Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

.

Minimalizm bilen täze durmuş

3 minut alar

Pikirlenip görüň, öňüňizde bir düwme bolsa we siz şol düwmä basan ýagdaýyňyzda durmuşyňyzy düýbinden üýtgedýän bolsa, gereksiz ähli zatlary siziň durmuşyňyzdan aýyryp, meşgullanýan zadyňyza ünsi jemlemäge kömek edip, sizi has üstünlikli biri edip, gereksiz köpçülikden seni daşlaşdyryp diňe saňa zerur bolan zatlar bilen meşgullandyrýan bolsa onda siz şol düwmä basardyňyzmy?

Ynha minimalizm hem adamlara maddy we ruhy taýdan täze bir durmuş hödürleýär. Minimalizm ýa-da az köpdir düşünjesi özüňdäki manyny, durmuşdaky manyny gözlemäge çalyşmakdyr. Bu bize zerur bolan zatlara ünsi jemläp, gereksiz zatlary durmuşymyzdan çykarmagy ündeýär.

“Minimalizm – ynsana peýda getirmeýän, hiç bir maksada hyzmat etmeýän ähli zatlardan uzaklaşmakdyr”

Minimalizm bir zatlardan mahrum galmak däldir, tersine möhüm zatlardan mahrum galmakdan ýüz öwürmekdir. Sada durmuş diňe bir az zatlar bilen ýaşamak däl-de şol azdaky hili görüp bilmekdir. Adaty adamlaryň gündelik durmuşyndaky üns bermeýän möhüm zatlarynyň parhyna barmakdyr minimalizm. Mysal üçin: işleýän ýerimizi, ofisimizi sadalaşdyrsak, gereksiz zatlary aýyrsak iş öndürijiligimizi nähili artýandygyna; görüşýän adamlamyzyň sanyny azaltsak emele gelýän gepleşikleriň, gatnaşyklaryň has hem manyly bolýandygyna; edýän gereksiz söwdalarymyzy azaltsak diňe biz üçin peýdaly zatlaryň alynýandygyna göz ýetireris we netijede durmuşymyzyň gereksiz bölegini aýyryp galan möhüm bölegi bilen ýaşasak bize bagtly we manyly durmuşyň garaşýandygyny göreris. Gysgaça gereksiz zatlary azaltsak bize gerek zatlary görüp başlarys.

Minimalizm nirden emele geldi?

Aslynda minimalizm düşünjesi bize hiç hili uzak däl. Biziň dinimiz, medeniýetimiz hem sadalygy ündeýär. Häzirki wagtda dünýäde disposofobiýa diýen bir zatlary ýygnamak keseli emele geldi, sebäbi belli bolmasada hemişe birzatlar satyn alýarys, täze birzatlar satyn almak barada aladalanýarys. Satyn alan zatlarymyz hem şol duran ýerinde duranok, wagtyň geçmegi bilen satyn alan zatlarymyz bize eýe çykýar. Şeýlelikde durmuşyňdaky dolandyryşy zatlara, maddalara bereniňde adamyň ruhy taýdan güýjüniň peselmegine getirýär we maddalaryň dünýäsinde batyp galan ruhy taýdan güýçsiz nesil emele gelmegine sebäp bolýar.

“Çylşyrymly zatlaryň gowudygyny düşünmek adamlaryň umumy ýalňyşydyr”

R.Dekart

Sada durmuşda ýaşamak ynsan bilen, many bilen meşgullanmak üçin has köp mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda her bir adamyň sarp ediş mukdary artyp barýar, esasy ýeri hem munuň sebäbini hiçimiz doly bilemzok. Şonça köp sarp etmegimize garamazdan bu zatlar biziň bagtly durmuşda ýaşamagymyza kömek edenok. Onda näme üçin bize peýdasy bolmaýan sunça zatlara eýe çykyp sarp edýäris? Ýogsa-da durmuşyň gymmaty eýe çykýan zatlamyzyň mukdary bilen däl-de olaryň hili bilen we öz wagtymyzy netijeli ulanyp bilmegimiz bilen artýar.

“Esasy zat durmuşda köp zada eýe çykmk dälde, az zada mätäçlik duýmakdyr”

Bir zatlara eýe bolmak erbet däl, ýöne dünýäniň ýüzleý aladalary bilen hemme wagtymyzy geçirip öz saglygymyzyň, kämilleşmegimiziň, arzuwlarymyzyň, maksatlarymyzyň ikinji orunda durmagy gowy däl.

Sadalaşmaga synanyşmak akylly adamlary emele getirýar, çünki bu düşünjäniň düýbinde sorag bermek, analiz etmek, karar bermek, parhynda bolmak bar, şeýlelikde bu ünsi maksada gönükdirýänligi sebäpli köpçüligiň ösmegine hem getirýär.

Nirden başlamaly?

Minimalizmi iki jähtden seredip bolýar ýagny maddy we ruhy. Eger biz diňe maddy taýdan sadalaşsak onda ol biz üçin diňe trende öwrüler we içimiz gyssa goýbolsun ederis. Şonuň üçin ruhy taýdan sadalaşmagy unutmaly däldir, sebäbi ol bize hakyky biz bilen duşuşmagymyz üçin, möhüm  zatlaryň parhyna barmagymyz üçin gerek.

Minimalizmde öňümizde çykan zatlaryň hemmesini zyňmak bilen düşünilmeýär, ilki bilen özümize sorag bermeli: sadalyk biz üçin nämä gerek? Şeýlelikde ähli zat özümize sorag bermek bilen başlanýar!

 

 

"Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaýa dek.

Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly."

Gurbannazar Ezizow

 

 

 

29 |