Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Durnalar

15 minut alar

Hormatly Prezidentimiziň “Durnalar” atly goşgusynyň edebi seljermesi

Goşgynyň başyndaky: “!941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň 75 ýyllygyna “Durnalar” aýdymy barada ýatlama. Uruşdan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýadygärligine” – diýen setirlerden ugur alyp, goşgynyň ýatlama häsiýetlidigini tutuş eseriň derňewi wagtynda unutmaly däldiris. Ýatlama – uruş döwri baradaky ýazgylaryň, megerem, iň ýürege ýakyny bolsa gerek. Sebäbi ýatlama – ýadyňda saklaýan zatlaryň hakynda çeper şöhlenen meýdandyr. Ýatlama – bu seniň aňyňdaky we aňasty arhetip barlygyň diňe saňa mahsus indiwidual çeper öwüşginli giňişligidir. Bu giňişligiň gyzykly tarapy, onuň indiwidual ( diňe şol ýatlamany bilýän adamyň ýatlaýşy boýunça) häsiýete eýedigi bolsa, ondanam gyzykly tarapy, indiwidual başlangyçly meýdana düşen her bir okyjynyň oňa otnositel görnüşde gatnaşýanlygydyr. Şeýlelikde, başlangyç indiwidual nokat birnäçe otnositel taraplaryň döremegine getirýär. Eýsem, otnositel taraplar başlangyç indiwidual nokatdan düýpgöter tapawutlanýan başgaça täsir alyp bilerlermi? Ýok, bilmezler. Sebäbi nämäni ekýän bolsaň, şony hem orýarsyň. Diýmek, ýatlama – indiwidual häsiýetli meýdanyň, giňişligiň döreýän we ýaşaýan ýeriniň çeper aňlatmasy diýeli. Onuň mazmuny bolsa, edil syrly sandyk ýaly, her bir kişiniň açmaga, görmäge synanyşýan zadydyr. Ýatlama – bu aňasty barlygyň iň janly, iň ýörgünli hakydasy – ýadydyr. Ynsan özünde bar bolan ähli maglumatlary irde-giçde ýatlama öwürýär. Şo sebäpden oňa ýatlamadan eziz, ýatlamadan ýakyn zat ýokdur. Ýatlama – ynsanyň barlygy, şol barlygyň bir ülşüdir we ol edil ülşüň bitewilik ( atomlaryň bölejikleri ýaly), bitewiligiň bolsa ülüşden düzülişi ýaly gurluşa eýedir. Şol sebäpden adam aňynda saklanýan maglumatlaryň wajyplary ýatlama öwrülip, wajyp dälleri bolsa, gündelik ýadyna siňip gitmek bilen başga bir ulgamy kemala getirýändir. Eger-de ýatlamalaryň wajyp häsiýeti bolmasady, onda ol beýleki maglumatlar ýaly öçüp giderdi ýa-da gündelik işleriň toplumyny emele getirerdi. Çeper hadysa bolany sebäpli ýatlama hiç haçan adanm aňyndan öçüp gitmeýär. Lukmanlar beýni şikesini alan adamlaryň köplenç ýüregine ýakyn bolan ýatlamalary unudýandygyny aýdýarlar. Olar muny şol ýatlamalaryň beýnide bar bolan beýleki maglumatlara seredende has emosionalllygy (duýguçyllygy) bilen düşündirýärler. Şu ýerden ýatlamalaryň ýürege ýakynlygy gelip çykýar. Başgaça aýdanymyzda, ýatlamalar – ýürekdäki ýazgylaryň obrazly beýanydyr. Obraz bolsa çeper edebiýatyň obýekti bolany sebäpli, ýatlamalar tebigaty boýunça çeper hadysadyr. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji setirlerinden ony ýatlamaga iteren sebäp hakynda agzalýar. Ol sebäbiň ady – aýdymdyr.

