Käbir
2 minut alar
Ýürek agyrylarym bar. Dereksiz, bolgusyz ýürek agyrylarym. Ýöne bu agyrylar janyma biraz hoş hem ýakýar. Bir aýdymda "Agyryny söýmek bolarmy?" diýýärdi. Ýa ol aýdymyň sözlerini men düzäýdimmikäm?
Bu gereksiz ýürek agyrylarymy ýeňmek, olardan halas bolmak üçin has ulurak agyrylara baş goşýaryn. Sebäbi öňde biri "Agyry, agyry bilen gutular. Yşk bolsa has beýik bir yşk bilen." diýipdir. Oýun-oýunlyk bilen bizi iň beýik yşka çagyrypdyr öýdýän. Diýseň diýmeseň şu öňküler bizden köpüräk bilýän ýaly.
Aslynda belli bir wagtdan soň bu ýürek agyrylarym azalyp, unudylyp hem gidýär. Meni biynjalyk edýän zat ýüregimiň agyrmagy däl, ýaňky aýdyşym ýaly bu agyrylar janyma biraz hoş hem ýakýar, meni biynjalyk edýän zat ýüregimiň agyrmagyna sebäp kabul edýän dereksizje, bolgusyzja zatlarym. Bu ýürek ol zatlara agyrmak üçin berilmedik, ýüregim agyrjak bolsa edýän etmişlerim üçin agyrmaly. Munuň beýle däldigi, ýürek agyrylaryma erk edip bilmeýänligim meni depressiýa diýýän zatlaryna sokýarmy, nämemi, şol halatdakam daş töweregime jawjynyp ýören birine öwrülip bilýärin. Olaryň günäsi näme diýsene.
Käwagt dagyn gaty ýönekeýje zatlara ýüregim agyrýar. "Mysal üçin nämä?" diýip sorasaňyz welin, size jogap berip bilerin öýdemok. Iň köp ýüregimi agyrtýan zatlarymyň birini aýdaýyn ýöne, bir waka bolup geçeninden soň "Wah, şeýle edäýmeli ekenim." sözlemine meňzeş sözlemler düzmek. Bolup geçipdir, taň edipdir, ýaşaberdä durmuşyňy, geljekde gaýtalamasaň boldy-da. Emma ýene gaýtalanýar, ýene gaýtalanýar, ýene, ýene, ýene. Türkmen dili sapagynda sözlem düzmeli bolanymda-da şol bir sözlemi düzäýýädimmikäm ýa her gezek? Birzat edibä täze, ýüregimi agyrtmaýan sözlemler düzmäni öwrenmeli. "Haýyrlysy." ýa-da "Esasy zat jan saglyk." diýen ýaly sözlemler bolup biler mysal üçin. Ikinji sözlem boljak däl öýdýän, ýürek agyrymy ýatladýar. Ýüregi agyryp duran adamyny "Esasy zat jan saglyk." diýip köşeşdirmek gaty bir gowy pikirem däl ýaly. Başga näme sözlem düzüp bolarka? Aý, bize şol "Haýyrlysy." hem bolarla. Hem gysga, hem manyly.
Ýürek agyrylarym bar. Dereksiz, bolgusyz ýürek agyrylarym. Ýöne bu agyrylar janyma biraz hoş hem ýakýar. Bir aýdymda "Agyryny söýmek bolarmy?" diýýärdi. Ýa ol aýdymyň sözlerini men düzäýdimmikäm?