Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Lezzetli naharlar.

2 minut alar

Salam hemmäňize, bu ýerde menem türkmen tagamlarynyň bişiriliş usullaryny paýlaşmak isleýärin. Bu gezek diňe birki sany naharlaryň taýýarlanylyşyny ýazmak isleýärin. Indiki gezek bolsa işdäaçarlaryň görnüşini paýlaşaryn. Ilkinji naharymyz bolan: 

1. Saçda bişirilen jüýje: Taýýarlamak üçin 1 sany jüýje, 20 gram gaýmak, 20 gram mesge ýagy, 1 düýp sogan, 2 çemçe pomidor goýaltmasy (tamat), 4-5 sany sarymsak dişi, islege görä duz, burç. 

Taýýarlanylyşy: Arassalanan jüýjäni döş tarapyndan ikä bölmeli. Duz sepip gaýmak çalyp, gyzgyn tabada iki tarapynam gowurmaly, üstüne agyrrak bir zat goýup 1,5-2 sagat töweregi pes otda buglamaly. Pomidor goýaltmasyny (tamady) suwda eredip, duz bilen garylan we ýenjilen sarymsak we maýda dogralan sogan goşmaly. Saja salyp jüýje bilen bile bişirmeli. Gowy bişenden soňra gök otlar bilen bezesek, iýmäne taýýar bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn.

Saçda bişirilen jüýje

2. Bulamak çorba: Taýýarlamak üçin 3 bulgur un, 2 bulgur ak ýag, 3 düýp sogan, 1 nahar çemçesi mesge ýagy, gök ot, islege görä duz, ys beriji we tagam beriji zatlar gerek. 

Taýýarlanylyşy: Gyzdyrylan ýagda maýdajyk dogralan sogany gowurmyşlamaly, un goşmaly we yzyny üzmän bulap durmaly. Uny sary renk bolýança gowurmagy dowam etdirmeli. Soňra az-azdan suw goşmaly we dyngysyz bulap, 5-7 minut gaýnatmaly, duzlamaly. Saçaga mesge ýagy we gök otlar bilen äbersek bolýar.(Bu çorbany süýt goşup hem taýýarlasak bolýar). Işdäňiz açyk bolsyn. 

Bulamak çorbasy

Çeşme: Bereketli türkmen saçagy kitabyndan. 

1110 |
|