 Käte şu aýdymy göwnüme göýä

Bernesiň adyndan aýdýan ýaly men

Goşgynyň ilkinji setirlerinden uruş bilen nähili hem bolsa bir baglanyşygy bar adamyň äheňi duýulýar, sebäbi awtor turuwbaşdan bu temanyň özüne ýat däldigini Bernesiň aýdymy bilen berkidýär, özüne çekýär, gyzykdyrýar. Bilşimiz ýaly,  awar şahyry Resul Gamzatowyň sözlerine, Ýan Frenkeliň sazyna döredilen bu aýdym Mark Bernesiň iň soňky aýdymydyr. Ony aýdymçynyň döredijiliginiň rekwiýemi hasap edýärler. “Durnalar” aýdymynyň örän täsin döreýiş taryhy bar. Bir gezek şahyr Resul Gamzatow heläkçilige uçran Ýaponiýanyň iki welaýatyna Hirosimä we Nagasakä baryp görende, Sadako Sasaki atly ýapon gyzjagazy bilen tanyş bolýar. Gyzjagaz atom bombasynyň zyýanly täsirlerinden ejir çekýär. Ýöne muňa seretmezden, kagyzdan durna şekiljiklerini ýasap uçurýar. Şahyr munuň sebäbini soranda, gyzjagaz ýapon ynançlaryna görä, müň sany durna ýasap uçuran adamyň arzuwlarynyň hasyl bolýandygyny aýdýar. Bu sözler şahyra güýçli täsir edýär. Ol öýüne dolanyp gelýärkä, ýolboýy çagalygynda eşiden awar rowaýatlaryny ýatlaýar. Urşa gidip dolanmadyk esgerleriň durna öwrülýändigi baradaky rowaýatlary çagalykdan bilýän şahyr “Durnalar” goşgusyny şeýdip döredýär. Goşgyny žurnallaryň birinde (N. Grebnewiň terjimesinde) okan Mark Bernes oňa aýdym ýazmaga döwtalap bolýar. Bu aýdym onuň soňky aýdymyna öwrülýär, sebäbi Bernes aýdym ýazga geçirilenden bir aý soň aradan çykýar. Şeýlelikde, ol “Durnalar” aýdymyny ömrüniň iň soňky – aýgytlaýjy pellesinde döredipdir diýip aýtmak bolar. Aýdym köpçüligiň söýgüsini gazanýar. Ol özboluşly ýerine ýetirijilik aýratynlygy bilen ýatda galan aýdymdyr. Bellemeli ýeri, Hormatly Prezidentimiziň “Durnalar” goşgusynyň pessaý äheň bilen başlamagy “Durnalar” aýdymynyň äheňi bilen çalymdaşdyr, ýagny munda aýdym goşgynyň äheň çeşmesiniň döremegine gönezlik bolup hyzmat edipdir. Diýmek, aýdymyň äheňine biraz häsiýetnama berilse, bu goşgynyň äheň gurluşyna düşünmäge-de kömek bolardy. Mark Bernes “Durnalar” aýdymynyň ilkinji bendiniň arasyny bölüp – bölüp aýdýar. Türkmen dilinde bu bölünişige pauza (säginme) diýilýär. Säginmeleriň ýerli – ýerinde ulanylmagy intonasiýanyň (äheňiň) emele gelmegine ýardam edýär. Arasyny bölüp geplemek medeniýeti harby durmuşa mahsusdyr. Bular adaty gepleşikdäki säginmeden wagt boýunça ep-esli tapawutlanýan säginme bolany sebäpli, ony saýgarmak aňsat bolup, ol diňleýjiler köpçüligine tanyşdyr. Şeýlelikde, säginme äheňi emele getirdi, emele gelen äheň bolsa harby häsiýetde bolup çykdy. Bu tebigy zat, sebäbi goşgynyň özi harby hadysany – urşy beýan etmäge bagyşlanandyr. Aýdymyň ton(belentlik) taýdan pessaý äheňde bolmagy ýene ýatlamalar bilen baglydyr. Ýatlamalar, ilkinji nobatda, öz – özüň bilen gürrüňdeşlik bolup, ol sesli, batly aýan etmelerden halasdyr. Ilkibada sessiz suratlaryň peýda bolmagy zerarly, soňlugy bilen dürli öwüşginlere eýe bolýan aňasty obrazlar toplumy bolan ýatlamalaryň örän häsiýetli taraplary bardyr. Birbada aýdyp bilmezlik, girişibilmezlik, ýaýdanmak ýaly instinkt duýgular adamyň entek etjek bolýan işini etmediginden, diýjek bolýan sözüni diýmediginiden habar berýär. Şol sebäpli ýatlamalar pessaý äheň bilen başlanýar, ýöne bu pursat tiz wagtdan ýitip, wakalar janlanyp ugraýar. Şol janlanyşa biz goşgynyň üçünji setirinden gabat gelýäris:

