Mugallym
9 minut alar
MUGALLYM
(hekaýa)
Men ony birinji gezek görenimde, gülkünç keşpli artiste meňzedipdim. Ol, hakykatdanam, “Döwranyň başdan geçirenleri” çeper filmindäki Akmyrat Bäşimowyň janlandyran emelsiz çişik gahrymanyna örän çalymdaşdy. Edil şolar ýaly orta boýludy, ylgan wagty semizliginden ýaňa garynlary sallanyp durdy. Ony gören wagtyň sebäp ýok ýerden ýylgyrasyň gelýärdi. Men, hatda, onuň daşyndan göräýmäge şeýle ýakymly halyna näme üçin durmuşda örän gazaplydygyna düşünmän geçdim. Ol käwagtlar başga mugallymlaryň kän bir üns bermän, giňgöwrümlilik bilen ýeňäýjek meselelerinem ulaldybererdi. Ýadyma düşýär, bir gezek onuň sapagynda synpdaş gyzymyz ýerinden ör turdy-da, yz ýanjygynda oturýan synpdaş ýigidimiziň özüne gelşiksiz sözler bilen sögünýändigini duýdurdy. Şonda mugallymyň tegelekden ap-ak ýüzi gulagyna çenli gyzardy-da, gözlerinden uçgun çykyp gitdi. Ol synpdaş ýigidimiziň gulagyna mazalyja gondurdy welin, synpdaş ýigidimiz aýak üstünde durubilmän entirekledi. Onuň aglaýan bolmagam ahmaldy, ýöne biz mugallymyň tolgunýandygy üçin arasynda sakynyp gidýän sözleriniň batly çykyşyndan ýaňa hiç kimi eşidemzokdyk. Mugallym asla köşeşerli däldi. Ol elini hereketlendirip özüňi tertipli alyp barmalydygyny düşündirýän wagty biz öz ýanymyzdan ýene bir urgunyň bolmak ähtimallygyndan çekinip otyrdyk. Synpdan bolsa demem çykanokdy. Şol gün arakesmede diňe mugallymyň synpdaş ýigidimize çalan şarpygynyň gürrüňini etdik. - Sen gördüňmi, Berdi görgülijik entirekläp gitdi – diýip, joram Gyzylgül maňa ýüzlendi. - Oňa geregem şol! – diýip, men jogap berip ýetişmänkäm, göwne deglen synpdaş gyzymyz seslendi. “Haý, näme-de bolsa, mugallyma gowuja degseler gerek, okuwçyny urmak bolanog-a’ diýip, oglanlarymyz gürrüňimize goşuldy. Soňky sapaklaryň birki sanysynda beýleki mugallymlarymyzam bu işde kärdeşini goldamaýandygy, okuwça beýle gödek daraşmaly däldigi barada ýaňzytdylar. Mugallyma bolsa, hakykatdanam, müdirlik tarapyndan käýinç berlipdir. Şondan soň ol sapaga höwessiz girmäge başlady. Hatda, birki sapaklap biz tarapa seretmedem. Täze temany gürrüň berýän wagty men: “Bize däl-de, diwarlara gürrüň berýärmikä?” diýibem pikirlenip ýetişdim. Sebäbi ol hiç haçan bizden ýüzüni sowup, sapak düşündirmändi. Taryh mugallymy bolany üçin ol bizi her dürli beýik şahsyýetler bilen ruhlandyrmaga çalyşýardy. Şonda onuň uly göwresi öňküdenem beter ulalyp, gadymy müsür faraonlarynyň heýkeli ýaly haýbatly görnüşe geçýärdi. Ol geçmişiň beýik oratorlaryna meňzejek bolup, şahsyýetleriň ömri baradaky geň enaýy maglumatlary uly hyjuw bilen aýdyp berýärdi. Onuň käbir aýdýan maglumatlary okuw kitabynda-da ýokdy. Ine, meselem Ýuliý Sezaryň ömri hakynda gürrüň berende, mugallymyň sözlerinden ruhlanan synpdaşlarymyzyň biri: “Sezardan beýik serkerde barmyka?” diýip sorady. Mugallym bir pursat sorag berene seredip durdy-da, ynamly “Bar!” diýdi. Synpdaş ýigidimiz ýene bir zat diýmek üçin agzynam açyp ýetişmedi. Mugallym ony tagta çykardy-da: “Rimde ýene on iki sany Sezar ýaşapdyr, ýöne ondanam beýik serkerde bar” diýip aýtdy. Şol wagt synpdan her dürli çaklamalar