
jemgyýetçi
Meniň makalam näme üçin çykmaýar?
4 minut alar
«Metbugat redaksiýalaryna makala ugradýaryn, ýöne çap edenoklar» diýip zeýrenýänleri eşiden bolsaňyz gerek. Bu meselede birnäçe sebäbi göz öňünde tutmaly.
«Size suw durnuklylygy barada makala iberdim, emma çykarmansyňyz» diýen ýaly ýüzlenmeler bolýar. Ilki bilen, redaksiýa biziň her diýen zadymyzy çap etmeli diýen talap ýok.
Käbir adamlar bolsa: «Biziň edaramyzdan şol tema boýunça makala çykarmaly diýen talap bar» diýýärler. Emma redaksiýa biziň edaramyzyň ýöriteleşdirilen sahypasy däl, we ýolbaşçylarymyzyň talabyny hökman ýerine ýetirmeli diýlen düzgün ýok. Neşiriň öz redaktorlary we redaksiýa topary bar. Her neşir öz ýaýlym syýasatyna we okyjy köpçüliginiň islegine laýyklykda makalalary saýlap alýar. Olar esasan, neşiriň ýöriteleşen ugurlaryna degişli, ygtybarly we täsirli materiallary gözleýärler (biznes, sungat, çagalar, zenan dünýäsi, senagat we ş.m.).
«Näme, onda hiç çykaryp bolmaýarmy şol temada?»
Elbetde, çykaryp bolýar.
«Nädip?»
Ilki bilen, makalanyň mazmunynda siziň öz döredijiligiňiz bolmaly. Göçürme tekst (plagiat) gadagan. Çeşmelerden peýdalanyp bolar, emma olary dogry ulanmaly.
Şol bir makalany iki dürli neşire bermek hem dogry däl. Maglumat meňzeş bolsa-da, tekstde üýtgeşiklik etmeli. Esasan-da, onlaýn portallarda meňzeş tekstler gözleg motorlarynyň süzgüjine düşýär we neşiriň reýtingini peseldýär.
Käbir adamlar hiç utanman halkara guramalaryň (BMG, ÝUNISEF ýaly) resmi saýtlaryndan tekst göçürip, öz adyndan iberýärler. Emma redaksiýalar üýtgeşik, täsirli we okyjylar üçin gyzykly materiallary gözleýärler.
Eger habar ýa-da analitiki makala ýazylýan bolsa, takyk maglumat berilmeli. Gep owadanlamadan gaça durmaly, emosionallyga ýol berilmeli däl. Žurnalistika – edebiýat däl.
Žurnalistika ≠ edebiýat
Žurnalistika esasan «Näme? Nirede? Haçan?» diýen soraglara jogap berýär.
«Ir säher bilen öwüsýän bahar şemaly, guşlaryň saýrak sesi desganyň açylyş dabarasyna gelen adamlaryň ýüreklerini tolgundyrdy…»
Habar beýle ýazylmaýar. Adamlaryň ýüregini nirden görýärsiň? Takyk zat ýazmaly.
Mysal: «Ahal welaýatynyň senagat zolagynda täze desga açyldy. Dabara welaýat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Desganyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 70 müň tonna bolup, 400-den gowrak iş orny döredildi. Işçiler üçin ulag we iýmit üpjünçiligi ýola goýuldy.»
Žurnalist öz adyndan pikir bildirip bilmeýär. Ýagny, owadan gepleri başgasynyň adyndan aýtmaly bolýar.
Mysal: «Bu desganyň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady taryhynda uly waka boldy» diýip, etrap häkimi çykyşynda belledi.
Ensiklopediki maglumatlary çap etmegiň peýdasy ýok. Okuw kitaplarynda bar bolan ýa-da öňden belli maglumatlary gaýtalamagyň manysy ýok.
Mysal: «Çary Ýegenmyradowyň ömri we döredijiligi» – bu tema boýunça eýýäm müňlerçe makala bar.
Emma «Çary Ýegenmyradowyň öň çap edilmedik goşgulary tapyldy» – bu täze maglumat.
Redaksiýalar haýsy materiallary çykaryp biler?
• Täzelik
• Habar
• Statistika
• Analitika (seljerme)
• Syn
Emma her biri üçin zähmet siňdirmeli. Habar ýazanyňyzda hem daşary ýurt saýtlaryndan göni terjime edip goýmak ýeterlik däl. Habary ilkinji çeşmeden almaga synanyşmaly. Hatda öz gatnaşan wakalarymyzy habar edip ýazyp bilsek iň gowusy.
«Meniň ýazmaga höwesim ýok, işim kän, wagtym ýok. Ýöne ýolbaşçylarymyň talabyny ýerine ýetirip, adym familýam çykarylsa bolýar»
Bu ýagdaýda emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilersiňiz. Ýöne şonda-da tekst üstünde işlemegiňiz gerek.
Şeýle-de käbir awtorlaryň (telekeçi, jemgyýetçi, lukman, we ş .m ) kitaplaryny, makalalary doly özleri ýazman, «ghost writer» (arwah ýazyjy) bilen işleşýänler hem bar. Olar gerekli maglumatlary ýazmaça ýa-da dilden berýärler, «ghost writer» bolsa tekst taýýarlaýar. Emma makalany redaksiýa hökman awtoryň özi ibermeli we öz şahsyýetini tassyklamaly.
«Meniň döredijilige höwesim bar. Menden hiç kim zat talap edenok. Ýöne ýazýan zatlarymy halk bilen paýlaşasym gelýär, emma redaksiýalar çap edenok. Näme sebäpdenligini aýdanoklar?»
Ilki bilen, redaksiýalar her ýazylan hatlara syn bermäge borçly däl. Olar günde onlarça hat alýarlar, olaryň köpüsi «boş» materiallar bolýar, ile çykararlyk däl.
Emma siz hakykatdanam tejribe gazanmak we makalalaryňyzy çap etdirmek isleýän bolsaňyz, häzirki wagtda sanly ulgamda köp mümkinçilik bar.
Tölegsiz blog platformalary we sosial torlar bar. Mysal üçin, makalam.com saýty. Gaty aňsat. Şahsy otag açýarsyňyz, ýazan zatlaryňyzy ýerleşdirýärsiňiz. Harp ýalňyşy üçin hem size azar berjek ýok.
Şu bloglarda köpräk ýazmaly, ýazmaly, ýazmaly.
We şeýle bir wagt geler, ilkinji makalaňyzyň nähili gowşakdygyna düşünersiňiz, redaksiýalaryň näme üçin çap etmeýändigine göz ýetirersiňiz.
Elbetde Türkmenistanyň we halkara jemgyýetçiliginiň kanunçylyk binýadynyň çäklerindäki maglumatlary. Şahsyýet mertebesini kemsitmek, milletparazlyk , galp maglumatlar, raýatlaryň we ýuridik taraplaryň konfidensial maglumatlaryny ýaýratmazlyk, döwlet we täjirçilik syrlaryny äşgär etmezlik ýaly kanun tarapyndan goralýan meseleleriň ählisini göz öňüne tutmaly. Kanun bilmezlik jogapkärçilikden boşatmaýar.
Umuman diýjek bolýan zadym:
• Döredijilik üçin indi hiç hili bahana ýok.
• «Talant bar, goldaw ýok» diýilýän döwürden geçdik.
• Eger «ýazmaga höwesim ýok» diýýän bolsaňyz, oňa meniň kömek edip biljek zadym ýok.