Bu aýdym asmana, zemine sena

Bererdim ugrunda şirin jany men.

Mälim bolşy ýaly, sena (başgaça gimn) hem öz gezginde aýdym – kasamdyr. Olar gadymy Hindistanda döräpdir. Ilkibada bu aýdymlar adamlaryň hudaýlara bagyşlap düzen goşgularyndan, kasamlaryndan emele gelipdir. Soň ol ritual tanslardyr, däpler bilen baýlaşdyrylypdyr we gündelik durmuşa ornaşdyrylypdyr, ýagny asmanylyk durmuşyndan zeminilik durmuşyna geçipdir. Hudaýa ýüzlenilip aýdylýandygy sebäpli, senalar asman aýdymlary hasap edilýär. Goşguda “asmanyň, zeminiň senasy” hakynda agzalanda, megerem, senanyň şu taraplary göz öňünde tutulan bolsa gerek. Awtor bu aýdymy sena hasaplap, ony has mukaddesleşdirýär, ylahylaşdyrýar, ony hemme ýerden eşidýändigi baradaky pikir bilen berkidýär. Şeýle uly söýgi bilen kabul edilensoň, bu aýdymyň awtor üçin şahsy häsiýetdedigi mese-mälim duýulýar. Hakykatdanam, Hormatly Prezidentimiziň atasy şahyr, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan adam. Şol sebäpden uruş temasy awtor üçin şahsy häsiýete eýedir. Eýsem, onuň urşa bolan garaýşy, gatnaşygy nähilikä?  - diýen soraga biz goşgynyň ikinji bendiniň ilkinji setirlerinden jogap tapýarys:

Söýýäris bu gözel, täsin dünýäni

Hukugymyz bardyr ýaşamak ýaly  - diýmek bilen, awtor “dünýäniň täsin taraplaryny görüp, öwrenip, söýüp ýörmeli halyňyza, näme üçin uruşýarsyňyz? Biziň hemmämiz ýaşamak üçin ýaradylan. Ýaşamaga hukugymyz bar” diýen ýaly pikirleri aňymyza ornaşdyrýar. Dünýäniň ähli sypatlarynyň içinden onuň täsin tarapynyň nygtalmagy ýöne ýerden bolman, ol awtoryň dünýäniň syrlaryny öwreniji, açyş etmäge ymtylýan, täzelik gözleýän adamlygyndan habar berýär. Ol dünýäniň täsin taraplaryny öwrenmäge çagyrýar we bu pikiri ýaşamak hukugy bilen berkidýär. Meşhur iňlis filosofy Tomas Gobbs adamyň ýaşamaga bolan hukugyny tebigy hukuklaryň (law in nature) hataryna goşýar we tebigy kanun ylahy kanundyr diýen netijä gelýär. (Seret: T. Gobbs “Izbrannye soçineniya. M, “Mysl”, 1964. Sah.341) Kanuny nukdaýnazardan şu hukugyň haýsydyr bir şahsyýetiň bähbidini araýan sebäplere görä bozulmagyny gadagan hasaplaýar. Şol sebäpden islendik bir urşy doly aklap bolýan däldir. Awtoryň bu setirleri “Adamlar uruş däl-de, ýaşamak isleýärler” diýen pikiriň hukuk taýdan çeper çagyryşy bolup eşidilýär. Şo pursat biziň ünsümiz:

