Kem galmaýyn
2 minut alar
Şu wagtky meşhur tema barada menem biraz ýazaýsam diýýän. Ynsan diýilýän jandar öz pikirlerini aýtmagy gowy görýär. Hasam birileri ony diňleýän bolsa. Menä diňlenmese-de özüçe samrap ýörýänlerden. Azajygam bolsa oňam özboluşlyja keýpi ýok däl.
Indi geleliň meşhur temamyza; "söýgä". Dynsyn-dynmasyn söýgi gowy zat. Aslynda gowysy gowy. Ýaman zatlary söýmek gowy bolup bilmez ahyry, şeýle dälmi? Pany zatlara bolan söýgi isleseň islemeseň belli bir nokatdan soň gutarýar. Gutarýar diýdigim başdaky ýaly täsiri bolmaýar diňe. Hyýaldaky zatlar elmydama özüne çekiji bolýar. Oňa ýeten ynsan bolsa, öz ynsanlygynyň beren nalajedeýinligi derejesinde onuň gadyryny gaçyrýar.
Söýgi diýilýän zadyň belli bir kesgitlemesiniň ýoklugy, her bir ynsanyň oňa başgaça düşünişi sebäplimikä diýip çaklaýan. Birem söýgi diýilse şol ilki bilen ýada düşýän söýgi däldigini bilmeli. Söýgi, isleg gerekli zatlar. Olar bolmasa aňsat-aňsat ýol alyp bolmaýar. Edebiýat dagyn durşy bilen söýgi, ylymam söýgi. Ýöne söýgiden öňüräkde ynam diýip bir zat bar. Ynam bolmasa elli iki (san bilen 52) söýäý, saňa diňe ezýet berer!
Söýgi barada bir topar goşgy, hekaýa, erteki, roman, film, aýdym, makala bar. Mundan beýlägem söýgi-söýgi diýiler ýörüler. Aýtsaň aýdyp, ýazsaň ýazyp oturybermeli tema-da garaz.
Hä birem ynsanyň içindäki söýgi düşünjesi üýtgemez diýip zat ýok. Esasy zat dogry söýgini tapmak we ony tapanyňdan soňra Oňa berk ýapyşmak. Dogry söýgini tapanlardan we amanadyny tabşyrýança ony gorap saklamagy başaran ynsanlardan bolmak dilegi bilen!