Halyçy
Marketing näme? #1
6 minut alar
“Marketing” ylmynyň predmeti önüm öndürijiniň, satyjynyň,alyjynyň talaplaryny kanagatlandyrýan we öz önümlerini satmak, ýerlemek üçin täze mümkinçilikleri gözleýän hereketleriň mazmunydyr.“Marketing” ylmynyň esasy obýektleri bazar, sarp ediji,haryt (önüm), hyzmat, nyrh, harytlaryň (önümleriň) hereketi, reklama, satmak we satuwy höweslendirmek hasaplanylýar.
“Marketing” ylmynyň wezipeleri:
• bazary, alyjylary we harytlary (önümleri) öwrenmek, täze öndürilýän we öndüriljek harytlaryň (önümleriň) gelejegini anyklamak;
• Marketing netijesinde alynan maglumatlar esasynda haryt (önüm) öndürmek, harytlaryň (önümiň) hereketini, satmagy we hyzmat etmegi tertipleşdirmek;
• nyrh syýasatyny kesgitlemek we amala aşyrmak;
• “Marketingi” maglumatlar bilen baýlaşdyrmak;
• “Marketing” dolandyrmak barada ugurlary, kada-kanunlar baradaky bilimleri tertipleşdirmekden ybaratdyr.
“Marketing” bazary dolandyrmagyň esasy ýörelgesidir.
Marketing – bu biznesiň filosofiýasy bolmak bilen esasy wezipesi alyjylaryň islegini, maksatly bazarlary ýüze çykaryp
önümçilik kärhananyň önümleri bilen şol islegleri kanagatlandyrmakdan hem-de her bir hünärmeniň “sarp ediji”, “bazar” ýaly kategoriýalar barada pikirlenmäge mejbur etmekden ybaratdyr.
Marketing – bu dolandyryşyň durmuş ykdysady hadysasy bolup, adamlar onuň ýardamynda önüm öndürmek we olary alyş-çalyş etmek bilen özleriniň isleglerini kanagatlandyrýarlar. Bu hadysa şu aşakdaky düşünjelerden ybaratdyr:
Zerurlyk – haýsy hem bolsa bir zada bolan mätäçlik duýgusy. Şol sebäpli-marketingiň esasy wezipesi, zerurlygy ýüze çykarmak we ony dolandyrmak we kanagatlandyrmak diýlip aýdylýar.
Talap – bu anyk görnüşe eýe bolan zerurlykdyr. Mysal üçin,iýmit iýesi gelen adam ilki bir zat iýäýsem diýýär, soňra anyk görnüş gelýär, ir-iýmiş bolaýsa, iň soňunda bolsa has anyklap alma satyn alaýsam diýýär. Bu talaby her kim öz ýagdaýyna görä her hili kanagatlandyrýar, muňa täsir edýän şertler hem köp,
mysal üçin-medeni, taryhy, geografiki we başgalar.
Isleg – alyjylyk ukyby bilen baglanyşykly anyk zerurlyk we talap. Adamlar özleriniň mümkinçiligine seredip öz isleglerini we
talaplaryny şol harytlary satyn almak bilen kanagatlandyrýarlar.
Önüm – adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady
bilen satyn almaklyk, ulanylmak ýa-da sarp etmeklik üçin bazarda hödürlenýän islendik zat.
Alyş-çalyş – bu isleg bildirilýän önümiň ýerine başga zat teklip etmek bilen almakdyr. Mysal üçin, bir adamynyň özünde ýok zady başga birinden bir zat berip almagy (bir daýhan pomidor
ekipdir, beýlekisi bolsa gawun, ikisi alyş-çalyş edip öz isleglerini kanagatlandyrýarlar. Söwda-da bu alyş-çalyş satyjy bilen alyjynyň arasynda önümi pula çalyşmak arkaly amala aşyrylýar.)
Geleşik (сделка) – iki toparyň ylalaşygynda geçirilýän söwda amaly (söwdanyň şerti, möhleti, satyljak ýerini ylalaşýarlar).
Arassa monopoliýa – bu bazarda ýeke satyjy bolup (Döwlet kärhanasy ýa-da Döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän ýa-da düzgünleşdirilmeýän kärhanalar) önümlere goýulýan nyrhlar dürli-dürlüdir. Mysal üçin: Döwlet monopoliýasy çykdajylary köp bolsa hem ilatyň bähbidi üçin nyrhlary çykdajylaryna görä pes goýýar. (Türkmenistanda: una, çörege, benzine, elektroenergiýa we ş.m. goýulan nyrh). Döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeýän kärhanalar özüniň harytlaryna has ýokary nyrh goýmagy mümkin.Umuman, monopoliýa bazary üçin marketing känbir esasy gural bolup hyzmat etmeýär.