Näbelli hem atsyz şeýle owaldan

Munda ölmez – ýitmezleriň ykbaly - diýen setirlere düşýär. Bir tarapdan, bu setirler ölmez – ýitmezligiň, bakylygyň, hemişeligiň şeýle bahasynyň bardygyny ýaňzydýan bolsa, beýleki bir tarapdan, ýokardaky iki setiriň “gizlin” dowamy ýaly bolup görünýär. Hawa, biziň ýaşamaga hukugymyz bar, ýöne adam ömri belli bir wagt aralygynda kesgitlenen. Hemişelik bilen deňeşdireniňde, bu örän ujypsyzja wagt aralygydyr. Adamzat aň paýhasly ýaşaýyş döwründen bäri ebedilige, bakylyga ymtylypdyr. Goşgynyň bu bendi iki sany biri – birine gapma garşy paradoksal kanunalaýyklygy emele getiripdir. Konsepsiýa boýunça bu paradoksallyk:

1)Söýmek we ýaşamak

2)Ölmek we bakylyga öwrülmekdir.

Başgaça, bu ebedilik bilen wagtlaýynlygyň çeper suratlandyrmasydyr. Näbelli bolany üçin ebedi, ebedi bolany üçin näbelli diýen pikiriň jogabyny adamyň tebigatyndan gözlemeli bolsa gerek. Munuň sebäbi, megerem, adamyň öz bilýän zatlaryna hemişe dogry eýelik edip bilmeýänliginden gelip çykýar. Şol sebäpden awtoryň ähli zatlaryň hudaýa baglydygyna ýuwaşlyk bilen şükür edýändigi, şoňa kaýyldygy bildirýär. Hakykatyň gutarmaýşy ýaly, hak iş ugrunda göreşen gahrymanlar baradaky ýatlamalar hem gutarmaz. Olar atsyz – sorsuz näbelli gahrymanlar bolsa-da, bir gün gögeren ot ýaly, suwuň ýüzüne çykan nan ýaly, üstünden barlan hazyna ýaly, bize özlerini mälim etmeklerini dowam ederler.

 Awtor uruş hakynda ýazylan beýleki goşgularyň aglabasynda bolşy ýaly, urşuň pidalaryna gynanç bildirmek bilen kanagatlanmaýar. Awtoryň gynanjy indiwidual häsiýetdedir, özem bu goşguda iň haýran galdyrýan ýagdaýdyr. Sebäbi ol awtoryň urşa bolan gatnaşygynyň çeper beýanydyr. Biziň öwrenşen, umumy kabul eden gynanjymyzdan tapawutlylykda, awtoryň duýgudaşlygy ýiti hem-de janly sahnalaryň beýanyndan ybarat däl. Ol urşa daşyndan seredýän, birwagt bolup geçen ýagdaýa gynanýan, onuň pidalaryna duýgudaşlyk bildirýän adamyň duýşudyr. Näme üçin biz şu ýagdaýa okyjynyň  aýratyn ünsüni çekmek isleýäris?

Birinjiden, geljekki nesil ýyl geçdigiçe, urşa daşyndan seretmeli adamlardyr

Ikinjiden, urşy akyl – paýhas bilen görmegiň zerurlygyndan gelip çykýar. Awtor asuda düzleriň üstünde gezip, uruş ýyllaryndan, yzyna dolanmadyk esgerlerden söz açýar. Onuň birwagt taryha öwrülip giden gynançly uruş wakalaryny agzap, adamlaryň ýüregini agyrdasy gelmeýär. Ol uruş pidalaryna bolan duýgudaşlygyny asuda günleriň ýaşaýjysy hökmünde beýan edýändigi üçin goşgynyň pessaý äheňi rahat atmosfera gaplanan. Okyjy bir minutam rahatlyk bolmadyk uruş döwrüni bu goşgudan rahatlykda okap we duýup biler. Bu okyja diýjek bolýan zadyňy “sessiz” düşündirmäge ýardam berer. Parahat günleriň ýaşaýjysy uruş hakynda ýazaýsa, ol diňe hasratdan, ýitgiden, armandan doly bolmaz ýaly, awtor bu ýagdaýdan çykalga gözläpdir. Ol adamlara bagtly ýaşamagyň maslahatyny beripdir. Ýogsa-da, şu hili tipde goşgy guramagy, urşa gatnaşmasa-da, onuň gaýdyp gaýtalanmazlygyny isleýän we urşuň agyr pidalaryna gyýylýan ynsanyň başarjakdygyny nygtaýarys.

