Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Marketing #2. Nyrh; isleg; teklip; harajat; gymmatlyk

2 minut alar

Marketing ulgamynda nyrh emele getirmek we oňa täsir edýän ýagdaýlar.


Nyrh – bu önümiň ykdysady tarapyny häsiýetlaendirýän görkezijidir. Kärhanalar bazara çykanda öz önüminiň bazaryň
esasy bölegini eýelemegine ymtylýarlar.Netijede, bazarda nyrhlaryň
esasynda bazar gatnaşyklary, bäsdeşlik ýüze çykýar.
Nyrh – önüm ýa-da hyzmat üçin soralýan pul mukdarydyr,başgaça aýtsak, nyrh – sarp edijiniň önüme ýa-da hyzmata eýelik hukugyny gazanmak üçin berýän gymmatlyklarynyň jemidir. Nyrh - marketing toplumynda girdejä degişli ýeke-täk bölekdir, ähli beýleki bölekler çykdajylara degişlidir. Önümiň häsiýetine, hiline, bazar ýollaryna, mahabatlandyrma marketing toplumynyň harajatlar bilen bagly bölegidir.

Bazarda nyrhlaryň üýtgemegi ilki bilen
islegiň we teklibiň üýtgemeginiň täsiri astynda ýüze çykýar.
Isleg - bu belli bir ýerde, belli bir wagtda sarp edijiniň önümi ýa-da hyzmaty satyn aljak mümkinçiligi we arzuwydyr. Bu
ýerde “isleg” we “arzuwy” aýyl-saýyl etmek hökmanydyr. Adamyň islegi, diňe şol önüme ýa-da hyzmata satyn almaga töleg ukyby ýa-da mümkinçiligi bar halatda ýüze çykýar, eger-de töleg ukyby ýok bolsa, onda islegiň güýjemegi ýa-da önüme eýelik hukugyny gazanmagyň ähmiýeti has uly bolany sebäpli arzuwy kemala getirýär. Eger-de önüme eýelik hukugyny gazanmak hyjuwy pes bolanda adam ol islegi ýatdan çykarýar ýa-da başga önüm bilen çalyşýar.

Teklip - bu belli bir wagt aralygynda belli bir ýerde satyjylaryň alyjylara hödür edýän önümleriniň ýa-da hyzmatlarynyň mukdarydyr.

Harajatlar. Harajatlaryň mukdary kärhananyň önüm üçin sorajak nyrhynyň aşakgy bölegini görkezýär. Kärhana önüme nyrh goýanda diňe önümçilik, ýaýratmak we ýerlemek harajatlary
ýapjak nyrhy däl-de, eýsem töwekgelçilikli we zähmeti üçin peýdany üpjün etjek nyrhy goýmaga ymtylýar. Şonda harajatlar nyrh düzmek ugrunda esasy görkezijileriň (elementleriň) biri bolup durýar. Şonuň üçin köp kärhanalar öz önümçilik pudagynda “iň pes harajatly öndürijiniň” ýerini eýelemäge ymtylýar. Pes harajatlary gazanan kärhana, has pes nyrhdan önümini bazara çykaryp biler, netijede ol peýdanyň we ýerlemegiň ösmegine getirýär.

Gymmatlyk – bu sarp edijiniň önümi ulanýan we sarp edýän döwründe önümden alýan bähbidi, peýdasydyr. Eger kärhana alyjynyň önümi kabul edýän gymmatlykdan ýokary nyrh goýsa onda kärhana bu önümden zyýan çekýär. Köp kärhanalar bolsa öz önümine aşa ýokary nyrhy kesgitleýär. Köp kärhanalar bolsa öz önümine ýeterlikli nyrh bermeýär. Önüme ýeterlikli nyrh berilmedik ýagdaýynda önüm gowy satylýar, ýöne ol az peýda getirýär. Eger kärhana şeýle ýagdaýda alyjylaryň kabul edýan gymmatlygynyň derejesine çenli nyrhyny galdyrsa, onda ol iň ýokary peýdany gazanar.

Alyjylaryň psihologiýasyny hasaba alyp nyrh goýmak.

Tejribede “bitewi nyrhlaryň” adamlarda ýigrenç döredýän häsiýetli bolup, az-kem pes nyrhlaryň (bölek nyrhlar) tygşytlylygy amala aşyrýar diýen düşünjäni döredýändigi belli boldy. Mysal edip aýdanymyzda önüm 10 manatdansatylýan bolsa, ony 9 manat 95 teňňeden satylanda has ýokary psihologiki peýdalylyga getirer.

Awtorlar: Çerkez Ataýew, Swetlana Hojanazarowa, Kakajan Kadyrow, Döwletgeldi Sarygulow.

Çeşme: https://www.kitaphana.net/book/2366

80 |