Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Kapitalizm bu näme?

2 minut alar

Kapitalizm bu näme?

Kapitalizm özeninde hususyýetçileriň peýda gazanmak maksady bilen dörän ykdysady sistemasydyr. Kapitalizm XVI asyrda liberal ekonomika ady bilen çykyş edýärdi. Kapitalizm hususyýetçilik, maýa goýum, hakyna tutmaklyk, bazar bäsdeşligini özünde jemleýär. Bahalar kapitalizmde esasan bäsdeşler tarapyndan kesgitlenýändir.

Feodalizmden soň ilki Angliýada, soňra ýewropada XVI asyrlarda döräp, ösüp, häzirki wagtlara çenli gelip ýetdi. Angliýada XVI-XVIII asyrlar aralygynda merkantilistik döwri başlanýar. Feodalçylyk sebäpli dörän käbir meseleler, ýagny zähmet we zähmede tölenýän tölegiň yetmezçiligi  esasynda dörän merkantilizm häzirki kapitalizmiň köki bolup durýandyr.

 

XVIII asyrlarda industriýal rewolýusiýanyň esasynda birnäçe maýa goýujylar we hususy peýda gazanmak maksady bilen önümçilige we söwdagärçilik işine giren adamlar häzirki modern kapitalizmiň döremegine getirdi. Industriýa rewolýusiýasy döwründe industriýaçylar el işçiliginiň soňuny getirdi. Önümçilikde adamlaryň ýerine maşynlar otyrdyldy. Önümçiligiň tizliginiň artmagy esasynda indi döwletler arasyndaky haryt alyş-çalyşygy köpeldi. Döwletler üçin haryt bolçulygy döretmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şonuň esasynda döwletler hususyýetçilige has köp üns bermäge başlady. Şol döwrüň belli ykdysadyýetçileri, David Hume, Adam Smith kapitalizmiň görnükli alymlary hasaplanýar.

 

Kapitalizmde ýokarda belläp geçişimiz ýaly bäsdeşlik, maýa goýumy özünde jemleýär diýipdik. Kapitalizmde bäsdeşleriň sanynyň köplügi önümiň hiliniň artmagyna, bahalaryň peselmegine, adamlar üçin önümiň görnüşlerini saýlamaga mümkinçilik döredýär. Monopol önümçilige düýbünden garşy. Käbir halatlarda monopoliýanyň öňüne geçmek maksady bilen döwlet tarapyndan ýörite kanunlar hem kabul edilýär.

Globallaşma döwründe (bir pikiriň ýa-da ideologiýanyň bütin milletler, döwletler tarapyndan kabul edilmegi) XIX asyrlarda kapitalizm bütin dünýä ýaýrady. Häzirki döwürde Amerika, Ýewropa ýurtlary kapitalizmiň görnükli wekilleri hasaplanýandyr.

 

Meniň pikirimçe: Kapitalizm komunistleriň aýdyşy ýaly iş berijileriň ummasyz pullar gazanyp işgärlerine ujypsyzja pul berilýän ekonomiki sistemasy bolsada häzirki post industriýal jemgyýet üçin örän wajyp sistema bolup durýar. Kapitalizmde bäsdeşligiň berýän artykmaçlygy bilen häzirki wagtda önümleriň görnüşi, mukdary ýyl-ýyldan artýar. Täze öňegidişlikler, täze oýlap tapyşlyklar bularyň hemmesi bäsdeşligiň esasynda ýüze çykýar. Bäsdeşligiň wajyplygyny Apple we Samsung firmalarynyň smart telefon ýaryşlary arkaly indiki makalamda durup geçerin. Häzirlikçe okanyňyz üçin minnetdar. Kapitalizma degişli pikirleriňizi soraglaryňyzy teswirlerde görkezmegi ýatdan çykarmaň.  

theEconomist

 

223 |