Hudožnik
Meniň düşünýän hem-de düşünmeýän zatlarym...
2 minut alar
"Doýanyna dokuz gün, semränine sekiz gün..."
Halk pähimi.
Enem kä bir pisindi oturmaýan adamsyna “Hýäk bende, doýanyna dokuz gün, semränine sekiz gün-diýileni-dä. Taňryň beren gününi göterinmäge-de i:njik gerekdir- diýerdi...Meniň çaga aňym ol wagtlar bu sözleriň birine-de düşünmeýärdi. I:njik küje, Taňry küje?.. Asla, ol sözler düýbünden başga zatlar barada aýdylan ekeni. Her iýmişiň öz möhleti bolşy ýaly halkyň mizemez paýhasyna ýetmek üçinem wagt gerek bolýar. Men, inçeden aýlawly bu paýhasyň, bary-ýogy görümsiz göterimler baradalygyna, has soňlar, durmuşda sataşyp, göz ýetirip gelýärin...
Hiç kese bölmedim ynsan ählini
Dereginde adam aslyn küýsedim
Erkeç sürüsinden bizar bolup men-
Goçdan dogan-goç balasyn küýsedim!..
Durmuş täsirleriniň içinden geçip gelşime, ol meniň düşünýän hem düşünmeýän zatlaryma bölünip gidip otyr. Köpçülikde adamlaryň özüni alyp barşyny synlap, olaryň-köp bilýän dymma kişilere. Ondan-mundan eşiden zatlaryny, öz adyndan gürläp- köpbilmişlik edýänlere we özgeleri gözüniň “etegi” bilen synlyýan görüplere bölünýändigini aňlap bolýar. Aňlamak düşünmäge ýol açýar...
Ýöne, meniň aňym nämüçindir-de öwünjeň, görüp, hem göterim, şöhratparazlara düşünmek islemeýär! Şonuň üçin men şöhratparazlygy halamaýaryn!!!
Sebäbi, şöhratparazlyk-edep, mertebe, aslyýet ýaly derejeleriň ýok ýerinde döreýän ýöntemje tilsimidir. Käte: “Şo zat mende-de bar da...Waý, menem şeýle-dä”- diýilmegi, meni kütekligi bilen kejikdirýär. Çünki, bar zadyň özi- özi hakynda aýdyp durkan, ony agzamagyň geregi ýo-ok! Onsoňam öwünmek- görüplügiň alamaty. Görüplik-görümsizligiň alamaty. Görümsizlik bolsa, asylsyzlykdan nyşan!..
Şeýdip, ýaşaýan döwrüne, ýerine, milletine garamazdan asylsyzlar, gedem şöhratparazlygy bilen öz-özüni aýan edýärler...
Bir öwsüm şemaly, göternip bilmän-
Göge galsa çüýrük saman, harpyklar
Danalaryň pendi bilen boý alan-
Däne göwnüm, maňyz göwnüm, çäç göwnüm!
Sarpaly serime tylla täç göwnüm!
Derejesiz deňsizlere deňleşmän-
Sansyz bilen sanaşmakdan artyk bol!
“Öz-özüňi gaýtalamakda-sungat gutarýar...”
Elbet-de döredijilik, ynsan kalbynyň owazy, keşbi bolansoň, ol janly närse. Janly zatlar mydama hereketde-ösýär, özgerýär, kämilleşýär. Şol hili üýtgeşmeleriň ýok ýerinde döredijilik bir depelän ýerinde togtap, göýdügýär. Özüm hakda aýtsam, ýerine ýetirilişi we manysy boýunça, men täzeçil, gyzykly işleriň tarapdary. Talapkär häsiýetim sebäpli, her bir eserimiň ilki özüme gyzykly bolmagy üçin yhlas edýärin. Şolar ýaly işlerimi-surat eserimi goşgularym bilen sazlap, kitap görnüşinde sergä çykarmagym hem köplere täzelikligi bilen ýarapdy. Özümi kanagatlandyran işleriň özgeler üçinem gyzyklydygy meni begendirýär!...