Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

MÖHÜM PUDAGYÑ ÖSÜŞ BINÝADY

3 minut alar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklary, şol sanda obasenagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça anyk we netijeli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynda möhüm pudaklaryň biri-de, balykçylyk hojalygydyr. Balykçylyk hojalygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda aýratyn üns merkezinde durmak bilen, bu pudak maddy-tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanylýar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Balykçylyk ulgamyny ekologiýa ugry boýunça sazlaşykly ösdürmek baradaky wezipeler gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda öňe sürülýär. Balyklaryň köpdürliligini gorap saklmak, esasan-da, Gyzyl kitaba girýän balyklary goramak boýunça anyk we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda bu babatda “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak” hakyndaky Kanun hereket edýär. Bu Kanun balykçylyk ulgamyny kadalaşdyrýan esasy resminama bolup, onda balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary beýan edilýär. “Suw hakynda" Türkmenistanyň Kodeksinde bolsa, balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalaryny goramak işleri babatdaky durmuşa geçirilmeli wezipeler hem aýratyn nygtalýar.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna bekre, gündogar ýyndamy, Hazar azatmahysy, Uzboý ak çapak, turpan, Köýtendag körýalaňaç we ýene-de birnäçe balyk görnüşleri girizildi.
Türkmenistan uzak döwürlerden bäri özüniň balyklary bilen hem meşhurdyr. Ýurdumyzyň Hazar deňzinde, Amyderýada, Murgap, Tejen derýalarynda, Garagum derýasynda ýaşaýan balyklaryň ýaşaýyşlaryny, köpelişlerini, ýaýraýyşlaryny we ekologiýasyny öwrenmek häzirki döwürde wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Türkmenistanda derýalary, hapa-haşal otlardan, çüýrüntgilerden, mör-möjeklerden gorap saklamak ýaly işler, ol ýerlerde ot iýýän balyklary köpeltmek, deňizdir derýalaryň ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamak üçin amala aşyrylýan işlerdir.
Balyklar barada gürrüň açylanda, Hazar deňzini agzaman geçmek bolmaz. Hazar deňzi özüniň baý haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Bu deňizde seýrek duş gelýän we endemiki, tebigaty goramak boýunça halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen jandarlaryň 300-e golaýy ýaşaýar. Deňiz giňişliginiň türkmen böleginde baý balyk gorlarynyň dikeldilmegine, balyk önümlerini gaýtadan işleýän senagatyň işini düzgünleşdirmäge ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýär. Sebitiň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga gönükdirilen çäreler yzygiderli alnyp barylýar.
Gadymy Daşoguz topragynda hem, balyk hojalyk ähmiýetli kölleriň eneçemesi bolup, olardan Sarygamyş, Aýböwür, Zeňňibaba, Uzynşor, Uzboý, Atabaýşor köllerini mysal getirmek bolar. Bu kölleriň kenarýakalarynyň abadançylygyny saklamakda, olarda ýaşaýan balyklaryň köpelmekleri we tebigy ýagdaýda ýaýramaklaryna şertleri döretmekde, balykçylyk ulgamynyň ösüşlerini, balyklaryň ýaýraýşynyň we ekologiýasynyň aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmekde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň Daşoguz welaýaty boýunça bölümi tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Bu bölüm tarapyndan balykçylygy ösdürmekde ugurdaş düzümler bolan “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanasy, Daşoguz welaýat daşky gurşawy goramak müdirligi, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Türkmenistanyň awçylar we balykçylar birleşen jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde meýilnamalaýyn işler geçirilýär. Edara-kärhanalarda, ilatyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilip, balyklaryň işbil taşlaýan döwri bolan her ýylyň 26-njy apreli – 31-nji maýy aralygynda balyk tutmaga girizilýän çäklendirmäniň ähmiýeti giňişleýin düşündirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň çuň bilimli bolmagy üçin uly aladalary edýär. Şeýle-de, ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň ýaşlygyndan ylym bilen meşgullanmaklary üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa, ýaşlaryň  mekdep ýyllaryndan başlap, ylmyň dürli ugurlaryna çuň aralaşmagyna ýardam edýär. Balyk hojalygyny ösdürmegiň netijeli ugurlary, ekologiýa bilen arabaglanyşygyny açyp görkezýän ylmy işler hem, bu ugurda möhüm orna eýedir. Ylmy garaýyşlar, seljermeler we pikirler möhüm pudagyň nazary we ylmy-amaly binýadyny berkitmäge özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlar hem bu babatda birjikde çetde durmaýarlar. Olar balyk hojalygynyň düzüm bölekleriniň her biri dogrusynda ylmy gözlegleri amala aşyrýarlar.

Bazar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky
ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň döwlet
balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň
Daşoguz welaýaty boýunça bölüminiň başlygy.

11 |