Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

sci-fi writer, geographer

Lakota respublikasy: Tanalmaýan bir döwlet

2 minut alar

Lakota Respublikasynyň kartasy

 

Lakota respublikasynyň baýdagy

Lakota Respublikasy - ABŞ-nyň birnäçe ştatlarynda, esasan Günorta Dakota ştatynda, Demirgazyk Amerikanyň Beýik düzlüklerinde ýaşaýan ýerli lakota halkynyň talap edýän territoriýasydyr. Lakota halky 2007-nji ýylda ABŞ-nyň döwlet dolandyrşynyň şertnamalaryna we öz territoriýasynyň üstünden hökmürowanlyk ideýasyna garşy çykyp, garaşsyzlygyny yglan etdi.

Lakota halky Siouka halkynyň düzümine girýär. Umuman Dakota, Lakota we Nakota dillerinde gürleýän ýerli indeý halklarynyň toparydyr. Olaryň möhüm orny eýeleýän we uzak taryhy bolan medeniýeti bar. 

XIX asyryň ahyrynda ABŞ hökümeti bilen Lakota halkynyň arasynda birnäçe şertnamalar baglaşyldy. Bu şertnamalarda Lakota halkynyň ýaşaýan ýerleri kesgitlenilse-de, bu şertnamalar wagtyň geçmegi bilen ençeme gezek sözde "demokratik" amerikan hökümeti tarapyndan bozulyp, halkyň ýaşaýan ýeri daraldyldy.

2007-nji ýylda ABŞ-nyň hökümetiniň halkyň hukuklaryny bozýandygy sebäpli Lakota liderleriniň bir topary ABŞ-dan garaşsyzlygyny yglan etdiler. Bu hereket Lakota halkynyň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny berkarar etmek maksady bilen birnäçe tagallalaryň amala aşmagyna sebäp boldy.

Bu ädim bilen Lakota halky öz pasportlaryny we raýatlyk dokumentlerini çykaryp başlady. Emma Lakota garaşsyzlygy jarnamasy ABŞ-nyň hökümeti we beýleki halkara guramalary tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedi.

Bu bolsa Lakota halkynyň hukuklaryny, medeniýetini, ýerlerini gorap saklamaga çalyşýan ýerli ilatyň köpüsiniň şuňa meňzeş tagallalary bilen meňzeşlikde utgaşýar. Bu bolsa ýerli halkyň özygtyýarlylyga we özbaşdaklyga bolan hukuklarynyň häzirki döwletleriň we halkara hukugynyň hukuk sistemalarynyň öňünde nähili çylşyrymly bolup biljekdigini görkezýär.

Netijede Lakota respublikasy hakyndaky gürrüňimiz öz ýerlerine, medeniýetine, döwletliligine hukugyny talap edýän halkyň hekaýasydyr. Bu bolsa häzirki zaman dünýäsiniň häli-şindi duş gelýän uly problemasy bolan ýerli etnik halklaryň hökmürowanlyk hukuklarynyň möhüm nusgasydyr.


Çeşmeler:

  1. "The Lakota Way: Stories and Lessons for Living" - Joseph M. Marshall III
  2. "The Heart of Everything That Is: The Untold Story of Red Cloud, An American Legend" - Bob Drury, Tom Clavin
  3. "Lakota America: A New History of Indigenous Power" - Pekka Hämäläinen
  4. "In the Spirit of Crazy Horse: The Story of Leonard Peltier and the FBI's War on the American Indian Movement" - Peter Matthiessen
  5. "Bury My Heart at Wounded Knee: An Indian History of the American West" - Dee Brown
155 |
|