Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ir Boldy

1 minut alar

Bul ýazýanym näme bilemok, ýöne ýazmasam oňjak däl.
Adamy adam etyän nämedir soragy, ol gideli bäri meň aňymy ýeke goýjak däl.

Diňe aň bolsa onda ýok indi ol hiçbir dünýäde, beden bolsa ýok indi ol bul dünýäde.
Ony bul dünýäde doly tanamana wagt bolmady, ruhyň bardygyna men ynanmak isleýän.
Ne ol maňa ne men oňa göni diýip görmedi, ilden eşidip nesibede bolsa diýilýän.

Habar geldi seni soraýa, ýazdy maňa şol gün.
Bermedim jogap garaşdym ertä, bilmedim näme üçin bermedim salam.
Ertesi geldi habar-ýok indi ol bul jahanda, diňe 10 sagat geçipdi ýazylan hatdan.

Oýun etme diýdim ilçä, bolmoz ol.
İntägem garaşýan oýun etdim diýmegine, 20 gün geçdi şul gün.
Gitdiň gelmeýäň, giden ýeriň ýagtylygy bäri bilen deňär ýaly däldir bilýän.
Ondada wah diýän, bermelidim men salam.

Näçe ýyl garaşdyň maňa, bilmändirin gadyryň.
İndi bolsa ýok haýry aglanyň.
Ýaşymy gören ejem sorady “Näme söyüpdüňmi ?!”, ýokla-how eje ýöne ir gidenine gynanýan.

68 |