Teswirler (2)

Ýüklenýär...

Käbir haýwanlar barada

1 minut alar

1.Towşana «Jynlaryň gorkusy» diýýärler. Sebäbi towşan aýbaş görýärmiş we jynlar onuň ýanyna gelip bilmeýärlermiş.

2.Kirpi-de, samyr-da, eger, özlerini kepjebaş çakaýsa, timýan otuny iýmek bilen sagalýarlar.

3.Delfinler deňizde gark bolanlary halas edýärler. Delfin gark bolanyň ýanyna gelýär, ol hem elini onuň arkasyna goýýar. Onuň özüne daýanmagyna, özünden ýapyşmagyna kömek edýär, özi bolsa ýanyndan ýüzüp gidýär.Ýunus pygamberi ýuwdan balyk hem delfindir, şonuň üçin oňa «Ýunus balygy» hem diýilýär.

4.Iň köp tohum taşlaýan jandar balykdyr, soň – çekirtge, soň – içýan. Balyk öz ýumurtgasyny iýmeýär, çagasyny ulaltmaýar, emdirmeýär. Allatagala şonuň üçin onuň zürýadyny köp edipdir. Ol kepderi ýaly çagasyny idemeýär we ulaltmaýar. Kepderi ýylda diňe iki sany ýumurtga guzlaýar. Alla onuň neslini az edipdir. Towuk bolsa jüýjesini ulaldýar, soň idemeýär. Alla onuň ýumurtgasyny we jüýjesini köp edipdir. Ýylan otuz ýumurtga guzlaýar. Onuň otuz gapyrgasy bar, şonuň üçinem onuň oňurgasy güýçlüdir. Bu ajaýyp işleri ýerli ýerine goýan Alla ähli kemçiliklerden päkdir. Bu hikmetleri ýaradan Alla nähili parasatlydyr.

5. Pişige «ýolbarsyň asgyrmagy» diýýärler. Sebäbi, syçan Nuh alaýhyssalamyň gämisini gemrip başlanda, Allatagala ýolbarsyň asgyrmagyndan pişigi çykarypdyr. Ol hem syçany ýok edipdir.

Çeşme: Mahmyt Zamahşary "Ýagşyzadalaryň bahary" 6-njy jilt

84 |