Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Memuarlar

2 minut alar

Memuar žanry hakynda

                                           (Edebiýat teoriýasy)

Edebiýatyň žanry köp, olaryň käbiri has gadymy döwürlerde, käbirleri bolsa nusgawy döwürlerde (XVIII – XVIII as.) döräpdir. Žanrlaryň häzirem her halkyň estetik spesifikasyna laýyklykda, döreýänlerine gabat gelmek mümkin. Edebiýat söz bilen döredilen mülk bolup, onuň žanrlarynyň belli bir döwürden soň, täze forma geçmegi täzelik däl. Sebäbi döwürler, döwür bilen birlikde düşünjeler, düşünje bilen birlikde bolsa edebiýatyň beýan ediş uslyby özgerýär. Biziň edebiýatymyzda ajaýyp işlenen we işlenýän žanrlar bar, şolar ýaly-da entek köp ýüzlenilmedik, ýöne  dünýä edebiýatynyň tejribeliginde ýygy – ýygydan duşýanlary barada hem aýtmaly. Şolaryň biri-de memuarlardyr (ýatlamalar). Olary köplenç edebi dokumental žanr hökmünde hem sypatlandyrýarlar. Memuar – fr. me`mories, lat. memoria – “ýat” diýen manyny berýär. Ol žanr hökmünde XVI – XVII asyrlarda ýüze çykypdyr. Memuarlar – awtoryň gatnaşmagynda ýa-da gatnaşan, gören adamlaryň (şaýatlaryň) gürrüň bermegi boýunça, haýsydyr bir waka ýa-da şahsyýet hakynda ýazylan edebi – taryhy maglumatlardyr. Käbir çeşmelerde  onuň “gündelik ýazgylary” bilen bir zat hasap edilýän wagty hem bar. Ýöne oňat seljerme berlende, gündelik ýazgylary bilen memuarlaryň arasyndaky tapawudy görmek mümkin. Bu žanrdan edilýän esasy talap – onuň hakykata has ýakyn bolmagydyr. Şol sebäpli ol çeper žanr hökmünde edebiýatda meşhurlyk gazanyp bilmändir. Gündelik ýazgylarynda awtoryň wakalara subýektiw gatnaşygy açylyp görkezilýär, olar taryhy – ynamdarlyk nukdaýnazaryndan anyk ýa-da doly bolman biler. Şeýle-de gündelik ýazgylarynda şahsy maglumatlara üns çekijilik güýçli, şonuň üçinem olar emosional-ekspressiw taýdan edebiýatyň “esse” diýlip atlandyrylýan beýleki ýatlama žanryna has ýakyn. “Esse” fransuz dilinden terjime edilende, “ýatlama” diýen manyny berýär, ýöne memuar žanryndan ony wakalaryň çeper beýan edilendigi düýpgöter tapawutlandyrýar. Bular içgysgynç nutuk bilen gyzykly roman ýaly aýry-aýry edebi atmosferanyň önümleri diýsek ýalňyşmarys. Esse žanrynda awtor wakanyň wagtyny isledigiçe üýtgedip biler, oňa ulaltma, kiçeltme, meňzetme ýaly çeperçilik serişdelerini garyp biler, iň esasam, taryhy hakykaty däl-de, subýektiw çeper hakykaty okyja hödürläp biler. Türkmen edebiýatynda essse žanrynda ýazylan (megerem, ýeke-täk kitap) A. Agabaýewiň “Ezizowyň emri bilen” diýen eseri biziň ýokardaky aýdanlarymyza laýyk meselem. Gynansak-da, bizde beýleki söz ussatlarymyz barada esse ýa-da memuar žanrynda ýazylan düýpli işler ýok. Bu bolsa belli bir derejede şol şahsyýetiň ömür döredijiligini we ýaşan döwrüni göz öňüne getirmekde kynçylyk döredýär. Şol sebäpden okyjylaryň we edebiýaty söýüjileriň ünsüni şu iki žanra çekesimiz gelýär.

  Memuarlar – anyk-taryhy ýazgylar bolup, esasan, döwrüň syýasy – ykdysady keşbini göz öňüne getirmekde, şahsyýetiň realistik obrazyny açmakda peýdalanylýan bolsa, esse – taryhy-çeper uslypda ýazylan žanr bolmak bilen, döwrüň syýasy-medeni tendensiýasyny aýdyňlaşdyrmakda, şahsyýetiň hyýaly-çeper keşbini anyklaşdyrmakda ýardam edýär.

 

    Bägül ATAÝEWA

 

17 |
|