara daglar gül bolsa, şol gülüň arasyndaky üç sany liçinkajyklar ýaly, olar gezekli – gezegine çeşmäniň içinde aýlandylar. Şo pursat ähli zatlar togalakdy, daşyňy gallap alan daglaram, daglary saklap oturan gara ýerem, ýeriň üstündäki asmanam togalakdy. Birdenem gezegi ýeten adamyň aljyraňňylygy bilen komandir tarpa saklandy-da, hüwiňki ýaly gözlerini ýaldyradyp, dagyň ýokarsyna seretdi. Soňundan balyk ýaly ýuwaş ýüzdi-de, beýleki iki esgere sem bolmaklaryny duýdurdy. Başardygyndan ses çykarmazlyga çalyşýan komandir “yzym bilen “ diýýän terzdäki yşaraty etdi-de, suw damjalarynyň sesini gabanýan görnüşde, usul bilen çeşmeden çykdy. Oňa çenli dagyň ýokarsyndaky gara nokat ulalyp, adam göwresine öwrüldi. Beýleki iki esger çeşmeden çykyşlaryna, gözi bilen gaçybatalga gözlediler. Egin – eşiklerini alyp, buky künjege geçensoňlar:

  • Olaryň sanyny bilmeli – diýip, komandir egnaşyr aýtdy, ýöne onuň anyk bir planynyň(meýilnamasynyň) ýokdugy böwrüne diň salyp durşundan bildirýärdi. – Eger olaryň biri şu taýda gezip ýören bolsa-da, galanlary uzakda däldir. Diýmek, şu töwerekde olaryň berkitmesiniň bar bolmagy mümkin. Ýogsa-da, olar özümiziňki däldir-dä hernä. Hä, Sanyç? – diýip, ol garry rus esgerinden sorady. Gözüni bolsa şo gara göwräniň duran ýerinden aýranokdy. – Ýok, ol biziňkilerden däldir. Biziňki bolsa tanardy derrew. Ol nemes! Näme diýseňem nemes – diýensoň içini hümletdi-de, - Näçeräk barka? – diýdi. Hiç kim sesini çykarmansoň, komandirem seretmegini dowam etdirdi – Görsene, ol bizi yzarlaýar, köpeý ogly – diýensoň, beýleki iki esgerem dagyň depesinde bir eýläk, bir beýläk süýşýän gara göwrä aňkaryldylar. Aşakdan ony saýgarmak kyndy, ýöne hereketinden çen tutup, aşakdakylary onuň özüniň gowy synlaýandygy duýulýardy. Gara göwre aňsat – aňsat açyklyga çykmaýardy. Diňe ugruny üýtgetjek ýa-da ýakyn geljek wagty hereket edýärdi. Köplenç bolsa, arçalygyň aňyrsynda ýitýärdi. 
  • Beýdip dursag-a bolmaz. Gowusy olaryň sanyny men anyklap geleýin – diýen türkmen ýigidiniň teklibine “Ýok, ol bolmaz” – diýip, garry rus esgeri garşy çykdy. Komandir iki esgerine seredip durşuna, hakykatdanam, ertekiniň üç pälwanynda bolşy ýaly, olaryň öňünde üç sany ýoluň keserip durandygyna düşündi. Soragly ýeri, ýollaryň “Gitse gelmezmi?” ýa-da “Gitse gümanamy?”, ýa-da “Gitse gelermi?”diýen bölekleridi. Ondanam beter soragly ýeri, şo bölegiň haýsy – haýsynyň paýyna düşjekliginden ybaratdy.
  • Men gideýin, ýoldaş Kuzmiç. Bu ýigit entek ýaş. Onuň görjegi öňünde. Men bolsa eýýäm boljagy bolan. Men indi gury töňňe. Bu ýigit ýaşamaly. Geljegi bar – diýip, garry rus esgeri gaýtalady.
  • Içigaragalmyş... Sanyç! – diýip,  komandir gygyrdy. Ýöne yzyny aýdybilmän saklandy-da, birinji gezek görýän ýaly görnüşde türkmen ýigidini synlady. Orta boýly bugdaýreňk türkmen ýigidiniň gözleri özüni saýlamagy haýyş edip ýalbarýardy. Muňa bolsa iki sany tejribeli esgerler has-da gowy düşünýärdi. Olar uruşda beýlekini aýap, özüňi oda atmagyň nämedigini oňat bilýärdiler. Şo sebäpden komandir:
  • Seresap bol, Sanyç – diýip, göwünli – göwünsiz aýdan bolsa-da, garry rus esgeriniň gelen netijesi bilen razylaşypdy. Şeýlelik bilen, üç pälwanyň iň ulusy “agyr ýüki” boýnuna alyp gidermen boldy. Öwrüm – öwrüm dag ýodalaryny gözi bilen saldarlaýan türkmen ýigidi özüne derek gidip barýan garry esgeri atasyna meňzetdi. Garry rus esgeri bolsa, öz ýanyndan ogullaryny goraýan ýaly seresaplydy, ogullaryny goraýan ýaly eserdeňdi. Ol öwrüm – öwrüm dag ýodalarynyň haýsy bilen gitjegini bilmän ädim uranda, ýaşlyk döwrüniň batyrgaý pursatlary ýadyna düşdi. Dogrudanam, şo ýyllar onuň