Teswirler (11)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym (talyp)

Men näme üçin ýazyjy däl?

3 minut alar

Ýazyjy... Beýik lakamyňa guwan!

Ýazyjy, galamyň ujy kütelmesin!

Ýaz gören egriňi! Ýaz gören dogryňy!

Ýazyjy...

Men ýazyjy bolmak isleýärin! 

Ýazmak isleýärin, ýöne hemişe däl. Ýazmak, düzmek, döretmek - bu meniň üçin içki dünýämi, ruhy ahwalymy daşyna çykarmak. Ýazmak - bu meniň üçin dertleşmek. Megerem, men şonuň üçin ýazyjy däldirin?!

Ýazyjy kim?! Ýazyjy bu meniň gözümde hakykylygyň we dogry ýoluň ýolbeledi. Ýazyjy - öz pikirleri bilen durmuşyň manysyny we dürli wakalary ýürekden çykaryp, şol päkligi bilen bize gowşurýan şahsyýet. Ýazyjy - öz döwrüniň milli aňyny sergileýän ilçi. Ýazyjy - sungatyň we ynsanperwerligiň rysary (рыцарь).


A men näme üçin ýazyjy däl?! Şu soragy ençeme gezek men özümden soradym... Belki mende ýürek ýokdur?! Ýa-da ukyp ýokdur?! Meniň şahsy garaýşyma görä, ukyp mende bar, men ýazmagy hem, pikirlerimi beýan etmegi hem başarýaryn. Ýöne ýürek meselesinde welin... Ikirjeňlenmän duramok däl. Mende göwün bar, ýürek ýok. Men köp zady göwnüme alýaryn, göterip ýörün entägem birniçe zady gerdenimde ýük edip. Gep daşyma çykarmakda...

Näme üçin daşyma çykaramok?! Ýasamalykdan gorkýaryn. Meniň biderek zat ýazyp, soňra bolsa şonuň bilen tanalmaga niýetim ýok. Isleýşim ýaly zat çykmajak bolsa, goý asla çykmasyn! Ýazan zadym ýürekden bolsun isleýärin. Hakykaty bolşy ýaly görkezsin isleýärin. Ideallarymy, isleglerimi sap durky bilen setirlere geçirmek isleýärin... Başararynmy?! Elbetde hawa, yazmakda mesele ýokmuka diýýärin... Emma welin paýlaşmakda... Mende ýürek ýok, göwün bar!

Okaýaryn, synlaýaryn, görýärin, öwrenýärin. Meniň isleglerim olar ýaly ullakan hem däl. Ilki bilen depämde öýüm, alnymda ýyly ojagym, ýanymda maşgalam bolsun isleýärin. Öýüme bagt getirmek isleýärin. Soňra näme?! Soňra... halkyma goldaw bolasym gelýär. Özüm ýaly göwündeşleriň ýüreginde ýer edinesim gelýär. Maksadym - halka hyzmat. Emma adamzat ýowuz! Nebis agyr jeza biz üçin. Hemme kişi öz ruhuny diňläp duranok... Adamlaryň aglabasynda göwün bilen beýni düzüw. Käbirlerinde biri kemterräk. Käbirlerinde bolsa ikisem görünenok diýen ýaly... Şular ýaly adamlaryň hereketleriniň netijeleri ýowuz bolýar, köpe täsir ýetirýär (aslynda olar azlyk, köplük hem däl). Gürrüň aslynda bu barada hem däldi! Nireden nirä geldik?!..

Hawa, meniň gazanmaly zadym kän. Köp kişiniň öňünde borjum bar! Birinji bilen öz gadyrdanlarymyň öňünde borçly men. Olary ýazyjynyň gazanjy bilen  ýaşadyp bilmerin! Sebäbi olar eşretli durmuşy hak etdiler. Meniň olaryň öňünde bolluk-bereket borjum bar. Muny ýazyjynyň haky bilen ödäp bilmerin. Ýogsa-da, ýazyjy häzir näme gazanýar?! Köp zat däl ahyry?! Kitap okalýarmy?! Ýok diýerlik derejede az. Okalaýsa-da telefondan. Men kitap sataryn öýdüp pikir edemok. Bu maňa borjumy ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermez. Ýöne men ýazaryn! Gysga bolsa-da birzatlar ýazaryn! Işden soň, okuwdan soň, boş wagtlarym ýazaryn... Başardygymdan ýazaryn! Emma ýazyjyda bir mesele bar, oňa ylham gerek! A mende bolsa ylham içim dertden doly wagty döreýär (şu wagt hem şeýle). Men dertli wagtym kellämden geçýän pikirleri ýüzüniň ugruna ýazyp başlaýan. Birzatlar bolarmy?! Bilemok dogrusy... Okalmazça dälmika diýýän ýazýanlarym.

Garaz şeýle... Wasp etmäge zat kän, etmäge gürrüň. Indiden başlap arasynda gysga hekaýalary paýlaşmak ýaly niýetim bar. Aslynda mende şeýleräk bir arzuw bardy hemişe, ol häzir hem bar: okuw kitaplary we ylmy kitaplary (filosofiýadan) hem-de hekaýadyr romanlary ýazasym gelýär. Bolarmyka?! Görüberýäs...

P.S. Size "dertdeşlerim" diýesim gelýär. Sebäbi şunça wagtlap size öz derdimi aýtdym. Okanyňyz üçin minnetdar! We ýene bir zat, ýazyjy diýmek bilen, men hem prozaçy hem şahyry göz öňünde tutdum.

134 |