Kem
2 minut alar
Salam!
Men, ynsan ogly. Meniň elmydama bir zatlarym kem. Käte söýgüm, käte gaharym, käte bolsa batyrlygym...
Kem zatlarym köplenç üýtgäp durýar. Doly bolan wagtym hiç bolan däldir diýsem hem boljak. Belki-de doly bolmak bize görä bir zat hem däldir. Kemligimiz bilen gözeldiris belki-de. Kemlik gaty bir öwüniljek zada däl welin, kem bolmasaň käbir zatlara göz ýetirip hem bolmajak ýaly.
"Allajana şükür, meniň hiç-hili kem zadym ýok." diýip biljegimiz barmy? Meniň pikirimçe ýokdur. Eger bu sözlemi düzüp biljek/bilýän bar bolsa, ýa kem zadyny bilýän däldir, ýa-da "Kemlerim bolsa-da saňa ýüzde müň şükür Allajan!" diýmek isleýändir. "Bir kemsiz gözel bolmaz." diýilşi ýaly bir kemsiz ynsan ogly hem ýokdur.
Hemmämiz kemli bolanymyza görä, bir-birimizi kemimiz bilen kabul edip, kemimiz bilen söýeliň! Bu diýmek, bir-birimiziň kem/ýalňyş ýerlerimizi duýdurman gezmek däl. Mysal üçin ene-atamyzyň, doganlarymyzyň elmydama biziň ýanymyzda bolmagy, bizi goldamagy näçe gowy zat ýaly görünse-de, olar ýaly gowy däl hem bolup biler. Meniň ýalňyşan wagtym olaryň meniň ýanymda bolmagyny menä islemezdim. Meniň pikirime ters düşýän bolsa-da dogry bolany ýa-da has dogry bolany aýtmaklaryny islärdim. Olara dogry düşünip bilerin/bilmerin bu başga tema. Öň gören bir kinomda-da daýysy ýegenine "Bir gün men ýalňyş ýola düşsem sen meniň garşymda bolup, meni saklagyn!" ýaly ündewler berýär. Soňlarynda daýysy hakykatdanam ýalňyşyp başlaýar we ýegeniniň duýduryşlaryny hem görmeýär. Ýegeni daýysyny öz eli bilen öldürmeli bolýardy. Garaz bu kemlik meselesi gaty üýtgeşik. Kem bolmak käte gowy, käte erbet zat.
Men, ynsan ogly. Meniň elmydama bir zatlarym kem. Käte söýgüm, käte gaharym, käte bolsa batyrlygym...