Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym (talyp)

Kim sen?! "Adam"

2 minut alar

Özüme köplenç berýän sowalym: 

"Kim sen?!"

Alýan jogabym näme?! Her gezek her hili... Soňky günler oýlanýaryn, näme üçin her gezek jogaplar üýtgeýär?! Şol üýtgeýän jogaplaryň arasynda hemişe biri bar:

- Kim sen?!

- Adam!

Hawa... Ruh ahwalyma görä kimligim üýtgäp durýan hem bolsa, özümi "iň bolmanda men adam" diýip köşeşdirýärin.

Adam?! Hassa?!

Näme üçin kimligim üýtgeýär? Ýa meniň özüm şeýle şekilsizmikäm?! Bir durka sygmadyk men, ýa ha kimligim bilen doly ýüzleşýärin we özüme her pursat obýektiw baha berjek bolýaryn, ýa-da her gezek men "pylany" diýip özümi aldaýaryn... 


Şu wagta çenli oýlanmany okan adamlarda hökman şeýleräk sorag dörändir: "Näme diýjek bolýar? Ýazan adam şeýle şekilsiz ynsanmyka?.." Ýok, men "kimligim üýtgeýär" diýen wagtym özümiň üýtgeýändigim hakda aýtjak bolmandym, mesele düýbünden başga!


Arasynda, şeýle ýagdaýlar bolýar, başyma gelen wakany sowuşdyryp goýbermek üçin "bolýar, dogry" diýýärin.  Aýdylýanlaryň köpüsine gulak asamok, ýöne tassyklaýaryn. A soňundan bolsa pikire çümýärin... "Näme üçin beýtdim?! Men ikiýüzlimi?.." Agyr tankyt, ýöne hakykat. Soňundan özüme göwünlik berýärin, näme-de bolsa men "adam". 

Kä wagt bolsa (has seýrek) özümi aklamak üçin zyýansyz "ak ýalanlary" (gynanýaryn, ýöne käte "garasyny" hem) aýtmaga mejbur bolýaryn. Edenim üçin elbetde, puşman bolýaryn, peýdasy näme?! Soňundan gelýän "Näme üçin ýalan sözledim? Men ýalançymy?.." soragyndan syp-da sypyp bilseň... Agyr tankyt, ýöne hakykat. Soňra özüme göwünlik berýärin, näme-de bolsa men "adam".

Kä wagt gaharlanýaryn, jigime gygyrýaryn, ýersiz ýere meni halaýan adamlaryň göwnüne degýärin. Soňundan bolsa gamgyndyryn... Emma ne peýda?! Ýykylan göwün galkynarmy?.. Yzyndan gelýän agyr sorag: "Men näme üçin göwün ýykdym?! Men ejize ganymmy?.." Ýok, isläp edemok, ýöne bu edilen hereketi aklaýarmy?! Men zalymlyk etdim, kimligime ýene ullakan bir goşmak... Ýene göwünlik bererin özüme, sebäbi men "adam" dälmi?! Ýalňyşmak adama mahsus zat... (Ýene-de şuňa meňzeş kän mysallary getirse bolar, sebäbi pursatlaýyn goýberýan ullakan ýalňyşlarym kän).

Ýöne bu bahananyň arkasyna gizlenip bolmaz. Men "adam" bolsadym, bir goýberen ýalňyşymy gaýtalamazdym. Düzelerdim, öz üstümde işlärdim (aslynda edýärin, düzelýärin we öz üstümde işleýärin). Ýöne muňa garamazdan, käte ýene ýalňyşylýar. Bu zatlar öňküsinden seýrek bolsa-da gaýtalanyp dur. Diýmek, ýa men "adam" däl, ýa-da "adam" sözi ýalňyş ýerde, ýalňyş manyda ulanylýar. Eger ulanylyşy dogry bolsa, onda adamzat üçin iň haýyrlysy "adam" bolmazlyk, ondan has ýokary barlyk bolmak, edep adamysy, ideal adam, hak adam bolmaklyk!


- Ynsan, haýwan bilen Üstynsan arasynda gerilen köprüdir (çarmah).

 Fridrih Nisşe.

- Ynsan aklyndan azaşan haýwandyr. Bu dälilikden iki çykyş ýoly bar: ol täzeden haýwan bolmaly; ýa-da ynsandan hem beýik bolmaly...

Karl Gustaw Ýung

Joraýew Babageldi. 31.01.2024ý

126 |