Ynha, ol adamlaryň bagtly günlerde ýaşamagy üçin:

Bagtly hem arzyly menzile ýetmek

Bu durmuşda bagly bolýar akyla  - diýen pikiri orta atýar. Hakykatdanam, akylyň bolsa bagtly bolnaýjak ýaly, ýöne edebiýatda Griboýedewiň “Akyl zerarly hasratyndan”, akyl barada düzülen pessimist jümlelerden habarly okyjy üçin bu täzelikdir. Göräýmäge, şeýle adaty hakykatyň aňyrsynda nähili pikir ýatýarka? Awtor “Akylyň bolsa uruşmaly däl ýa-da akylly adam uruşda-da başyny çarar diýjek bolýarmyka?” diýen ýaly biri-birine antiteza pikirleriň jogabyny goşgynyň tutuş tekstinden tapmak mümkin. Onuň jogaby umumylykda akylly adamyň beýleki birini gynanmaga mejbur etjek hereketini etmeýänliginden gelip çykýar.

 Biziň halkymyzda ýaşalýar asyl

 Güneşli hem rahat günleň hakyna – diýen setirler ýokarky bölegiň dowamydyr. Awtorda “asyl” görnüşinde getirilen bu sözüň türkmen dilinde “gelip çykyşy”, başga-da,  “şejeresi”, “neberesi”, “zandy” ýaly alynma ekwiwalentleri bardyr. bu ýerde esasy nygtaljak bolunýan söz “asyl” diýen sözdür. Awtoryň bu sözi aýratyn tapawutlandyrýandygy, nygtaýandygy görnetin duýulýar. Bendiň başky bölegi akyl barada söhbet açsa, soňky böleginde asyl barada agzalýar. Akyl we asyl konsepsiýasy awtoryň bagtly ýaşamak baradaky pikiriniň formulasydyr. Bu pikiriň gözbaşynda türkmen halk döredijiligi eserleri durýar. “Paýhas çeşmesi” kitabynda:

Aslyny unudan atasyny atar ( sah. 69)

Aslyna çekermiş ýüwrük – çamanlyk (sah.298)

Asyl asla gider – diýen ýaly nakyllara duş gelýäris. Bulardan görnüşi ýaly, adamyň asly onuň başarnygyna, ykbalyna täsirini ýetirýär. Awtoryň garaýyşlary, ýörelgeleri, biziň pikirimizçe, şu bentde has aýdyň şöhlelenipdir. Biologlar adamyň aslyny onuň gen ulgamy bilen düşündirýärler. Ylymda genetika adyny alan bu ugur adam genleriniň ýüzlerçe, müňlerçe ýyllap üýtgemeýändigini, olaryň ählisiniň organizmde bir kod bilen kodlanandygyny anyklady. Bu bolsa adamyň asly, gelip çykyşy diýen pikirleriň berkemegine getirdi. Türkmen halkynda “aslyna çekipdir”, “aňyrsyna meňzäpdir” diýen ýaly aýtgylar bar. “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýen nakyl bolsa biziň jemgyýetimizde işjeň ulanylýar. Diňe ulanylmak däl, bu adamyň ykbalyny kesgitleýji, oňa baha beriji faktor hökmünde häzirki günlerde hasam aktual häsiýete geçdi. Umuman, adam akylyny onuň aslyndan, aslyny bolsa akylyndan gözlemek ýaly synanşyklar islendik döwürlerde-de bolupdyr. Bu hiç kim üçin täzelik däl bolsa gerek, ýöne awtoryň bagtly ýaşamagyň çykalgasy hökmünde asyl we akylly bolmagy nygtamagy welin, edebiýat üçin täzelikdir. Uruşdan halas bolmagyň ýollaryny salgy berenden soň, awtor ýene-de durnalara gaýdyp gelýär. Şu ýerde tebigatyň bu ajaýyp jandarlary hakda kelam agyz aýdyp geçeliň. Üstesine, awtoryň “durnalary tüýs ýürekden söýýärin” diýmegi hem bizi has-da ruhlandyrýar. Durnalar hakynda halk arasynda birnäçe yrymdyr ynançlar giňden ýaýrandyr. Durnalary hemişe şatlyk bilen garşylap, gussa bilen ugradýarlar. Bu hadysa G. Ezizowyň “Durnalar” goşgusynyň:

Birden al asmana dikildi gözüm,

Ah, ol görnüş, gözüm nämeler görýär?!