Monopolistik bäsdeşlik- muňa gatnaşyjylar bir-biriniňkä meňzeşräk önümleri bazara çykarýarlar. Monopolistik bäsdeşlik şertinde esasan dermanhanalar, restoranlar we halkyň sarp edýän harytlary öndürijiler işleýär.
Türkmenistanda marketingiň mümkinçiliginiň esasy ugurlary.
Daşary ykdysady aragatnaşyklar bazary öwrenmezden mümkin däl. Dünýä bazarlarynda bolup geçýän “söwda oýunlarynyň” esasynda bazary öwrenmeklik ýatyr.
Bazary öwrenmeklik, maglumatlary toplamakdan başlanýar. Umuman, maglumat düşünjesi maglumatlar ýygyndysy bolup, toplamak, saklamak, gaýtadan işlemek we ýerıne ýetirmek
obýekti hökmünde hyzmat edýär. Bazary öwrenmek üçin ýygnalan maglumatlar, esasy alyjylaryň talaby hakyndaky
maglumatlar toplumyndan ybaratdyr.
Marketing derňewlerini geçirmek.
Kärhanalar ululygyna, kiçiligine garamazdan daşky gurşawynyň özüniň işine edýän täsir derejesini bilmelidir.Mysal üçin: hemmämize belli “Makdonalds” kompaniýasy girdejisiniň ösüş derejesini peseltdi. Daşky gurşawyny derňemek netijesinde 3 sany täsir tapyldy: 1) alyjylar özleriniň saglyklary hakynda pikir edip başlapdyrlar, et iýmeklerini azaldypdyrlar bu bolsa gamburgerlerıň satylyş derejesini pese gaçyrypdyr.2) tiz naharlanmak industriýasy ösüşiniň ýetjek
derejesine ýetipdir, şol sebäpli hem gamburgerlerıň satylyş derejesi ýokarlandyrylmandyr.
3) bäsdeşleriň sany köpelip bazar segmentlerini yzly-yzyna eýeläp başlapdyrlar, tiz naharlanmagyň başga
görnüşleri arzan nyrhdan köpelipdir (mysal üçin: pissa bişirip öýüne çenli mugt getirip berýän pisseriýalar açylypdyr).
Bu ýagdaýlary seljermekden soňra “Makdonalds” nahar taýýarlaýan kafeler açyp başlapdyr we ol kafelerde nyrhlar
elýeterli bolup, ofisiantlar hyzmat edipdirler.
Kärhanalaryň ýolbaşçylary daşky gurşawynyň ýagdaýy barada maglumatlary dürli çeşmelerden ýygnaýarlar. Mysal üçın: Paýdarlar jemgyýetlerden –olar köplenç önümiň hiliniň pesligi barada şikaýat kabul edýärler, bäsdeşleriň bazarda uly abraýa eýedigini araçylaryň üsti bilen bilýärler.
Markanyň ady - bu nyşanyň bölegi, ony aýdyp, okap bolýar. Mysal üçin, “Şewrolet”, “Adidas”, “Toshibo”, “Bereketli”,“Türkmenistanhowaýollary”, “Ruhybelent”, “Ak Maýa”.
Markanyň belligi (simwolik alamatlandyrylşy) - nyşanyň
bir bölegi, ony görüp, tanap aýtsaň bolýar, ýöne okap bolanok, ol mysal üçin simwolik alamatlandyryş, şekillendiriş, aýratynlyk reňki ýa-da ýöriteleşdirilen şriftde bejerilen bellik. Mysal üçin “ADIDAS” firmanyň şekili, “Metro - Gold - bmw Maýer” studiýasynyň nyşan belliginde ýolbarsyň şekillendirilişi,
“Türkmenhowaýollary” milli guramasynyň nyşan belliginde ak kepderiň şekili we ş.m.
Haryt nyşany - bu haryt markasy ýa-da onuň bölegi bolýar we hukuk taýdan goralýar. Haryt nyşanyna bolan hukuk
şahadatnama bilen tassyklanylýar, onuň güýji bolsa haryt nyşanynyň Türkmenistanyň döwlet görkezijisinde bellige alnan gününden on ýyldan artyk bolmadyk möhlete çenli ýöreýär.
