Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Programmaçy

Marketingiň biznesda eýeleýän orny

2 minut alar

   “Gowy önüm özüni satar” - başlangyç biznesmenleriň umumy pikiri. Şonuň üçin kompaniýalary esaslandyryjylar köplenç ähli güýjüni önüme gönükdirýärler we ony ideal görnüşde öndürjek bolýarlar. Gynansagam, bazaryň häzirki hakykatlarynda, gowy önüm bilen müşderileri geň galdyrmak has kynlaşýar. Şonuň üçin köplenç "gowy" önümler hiç kim üçin näbelli bolup galýarlar we "kän gowy däl" önümler dünýä belli markalara öwrülýär. Näme üçin? Bularyň hemmesiniň sebäpkäri ... marketing.

   Marketingiň köp kesgitlemelerinden, men bu ýönekeý düşündirişi halaýaryn: marketing – bu müşderileri özüňe çekmäge we saklamaga gönükdirilen çäreleriň toplumy. Biznesde 20-den gowurak marketing ugurlary bar. Olaryň hemmesinde-de marketingiň umumy maksady we roly üýtgemeýär. Biznes ulgamynda marketing, dolandyrmakdan we maliýeleşdirmekden soň üçünji möhüm roly oýnaýar. 

Kompaniýada marketing ulgamyny gurmagyň esasy ýörelgeleri

  • Dogry marketing plany üstünlikleriň esasyny düzýär. Marketing - bu bulam-bujarlyk däl. Islendik marketing işini ilki bilen planlaşdyrylmaly, strategiýa, biznes-plan düzülmeli, soňra bolsa bu işe pul sarp edilmeli. “Bir zatlar etdik, pul sarp etdik, ýöne netije alyp bilmedik, sebäbi başda kän pikir etmedik” diýen mysallar gynansakda taryhda kän duş gelýär.
  • Gyzyklanýan auditoriýaňyzy çäklendiriň. “20-50 ýaş aralygyndaky aýallaryň hemmesi”, “telekeçiler” ýa-da “dem alýanlar” gyzyklanýan auditoriýa däl! Islendik marketing işi diňe siziň önümiňize zerur bolan adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilmelidir. Mysal üçin, “iPhone” köpden bäri diňe aragatnaşyk serişdesi ýa-da akylly gadžet däl. Köp adamlar üçin, “iPhone”-lar karz pullaryna alynan bolsa-da, "status bermek" işini ýerine ýetirýär.
  • Klientyňky elmydama dogry, eger dogry däl bolsa, bu siziň klientyňyz däl. Marketing klientlary hemişe birinji ýerde goýmagy talap edýär. Bu bazardaky konkurensiýada siziň biznesiňiziň artykmaçlygyny üpjün etmek üçin başlangyç ädim.
  • Marketing diňe bir reklama däl. Hatda reklama marketingiň iň aňsat bölegi diýerdim. Kime, nämäni we nirede reklama etmegi bilseňiz, tehniki taýdan ony durmuşa geçirmegiň özi kyn däl.
  • Ähli maksatlar ölçenilip bilinmeli. Umuman aýdanyňda, örän peýdaly endik diňe sanlara ynanmakdyr.  Marketolog bir işiň täsirliligini sözde subut etsede, ýöne satuw 0 san bilen gutarsa, bu işden ýüz öwürmeli.
  • Hemişe direktor gowy marketolog däl. Direktorlaryň öz şahsy oý pikirleri marketinge uly täsirini ýetirýär, köplenjem gowy tarapdan däl. Gynansagam, bu kompaniýalarda, esasanam kiçi kärhanalarda köp duş gelýär. Şonuň üçin marketologlar direktoryň ähli soraglaryna dogry jogap bermäne taýyn bolmaly we hemişe “näme üçin däl” argumentleriniň esasyny taýýarlamaly. 

Marketingiň roly – gysgaça

   Şeýlelik bilen, marketing bilen biznesiň dostlugyny gazanmak üçin diňe bir marketology işe almak we oňa býujet bermek ýeterlik däl. Marketingiň roly diňe reklamada däl. Klientlary özüňe çekmek üçin ilkinji ädimleri etmezden ozal köp analitik işini ýerine ýetirmeli, soňra bolsa anyk ädimleri kesgitlemeli we netijäni görmeli. Biznesiňizde siziň hemmäňize üstünlik we arassa girdeji arzuw edýärin.

109 |