üçin nähili ajaýyp döwür bolupdy. Rewolýusiýanyň ysy ýaýramazdan öňki burk uran bugdaýly meýdanlar nähili mähribandy, yssydy. Olar hemişe şeýle bolar öýdýärdiler. Soňundan ýigrimi bir ýaşady. Ýigrimi bir ýaşyndan bäri hem dünýäde uruş dowam edýärdi. Iň gynançly ýeri hem, uruşlaryň hiç soňy görünmeýärdi. Ýeri, şo wagtlar ol şu akylynda bolan bolsa bolmaýarmy?! Ynha, indi ol bütin ömrüni ýa uruş döwrüne şaýat bolup, ýa-da urşuň içinde gezip geçirdi. Bugdaýly meýdanlar bolsa, diňe düýşünde galdy. Bugdaýly meýdanlaryňam edil şu dag ýodalary ýaly inçejik hatarlary bar. Garry esger özüne: “Or, indi ömrüň bugdaýlaryny Sanýuşka” – diýip seslenýär. Dag ýodalaryndaky arçalaryň her biri onuň ömrüniň ýitgilerine meňzeýär. Islendik pursatda amanat jan tenden çykyp, alýan demi kesilip bilner. Ol şo wagt arçalaryň birini gujaklap, o dünýä gider. Gara daglaryň depesindäki gök asman öňküsi ýaly uzakda galyp, ol on ýedi ýaşynyň bugdaýly meýdanlaryna dolanyp barar, togalanyp barar. “Eh, Sanýuşka, ömür şeýlebir az, şeýlebir az” – diýip, dag bürgüdi buýsançly ganatlaryny kakyp geçdi. Dagyň ýokarsyna çykdygyça, demi daralyp, aýaklaryndan ysgyn giden garry rus esgeri mundan aňry ýöräbilmän saklandy. Onuň burny ajap, gözleri buldurady. Dagyň ýokarsyna çykdygyça, onuň iki tarapynyň bardygyna göz ýetirip, edil häzir dagyň başyndamy ýa aýagyndamy diýen pikirlere gümra boldy. Şol sebäpden birbada gara göwräni nirede gözden ýitirendigini ýadyna düşüribilmedi. Nepesi durlanyp, gara göwräniň henizem hälki gören nokadyndan üýtgemändigini bilensoň geň galdy. Eger garşysyndaky göwre bilen gizlenpeçek oýnaýan bolsady, “Bu näme etdigiň bolýar?” – diýäge-de, ýanyna kürsäp barardy. “Näme üçin gizleneňok?” – diýip gygyrardy. Ýöne, bir tarapdan, ajalyň göni gelýändigi ýadyna düşüp, garry esgeriň hälki duýguçyllygyndan nam – nyşan galmady. Ony şagga der basdy. Näme bolsa şo bolsuna urup, aşaklyk bilen göwre tarapa süýrenip başlan wagty kellesine: “Elhepus, adam öz soňuna süýrenibem barjak ekeni” diýen  pikir geldi. Näme üçindir, şu pursatlarda sanalgysyndan başga zat  oýuna gelmeýärdi. Hawa, şo wagt – dag gerşiniň çygly topragyny gujaklap ýatyşyna garry esger dagyň başyndamy ýa aýagynda diýen pikirlerden halas däldi. Aýaklar başmy ýa-da başlar aýak, ol her kimiň öz duýşuna baglydy. Asyl, bu hemme zatlar babatda şeýle ekeni. Adam bolsa hemişe bir zadyň – asman bilen zeminiň, gije bilen gündiziň, haýyr bilen şeriň – aralygynda ýaşaýar-da, olardan haýsy hem bolsa birini saýlaýar. Garry esger hem meýletinlik bilen ölümi saýlapdy. Kimdir birini halas etmek üçin janyna töwekgelçilik edipdi. Belki,käbirleriniň saýlawy ölüm däl-de ýaşaýyşdyr, belki käbirleri bu saýlaw bilen ylalaşýanam däldir. Ýöne bu saýlaw garry esgere degişlidi. Ol göwrä ýakynlaşdygyça, onuň janlydygyna şübhelendi. Howsalasy artyp, ýerinden turdy-da, şoňa tarap okdurylyp gitdi. Ýöne gijä galdy. Onuň alnynda taýagyň ujuna geýdirilen iki sany gara ädik somalyp durdy, depesinde bolsa örän çalasyn ýaş nemes esgeri dag gerişlerinden ýokaryk çykyp barýardy. Onuň ýeňil ädimläp, dagyň diňe arçalar bilen ýaşaýan bölegindenem aňsat haýdaşlap barşy, bu ýerleri gowy öwrenenliginden habar berýärdi. Megerem, şo sebäpden oňa özlerini ençe wagtlap synlamak başardan bolmalydy. Garry rus esgeri taýagyň ujuna geýdirilen gara ädikleri başaşak goýlan garantga meňzetdi. Ýap – ýaňyja-da dünýäniň başdan we aýakdan ybaratdygy hakynda pikirlenip gelýän esger özüne haýsy paýyň düşendigine göz ýetirdi. Ol entek ýaşamalydy, aýagyndaky ädigi bilen tutuş Ýewropany geçip, Ýeňiş baýdagyny parlatmalydy. 

 Bägül ATAÝEWA

 

38 |
|