Teswirler (1)

Ýüklenýär...

Kennedy bilen Linkolnyñ meñzeşligi

1 minut alar

Taryhda şeýle bir meñzeşlikler gabat gelýär Ine olaryñ biri hem Linkoln bilen Kennediniñ arasyndaky meñzeşliklerdir. Linkoln ABŞ-nyñ prezidentligine 1860-njy ýylda saýlanýar. Kennedi bolsa 1960 ýylda saýlanýar. Tapawudy 100 ýyl. Linkolny Uimer öldürýär. Ol 1829-njy ýylda dogulýar. Kennedini bolsa Oswold öldürýär. Ol hem 1929-njy ýylda doglan. Tapawudy 100 ýyl. Jenaýatkärleriñ ikisi hem sud edilmän öldürilýär. Ýene-de bir täsin meñzeşlik bolsa Linkolnyñ sekretarynyñ ady Kennedy, Kennediniñki bolsa Linkoln. LIinkolnyñ sekretary oña öldürilen güni teatra gitmezligi maslahat beripdir. Kennediñ sekretary bolsa öldürilen güni Dallas şäherine gitmezligi maslahat beripdir. Prezidentleriñ ikisi hem edil dilleşen ýaly öz sekretarlarynyñ maslahatlaryny diñlemändirler.
119 |
|