Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Login we Registrasiýa prosessinde nämeler bolup geçýär?

3 minut alar

Haýsy hem bolsa bir platforma ýa-da web sahypasyna girmekçi bolanymyzda (ýa-da platformada käbir işleri ýerine ýetirmekçi bolan ýagdaýymyzda) bizi hemişe login sahypasyna iberýär. Nämüçin men heniz platforma birinji gezek gelen ýagdaýymda meni giriş sahypasyna iberýändigini düşünmekde kynçylyk çekýärdim. "Göni registrasiýa (hasaba alyş) sahypasyna iberse bolmaýarmy? Programmistler muny kod arkaly ýazyp bilmeýärlermikä?" Biziň bu diýýänimiz haçanda men oba baranymda öň hiç ýerde görmedik daýylarymyň "menem tanaňokmy?" diýip üstümden gülýän ýagdaýlaryna çalym edýär. Gynansakda, platformalar bizi tanamaýar. Şonuň üçin, eger öň hasaba duran bolsak diňe ulanyjy ady we paroly ýazyp giriş etmek üçin form garşymyza çykýar, hasaba durmadyk bolsak şol formuň aşagynda köplenç registrasiýa sahypasyna iberýän link goýulýar.

Registrasiýa nähili amala aşýar?

Bilşimiz ýaly hasaba alyş sahypasyna gidenimizde bizden şahsy maglumatlarymyz soralýar. Girýän platformamyza baglylykda girizmeli maglumatlarymyz hem üýtgeýär. Meselem Google, diňe gözümiziň reňkini soramaýar, galan maglumatlary ýa hasaba alyş ýagdaýynda ýa-da işjeň ulandyrýan platformlary arkaly "bizden rugsat alyp :)" ýygnaýar. Elbetde biziň bu şahsy maglumatlarymyz ulanyjynyň programmany has netijeli ulanmaklygy üçin ýygnalýar hem-de ulanyja aýratynlykda, mahsus temalary hödürlemek maksady bilen edilýär. Has ýönekeý programmalarda diňe ulanyjy ady we paroly ulanyjynyň kimdigini programma tanatmak üçin ýeterlik bolýar.

Registrasiýada ulanyjy maglumatlarynyň dogrulygyny tassyklamak.

Hasaba alyş işinde ulanyjynyň girizýän maglumatlarynyň dogrulygyny tassyklamak üçin OTP (One-Time Password) arkaly kesgitlenilýär. OTP kodyny köplenç 2 ýagdaýda amala aşyrýarlar: 

  1. Girizilen email poçta salgysyna OTP kody ibermek;
  2. Girizilen telefon belgisine OTP kody ibermek;

OTP - bir gezekligine ulanyp bolýan random ýasalan koddyr. Käbir platformalar bu kodlary maglumat bazalarynda (haýsy ip addresinden, haýsy OS-dan, haçan, haýsy nomere ýa-da email salgysyna iberendigini) saklaýarlar. Ýönekeý programmalar bolsa geçiji maglumat bazalarynda (maglumatlar belli bir wagt geçenden soňra pozulýar) saklaýar.

Ulanyjy maglumatlary nähili goralýar?

Ulanyjy platformada otp kodyny dogry girizeninden soňra maglumatlar, maglumat bazasynda ýatda saklanýar. Islendik programma maglumatlary serwere ugratmanka ilki ulanyjynyň bellän parolyny hash algoritmlerini ulanyp şifrleýärler. Bu ýagdaýda biziň parolymyz maglumatlar gorunda şifrlenen görnüşde durýar. Eger maglumatlar bazasyndaky parol ýüze çykan ýagdaýynda-da, şifrlenen ýagdaýyndan aýryp bolmaýar. Deşifirlemek mümkin bolmaýar. Ulanyjy platforma giriş etmek üçin ulanyjy adyny hem-de parolyny ýazanda hem ilki paroly şifrlenýär, maglumat bazasyndaky ulanyjy ady we şifrlenen parol bilen deňeşdirilýär.

Käbir ýagdaýlarda login sahypasyna yzygiderlikde nädogry ulanyjy ady ýa-da paroly girizip, ahyry biriniň dogry çykjakdygyna ynanýan niýeti, päli erbet adamlardan goranmak üçinem limit goýulýar. Meselem 5 gezek yalňyş paroly girizenimizden soňra 3 minut form iberip bolmaz ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Eger platforma bu process ýok bolsa, onda Brute Force hüjümi üçin amatly şertler döreýär.

Käbir ýagdaýlarda Input Validation (Maglumat Barlagy - ulanyjydan gelýän maglumatlar, esasanam HTML, JavaScript ýa-da başga kod böleklerini öz içine alýandygyny barlamak) gerek bolýar, bolmasa XSS (Cross-Site Scripting) hüjümlerini etmek üçin amatly şertler döreýär.

Käbir ýagdaýlarda-da CAPTCHA (Completely Automated Public Turing test to tell Computers and Humans Apart), "Kompýuterler bilen Adamy Tapawutlandyrmak üçin Doly Awtomatlaşdyrylan Turing Synagy", web sahypasynyň ýa-da programmanyň ulanyjylarynyň adamdygyny ýa-da awtomatlaşdyrylan programmadygyny (bot) anyklamak üçin ulanylýan howpsuzlyk mehanizmasyny goýmaly bolýar, bolmasa DDoS (Distributed Denial of Service) hüjümleri üçin amatly şertler döreýär.

Bellik:

Eger-de soraglaryňyz bar bolsa ýa-da indiki makalada şu tema gyzykly bolar diýip maslahat bermekçi bolsaňyz, teswirlerde belläp bilersiniňiz. Okanyňyz üçin sagboluň!

14 |