eşidilip ugrady: - Napaleon! - Çingiz han! Synpyň bir künjünden öň eşitmedik serkerdämiziňem ady eşidildi: - Min Ho! - Teýmirleň bolaýmasyn... Mugallym çaklamalar gutaryp, synp köşeşýänçä, özüne mahsus bolmadyk sabyrlylygy bilen diňläp durdy. Soňundan bize tarap seredip, kellesini ýaýkady. Elbetde, biziň hemmämiz bu hereketiň eden tamasy çykmadyk adamlaryň hereketidigini bilýärdik. Şol sebäplem örän müýnürgedik. Birimizdenem sesseda çykmady. Ol sorag beren synpdaşymyzyň alkymyna dykylyp bardy-da: “Dünýäni alan Aleksandr Makedonskiý bolsa-da, iň beýik serkerde – bu seniň öz halkyň serkerdesidir, şony unutma!” diýdi. Soňundan birnäçe beýik türkmen serkerdeleriniň adyny sanaşdyrdy; Togrul beg, Alp Arslan, Jelaleddin... Synpdaşymyz sesini çykarman duranam bolsa, mugallym onuň berjek soragyny gözlerinden okan bolmaly. Ol: - Biziň serkerdelerimiziň mahabaty ýetenok – diýip ýylgyrdy. – Ine, sen ulalaňda taryhçy bol-da, olar hakynda çeper film döret. Şonda olar, Pylanyýew, kim diýdiň ýaňky serkerdäniň adyna? – diýip, ol iň yzda oturan ýetişigi pesräk synpdaşymyzdan sorady. Synpdaşymyz ogurlykda tutulan ýaly, gyýk gözlerini elek-çelek etdi-de, ýuwaşlyk bilen “Min Ho” diýdi. Mugallym: - Ana, şonda Min Hodanam meşhur bolarlar, hökman meşhur bolarlar, sebäbi biziň serkerdelerimiz hakykatda ýaşan we taryh döreden adamlar, Pylanyýewiň gürrüňini edýän Min Hosy-ha aslynda oýlanyp tapylan gahryman. Oňa diňe Pylanyýew ýaly bäşlikçiler ynanýar – diýdi welin, barymyz hezil edip gülüşdik. Iň yzda oturan synpdaşymyz bolsa, utanjyndan ýaňa tas ýere giripdi. Umuman, ol şo hili galjaň we badyhowa adamdy. “Taryh, taryh, hemme zat taryh!” diýip, şeýle köp gaýtalaýan adama men başga duşmandym. Biz onuň dözümli häsiýetini uruşlar hakda köp okaýanlygyndan görýärdik. Ol iň ownujak zatlaram jezasyz goýmaýardy. Şonuň üçinem synpda aýratyn söýgüden peýdalanýardy diýsem, ýalan sözledigim bolardy. Onuň sapagy gyzyklydy hem gorkulydy. Biz diňe mugallymyň rugsat beren wagty gymyldap ýa öz pikirimizi aýdyp blýärdik. Bu bolsa örän seýrek bolýan ýagdaýdy. Biziň demimizi alman diýen ýaly oturşymyza käwagtlar onuň keýpi göterilip ýylgyrýardy-da: “Hany, sizem bu barada öz pikiriňizi aýdyşdyryň” diýip soraýardy. Şonda biz ýaňy direlen jandarlar ýaly gobsunma tapyp, ilki ýuwaşjadan, soň biraz sesli, soň batly jedelleşmäge başlaýardyk. Ýöne şol erkinlik berlen pursatda-da biz düzgün – tertibi berk berjaý etmelidik. Öte geçmek, aşa janykmak, köp jedelleşmek bolanokdy. Bardy-geldi, öte geçäýsek, onuň ýaňy bir açylyşan tegelek ýüzi bürüşýärdi-de: “Bes ediň!” diýip gygyrýardy. Soňundan ol: “Siz taryhçylar däl, siz nadan jedelkeşler!” diýip, bizi ýaňsylap goýbererdi. “Taryhy kim köp gygyrmaşak edip döretmeli däl-de, akyl bilen döretmeli” diýip, ol elini haýsydyr bir taryhy obýekte ýa şahsyýete tarap salgap goýbererdi. Onsoň biz şo taryhy obýekt barada okuw kitabynda-da duşmaýan maglumatlary kaýyllyk bilen diňlemeli bolýardyk. Biziň on bir sany beýleki derslerden okadýan mugallymlarymyz bir ýana, taryh dersinden okadýan Öwez mugallymymyzam bir ýanady. “Özüne Göroglyň ogly däldir