Gül düzüň üstünden düzüm-de düzüm,

Göwnüňi göterip, durnalar barýar –  diýen setirlerinde öz beýanyny tapypdyr. “Durna” sözüniň gelip çykyşy hem örän gyzyklydyr. Köp halklarda onuň ady çykarýan sesi bilen baglanyşdyrylýar. Meselem, latynça “grus”, iňlisçe “crane”, finçe “kurki”, türkçe “turna”, türkmen dilinde biraz türkçeden assimirleşen, fonetik özgerişmä sezewar bolan “durna” görnüşinde aýdylýar. Durnalaryň gadymy Kiýew Rusunda awlanandygy baradaky rowaýatlar nakyllarda orun tutupdyr. Şeýle hem gadymy rimliler bu guşuň etini gowy görüpdirler. Gorasiý, hatda, durnany “ýakymly aw” diýip atlandyrypdyr. Ýöne durnalaryň aw eti hökmünde ulanylan ýerleriniň bardygyna seretmezden, ol köp halklarda totem guşlary hasap edilýär. Meselem, indeýleriň ata – babalary bolan astekler özlerine “durna adamlary” diýýärler. Gaty köp halklarda, şol sanda Injilde durnalaryň adamlara, adamlaryň bolsa durnalara öwrülendigi baradaky rowaýatlara duş gelmek mümkin. Gomeriň  eserlerinde ýörite “Durnalaryň we pigmeýleriň urşy” atly bölüm hem bar. Durna tanslary bolsa ritual tanslaryň çäginden çykyp, medeni tanslara öwrülip gitdi. Ol häzirki günlerde hem tomaşaçylary tolgundyryp gelýär. Durnalar ganatlylar maşgalasynyň iň tansçy agzalarydyr. Gadymy Gresiýada we Müsürde durnalary hudaýyň guşlary hasaplapdyrlar. Şol sebäpden durnanyň etini iýmäge gadagançylyk girizipdirler. Aýratynam, gündogar mifologiýasynda durnalaryň mukaddes guş hasaplanýandygy bildirýär. Hytaýda we Ýaponiýada durnalary ölmez – ýitmezligiň, ebediligiň, bakylygyň guşy diýip kabul edýärler. Nämedir bir zatlary ýatladýar gerek?! Hawa, bu bize goşgynyň “Näbelli hem atsyz şeýle owaldan, munda ölmez – ýitmezleriň ykbaly” diýen setirlerini ýatladýar. Ýaponlar durnalary “ ganatly adamlar”, “hormatly jenap durna” diýip atlandyrsa, hytaýlylar “ganatlylaryň kethudasy” diýip atlandyrypdyr. Durnalar “bahar buşlukçylary” hasap edilipdir. Olaryň gelmegi bilen howa maýlap, gitmegi bilen sowuk düşüpdir. Simwolikada durnalaryň aňladýan manysy köpdürlüdir. Ýewropa geraldikasynda durna – hüşgärligiň simwoly hasap edilýär. Munuň beýle bolmagyna bu jandaryň daş keşbi ep-esli täsirini ýetiripdir. Durnanyň uzyn boýny we aýaklary bardyr. Garaýşy seresaply. Şol sebäpden adamlar olaryň ýanyna aňsat-aňsat golaýlaşyp bilmeýärler. Süriniň başynda serdar guşlary bolan durna topary ykjam gurnalan döwleti we onuň patyşasyny alamatlandyrypdyr. Rim medeniýetinde durna prudensiýany – akyl – paýhasy, nersewensiýany – hemişeligi, erjelligi, kustodiýany – aladaçyllygy, wigilansiýany – harby we ahlak hüşgärligini aňladypdyr. Durnalaryň mukaddes hasaplanmagynyň ýene bir sebäbi olaryň biologik ýaşaýşyndan gelip çykýar. Meselem, durnalar asmanda uçup bilýändiklerine seretmezden, ýerde batgalykda ýaşaýarlar. Bu bolsa öz gezeginde bu guşuň ýerde adalatsyzlykdan kösenýändigi, şo zerarly ýüregiňi elendiriji ses çykarýandygy baradaky ynançlaryň döremegine getiripdir. Şeýle bolsa-da, bu guşuň umumy obrazy daş – töwerekdäki kynçylyklara garamazdan, öz ukybyňy ýitirmän saklamaklygyň, gaýratly hem-de paýhasly bolmaklygyň  obrazydyr.