Haryt nyşanlary islendik reňkde ýa-da gatyşyk reňkde bellige alnyp bilner. Haryt nyşany baradaky şahadatnama, haryt
nyşanlary bellige alnandygy, onuň birinji bolup durýandygyny, şahadatnamanyň eýesine şonda görkezilen harytlary markalamak üçin haryt nyşanyny ulanmagy barada berilýän aýratyn hukugyny tassyklaýar hem-de onda haryt nyşanynyň şekili görkezilýär.
Laýyklyk belgisi -Türkmenistanyň adyndan ulanylyp şol harydyň, hyzmatyň
bellenilen düzgünleriniň esasynda barlanandygy we gözlegden geçirilendigine hem-de laýyklyk sertifikaty alandygyny tassyklaýar.Ýurdumyza getirilýän we eksport bilen daşyna
çykarylýan önümler (hyzmatlar) döwlet standartlaryna gabat gelmeli we milli laýyklyk belgisi bolmaly.
Haryt markasy şu 3 sany manyny berýär:
1. Häsiýetler. Ilki bilen marka we onuň belli häsiýetleri baglanyşýar. Mysal üçin, “Mersedes” haryt markasy şu häsiýetler
bilen tapawutlanýar “gowy konstruirlenen”, “örän oňat düzümi”,
“ygtybarly”, “tiz ýöreýji (tizlikli)”, “gymmat nyrh”. Haýsy-da bolsa bir ýa-da birnäçe häsiýetlerini alyp, kompaniýa öz harydyna
mahabatlandyrma geçirip biler. Köp ýyllaryň dowamynda “Mersedes Benz” öz harydyna şeýle mahabatlandyrma berýärdi:
“Dünýäde deň geljek ýok derejede konstruirlenen awtomabil” - bu tassyknama ol maşyna şa ýoly açdy.
2. Aýratynlyk. Sarp edijiler harytlary we häsiýetleri alman, olaryň peýdalylygyny we aýratynlygyny satyn alýarlar. Şol
sebäpli häsiýetleriň niýetlenişini we joşgunly aýratynlyklaryny görkezmeli. Mysal üçin ygtybarlyk häsiýetiniň şu ähmiýetli,peýdaly tarapyny görkezip bolar: “birnäçe ýyllap maňa täze awtomabil almaga zerur bolmaz”, “gymmat nyrh” häsiýeti şu joşgunly tarapy bilen görkezmek bolar. “Şu awtomobilde men
özümi möhüm, gerekli we hormatly görnüşde duýýaryn”. “Gowy konstruirlenen” häsiýetiniň şu ähmiýetli tarapyny görkezmek bolar: “awariýa ýagdaýynda men özümi howpsuz duýýaryn”.
3. Gymmaty. Bulardan başga-da marka sarp edijileriň gymmatlyk ulgamy barada maglumat berýär. “Mersedes” awtomobil alýanlar olaryň örän oňat ulanyş häsiýetlerine,howpsuzlygyna we abraýyna nyrh goýýarlar. Hödürlenýän aýratynlyklaryna laýyklykda haryt markalary bilen işleýän marketologlar anyk sarp edijileriň toparlaryny bellemeli.
Ýekebarlyk (indiwidualnost) ýokardaky sanalyp geçilenlerden daşary, haryt markasy ýekebarlyk tarapyny görkezýär. Önümleriň, hyzmatlaryň öz aýratynlyklary, ýekebarlygy bar.
Haryt markalarda şu taraplar möhüm orun eýelemeli:
• Ol harydyň artykmaçlyk we hil tarapyny gowy, doly aňlatmaly. Mysal üçin, “Oasis” (miwe içgisi), “Dobryý”(miwe içgisi), “Ak maýa” süýt önümleri.
• Ol aňsat (ýeňil) aýdylmagy, gowy tanalmaly we ýadyňda galmaly, esasan gysga atlary saýlamaly Mysal üçin, “Dove”
(sabyn), “Akja” (sabyn), “Ramiss” (ýuwujy serişde), “Datly” (gazly suwlar).
• Ol ýekebara bolmaly. Mysal üçin, “Shell”, “Kodak”, “Cristian Dior”, “Aktam”, “Täze Aý”.
• Haryt markasy bellige alynmaga we hukuk tarapdan goralmaga ukyply bolmaly.
Awtorlar: Çerkez Ataýew, Swetlana Hojanazarowa, Kakajan Kadyrow, Döwletgeldi Sarygulow.