öýdenok” diýip, biz käwagt içimiziň ýangyjyna özümizi köşeşdirýärdik. Has gahary gelenrägi “Öwez Göroglynyň ogly däl-de, ogullyk alany” diýibem goýberýärdi. Bir gezek ertir ýigrimi bäşinji maý diýlen güni şeýleräk bir waka boldy. Ýa özüni aşa söýýändirler öýtdümi, ýa-da söýginem gorky bilen gazanyp bolýandyr öýtdümi, bilemok, Öwez mugallym sapaga ýylgyryp geldi-de, özünde bir kiçijek teklibiň bardygyny aýtdy. Biz nähili teklipdigini soramaga milt edibilmedik. Ol: - Bölejik kagyz alyň-da, iň gowy görýän mugallymyňyzyň adyny ýazyň! – diýdi. Soňundanam biziň taryh sapagynda kimiň adyny ýazjagymyzy güman edendirdä, elbetde. – Kagyz ýüzünde öz adyňyzy görkezmäň, onsoň kiçijek edip epläň-de, yzdan öňe geçiriň – diýip tabşyrdy. Meniň sorgaly gözlerimem jogapsyz goýmady: - Adyňyzy görkezmeli diýsem, siziň baryňyz meniň adymy ýazarsyňyz – diýip ýylgyrdy. Biz haýsy mugallymy gowy görýändigimiz barada pikirlenýärkäk, ol belent hem ýogyn sesi bilen: “Arkaýyn ýazyň, dogrujaňyzy ýazyň, barybir sizi tanajak adam ýok” diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. “Hany göreli, Altyn mugallym çagalaryň kimi söýýändigini” diýip, öz ýanyndan synp ýolbaşçymyza haýbat atýardy. Jogaplar jemlenip ýetişmänkä, Altyn mugallym aldyrany bar ýaly, synpa kürsäp girdi. Onuň egninde gözüň ýagyny iýip gelýän täze köýnek bardy. Ol täze köýnegini şowurdadyp, deňimizden geçende, gymmat bahaly atyr ysy töwerege ýaýrap gitdi. Mugallymyň ýörände tyrk-tyrk edýän ökjeli köwşem ýüregimizi gobsundyryp, oňa bolan gözügidijilik duýgularymyzy artdyrýardy. Ol biziň üçin elýetmez zenandy. Altyn mugallyma meňzemek synpdaky her bir gyzyň arzuwydy. Onuň näme diýýäni kän bir ýadymyzda galmaýanam bolsa, diýenini ýerine ýetirmäge howlugardyk. Aýdýan zatlaryny jedelsiz kabul ederdik. Bolmasa Altyn mugallyma bolan çekinjeňlik duýgymyzam ýokdy, ýöne onuň göwnüni tapmak islegi gorkymyzdan has güýçlüdi. - Ýeri nädýär, Öwez mugallym, netijeler belli boldumy? – diýip, Altyn mugallym tagtanyň öňüne ýetip – ýetmänkä gülümjiredi. Öwez mugallym jemlengi kagyz bölejiklerini iki eliniň aýasyna alyp, edil bäş daş oýnaýan ýaly garyşdyrdy. - Häzir biläýeris, Altyn mugallym – diýip, ol eplenen kagyz bölejiklerini stoluň üstüne pytradyp goýberdi. Altyn mugallym howlukmaçlyk bilen kagyzdaky ýazgylary öz öňüne çekdi. Onuň bir gapdalynda sag goluny stola diräp duran Öwez mugallym göräýmäge arkaýynlyk bilen bolup geçýänleri synlaýardy. Altyn mugallym birinji kagyzy ynamsyzlyk bilen açdy. Gitdigiçe öz adynyň her kagyz böleginde diýen ýaly çykmagy mugallymyň horajyk ýüzünde wagty bilen ýitmedik ýylgyrşy emele getirdi. Ol ýedinji kagyz böleginden soň, gapdalyndaky – sesini çykarman, her kagyz bölegini gözi bilen yzarlaýan Öwez mugallyma seretdi. Öwez mugallymyň maňlaýyndan akýan derjagazlar bilen birlikde göwresem kiçelýärmikä diýdik. Ýöne onuň uçganaklap duran gözlerinden çen tutsaň, ol entekler ýanbererli däldi. Öwez mugallym Altyn mugallymyň köpmanyly ýylgyrşyna jogap edip, stoldaky beýleki kagyz bölejiklerine tarap ümledi. Altyn mugallym bu gezek gaty arkaýynlyk hem çaltlyk bilen galan