Olar oýa batyp uçanda des- deň –  diýen setirler harby äheňi emele getirýän säginmeleri, ritmi, melodikany, sazlaşygy ýadyňa düşürýär. Goşgynyň äheňi durnalaryň uçuş tertibi bilen äheňdeş bolup durýar. Ýene bir meňzeşlik bolsa, durnalaryň asmandan uçuş hereketleriniň nyzamly we arasy açyk görnüşde bolýanlygydyr. Şol sebäpden şahyr R. Gamzatow durnalaryň arasyny açyp uçýandygy baradaky pikirini “Şol boş galan künjek meniň ýerim bolaýmasa” – diýip berkidýär. Onsoň awtoryň durnalaryň nyzam bilen uçuşyny söýmeginde kanunalaýyklyk bar. Awtoryň durnalary uzak wagtdan bäri synlap ýörendigi belli bolýar. Ýöne bir synlamagam däl, ol adamyň uruş zerarly köýen ykbaly hakda pikir edýär, nädip şeýle kynçylykdan üstün gelmegiň ýollaryny gözleýär. Şol ýerdenem onuň nobatma nobat ötýän günler baradaky filosofiýasy özüni görkezýär. Bu ýene-de biygtyýar ýadyňa durnalaryň nyzamly hataryny düşürýär. Ähli zatdan öz gynanjyňy gözläp tapmak, ähli zatlary bir başlangyç indiwidual nokatdan özüňe propersional gatnaşdyrmak diňe ýürekden geçirip ýazan awtorlara başardýar. Elbetde, nobatma nobat ötýän günleri biri – biriniň yzyndan düzülen durnalara meňzetmek edebiýatda öňdenem bardy. Bu babatda, awtora rus edebiýatynyň täsiriniň ýeten bolmagy gaty ähtimal.

Hatyra günleri gelen mahaly

Eşdiler asmandan aýdymly bir ses – diýen setirlerinde awtoryň sena öwren aýdymy bilen täzeden gabatlaşýarys

Nyzama düzüler esgerler ýaly

Hem Frenkel, hem Gamzatow, hem Bernes – “Sen öz eden işiň bir bölegine öwrülýärsiň” diýen pähime laýyklykda, awtor “Durnalar” aýdymyny döredijileriň özüni hem durnalaryň hataryna goşupdyr. Şeýlelikde, asmandan toýnuk gurap barýan üç sany durna göz öňüňde janlanýar. Geometrik figuralar boýunça ölçesek, durnalaryň asman giňişligindäki uçuş proýeksiýasy üçburçlugyň (göni we ýiti üçburçlyklar) şekilindedir. Bir göni çyzygyň üstünde ýatmaýan üç nokatdan we olary yzygiderli birikdirýän üç kesimden ybarat bolan figura üçburçluk diýilýär. Durnalary edebiýatda üçburçlugy aňladýan simwol hökmünde kabul edýärler. Bu olaryň süriniň başynda – kakasy, yzynda – ogly, soňunda bolsa – ejesi diýen ýaly maşgala piramidasyna meňzeş uçuşy sebäplidir. Gurluşy boýunça maşgala ierarhiýasyna çalym edýän bu guşlaryň “durna ýaly adalatly” diýen epiteti bolsa, uçuş döwründe süriniň serdar guşy bilen iň yzdakysynyň ýerini çalşyryp uçýanlygyndan gelip çykandyr. Şeýle bolanda hatar bozulmaýar we iň soňky birinji, birinji bolsa iň soňky bolup, uçuşy şowly amala aşyrýarlar. Eger-de, biz nyzama düzülen üç durnany awtoryň göz öňüne getirşi ýaly göz öňüne getirsek, onda ýiti üçburçlyşugyň şekilini alarys. Ýerdäki esgerleri hem durnalaryň hatary deýin nyzama goýsak, onda şeýle dörtburçluk emele gelýär:

 

 

Bu şekile geometriýada romb diýilýär. Romb – ähli taraplary deň bolan parallelogrammdyr. Suratdan görnüşi ýaly, romb – bu dörtburçlugyň bir şekilidir. Edebiýatda  bu şekilleriň edebi manysyny geraldika, semantika, semiotika ýaly ylymlar öwrenýär. Geometrik simwollarda üçburçluk – iň köp agzalýan figuradyr. Mifleşdirilen çeper şygyr tekstlerinde üçburçluk – ýeriň bol hasyllygyny, nika gatnaşyklaryny, üpjünçiligi aňladýan bolsa, üçlük sany – fiziki durnuklylygy: dogluşy – ýaşaýşy – ölmi

Ýaşaýşy – ölmi – täze ýaşaýşy

Beden – akyl – jany

3 kosmik gatlagy – asmany, zemini, aşaky bölegi – aňladýar. Iki sany biri – biri bilen kesişýän üçburçluk bolsa – ylahylygy, ot bilen suwuň birligini, ruhuň materiýadan üstünligini şekillendirýär. Ynha, ýokarky şekiliň şular ýaly manylary bar. Rombuň dörtburçlukdygyny, dörtburçlugyň bolsa meýdandygyny, meýdanyň bolsa edebiýatda ýeri, zemini aňladýandygyny ýene bir gezek ýatladyp, siziň ünsüňizi zeminiň metaforik keşbine çekesimiz gelýär. Birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda ene ýeri her dürli meňzetmeler bilen atlandyrdylar. Şol meňzetmeleriň aglaba köpüsinde zemin – häkimiýetiň we dolandyrmaklygyň umumy meýdançasy bolup çykyş edýärdi. Meýdany we giňişligi bolany sebäpli, başgaça ýere (meýdana) “häkimiýet” diýip at berýärler. Adamzat döräli bäri, ol häkimiýet duýgusy bilen ýaşap gelýär. Hut häkimiýet duýgusy ynsanyň ilkinji duýgusydyr. Diýmek, biziň ýokardaky şekilimiz hem “häkimiýet” diýen düşünjäniň edebi geometrik şekilidir. Onuň bir tarapy asman, bir tarapy bolsa zemindir. Bular hem öz gezeginde durnalar ýaly, ýerlerini çalşyp durýarlar, ýagny zeminde söweşip, durna bolup asmana göterilýärler. Durna bolup asmana göterlensoňlaram, ýene zemine gaýdyp gelýärler. Netijede, tebigy dowamlylyk ýüze çykýar. Nesil dowam edýär. Hawa, häkimiýetiň diňe gowy tarapdan özüni tanatmalydygyna ümleýän bu goşgy ýürege ýakyn. Onda sil ýaly akyp gelýän, batly hem-de okgunly duýgular däl-de, edil durnalaryň ýuwaş hem-de kanagatlylyk bilen uçuşy ýaly asuda duýgular agdyklyk edýär. Şol asudalyk bilen kalbyňa ornaýan duýgularyň mazmuny urşy ýigrenmeklikden, onuň hasrat berýändigine göz ýetirmekden ybaratdyr.

Bütin dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň gerekdigi hakdaky pikirler bilen çykyş edýän Hormatly Liderimize işlerinde we döredijilikde üstünlik arzuw edýäris. Goý, onuň agzybirlige, ynanyşmaklyga çagyrýan ynsanperwer sesi her bir ýerden eşidilsin we ýüreklerde orun tapsyn.

 Bägül ATAÝEWA

 

 

 

23 |
|