kagyz bölejiklerinem açyşdyrmaga başlady. Tä on dokuzynjy kagyz bölejigine çenli ol öz adyny dabara bilen gaýtalady. Soňabaka öz adynyň şeýle köp çykmagy mugallymyň özünde-de bolup geçýänleriň hakykatdygyna bolan şübhelenmäni döretdi. Ol gaşlaryny galdyryp, geň galýandygyny mese-mälim bildirdi. Ýigriminji kagyz bölejigi bolsa hemmämizem geň galdyrdy, sebäbi onda Öwez mugallymyň ady ýazylgydy. Biz synp bolup uludan dem aldyk-da, eginleri sallanmaga başlan Öwez mugallyma adynyň çykandygy üçin begenýändigimizi ýüzümizdäki ýylgyryş bilen aýtmaga çalyşdyk. Ýöne ol öz gulaklaryna hem gözlerine ynanmaýan ýaly, lal-jim bolup durdy. Biz tarapa asla seredeýinem diýenokdy. Ýigriminji kagyz böleginde Öwez mugallymyň adynyň çykmagy Altyn mugallymam begendirdi. Ol haşşyldap dem alýar diýäýmeseň, galan zatda doňdurylan heýkele meňzäp duran kärdeşine “Anhajykga” diýip, gözi gidýän adamyň äheňinde aýtdy. Ýöne Öwez mugallymmy beýle ýalan gözügidijilige ynanjak?! Biz çagadyrys welin, ýöne bizem Altyn mugallymyň on dokuz sany kagyz bölejiginiň öz haýryna, diňe biriniň özgäniň haýryna bolandygy üçin ýüz göterim ýeňijidigini duýup, aýnaýandygyny, gözi gitmese-de, hamana, gözi gidensirän bolýandygyny, şeýdip öz ýeňşini hasam süýjedýändigini bilýärdik ahyryn. Ol ökjeli köwşüni tyrkyldadyp, göwnühoşluk bilen synpdan çykyp giden wagty, megerem, köpümiz eden işimize ökünen bolsak gerek. Ýöne eýýäm giçdi. Tagtanyň öňünde kiçelip-kiçelip, bir gysym bolan göwre durdy. Ol bize şo pursat şeýlebir naýynjar seretdi welin, men ol bizi şeýdip jaýlaýarmyka öýtdüm. Biraz wagtdan soň onuň naýynjar garaýşy ýitdi-de, ýüzünde manysyz bir gysgajyk garaýyş emele geldi. Onuň şo pursat näme pikir edenini anyk aýtmak çetin. Men mugallymyň ýüzüne seredibilmän, gözümi aşak saldym, sebäbi Öwez mugallymyň adyny ýazan şol ýigriminji okuwçy men däldim. Häli-häzirlerem şol okuwçynyň kim bolandygyny anyk bilemzok, sebäbi “Şol okuwçy mendim” diýýän üç sany synpdaşymyz bar. Onuň anyk kimdigini bolsa, Öwez mugallym bir gezegem bizden soramady. Diňe öňküsinden kiçelen ýaly göwresini oturgyja atdy-da, köýneginiň iligini ýazdyrdy. Soňundan, hamana, biziň bardygymyzy bilmeýän ýaly, synp penjiresiniň aňyrsynda seleňläp ýatan uzakdaky ýaşyl meýdana seretmäge başlady. Onuň nazary bir zadyň zaryny çekýän adamyň nazarydy. Onuň bakyşynda, hakykatdanam, nämedir bir zada teşne adamyň intizarlygy, nämedir bir zada garaşýan adamyň ýalňyzlygy, nämedir bir zatda utulan adamyň gussasy bardy. Ol ömürlik ýadymda şeýle görnüşde-de galdy. Onsoň jaň kakyldy, biz arakesmä çykdyk. Soňky synpda bizi taryh dersinden başga bir mugallym okatdy. Ýöne her gezek şo başga mugallymyň sapagynda men içimden: “Biz-ä saňa zalymlygyň üçin kagyz bölejiklerine adyňy ýazman jeza beräýdik welin, sen biziň zalymlygymyz üçin bize nähili jeza bererkäň, Öwez mugallym?” diýip, gaýybana sorag berýärdim. Jogaba derek onuň bir zatlara umyt bilen seredýän intizar garaýşy göz öňümde janlanyp gidýärdi. Men şo pursat ökünmekden ýaňa hyrçymy dişleýärdim hem-de şundan uly jezanyň bolup bilmejegini gynanç bilen boýnuma alýardym.
Bägül Ataýewa