Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Öwreniji

Durmuş bankaňyzda haýsy daşlar bar?

2 minut alar

Giriş

Meniň pikirimçe şu  makala okan adamlaryň köpüsi, başga ýerlerde-de hekaýa görnüşinde duşandyr. Bu hekaýa başda, bir üniwersitetde professor  tarapyndan okuwçylaryna aýdylypdyr  diýilýär. Soňra voutubeda Hakan Mengüç, Bariş Özçan we ýene birnäçe kişiler bu hakaýany öz pikirleri bilen paýlaşypdylar. Hekaýanyň orginal wersiýasynda professor daşlara derek başga abzallary( golf toplaryny, kofe...)ulanypdyr, emma meniň aýtjagym daşly wersiýasy( arkaýyn boluň, makalanyň mazmuny şol bir zat, emma daşlar ulanylýar golf toplaryna derek).

Durmuş bankasy

Durmuşda hemme kimiň bir durmuş bankasy bar we bu bankany gowy  daşlar bilen doldursak, durmuşymyz manyly,bagt doly geçer. Elbetde, hemmämiziň islegi hem şol dalmi?! Durmuş bankamyza  goýulmaly daşlaryň ululyklary hem tapawutly. Ýagny, hakyky daşlar esasy, bular: saglygymyz, maşgalamyz, çyn dostlarymyz, arzuwlarymyz we maksatlarymyz, şeýle hem, ýene bir hakyky dostlarymyz bolan kitaplar. Soňra yzyndan daşdan biraz kiçi,ondan azyrak möhüm bolan çagyllar: mekdebimiz, işimiz, baýlygymyz. Çägeler bolsa: onçakly möhüm bolmaýan,emma durmuşymyzda orun tutýan zatlar. Bularyň hemmesi bilelikde durmuş bankamyzy doldurýar. Gynansakda, adamlaryň köpüsi bu bankany dolduranda esasy çägelere üns berýärler, sebäbi bular has gyzyklydyr, has ýeňildir. Twitterda ýa-da Facebookda  öňüňizden akyp geçýän ýüzlerçe kiçijik ýazgylary pikir ediň. Hem-de, istagramda ýa-da beýleki platformalardaky gerekmejek storyleri we wideolary. Görýän peýdasyz emma köp wagt alýan bimany( hemmesi däl men hiç zat görmäň, etmäň diýemok,emma köpüsi bimany şeýle dälmi) seriallary. Köp duş gelýän, başga adamlaryň çäge ýaly kiçijik sözlerine üns berýärler, bu sebäpden urşlar edýärler,etmese urşmaly ekenim diýip ahh çekýärler. Bütin bulardan soň mejbury zatlar akla geler. Okuwa gitmelidir, bir ýerlerden pul gazanmalydyr,işe gidip gelmelidir. Kelle agyry adamlar bilen wagt geçirmeli bolarsyň. Bulardan soň hakykatdanam gerekli zatlara gaty az ýer galar. Kitaplara,çyn dostlara,gerekli pikir we maksatlara...

Emma etmeli zat durmuşyňy täzeden planmakdan ybarat. Muny edende durmuş bankamyza hemme daşlary doldurmak üçin synanyşarys. Elbetde, siziň bilişiňiz ýaly bu kynda,esasydan başlamak diýmek. Bir tarapyňyz muny kabul etmek islemesede sabyrly boluň. Hemmesine wagt bar. Maşgalaňyz bilen gowy wagt geçiriň doslaryňyz bilen gyzykly söhbetdeşlikler ediň, sport bilen meşgullanyň kitap okaň. Pikirleriňiziň, arzuwlaryňyzyň üstünde duruň. Durmuşyňyzda diňe bular bolsada manyly durmuş bolar, emma diňe bulary ediň diýemok. Yzyndan çagyllara geçiň. Olar hem möhümsiz däl. Elbetde okuwa gitmeli, pul gazanmaly. Oňat öý,oňat maşyn isläp bilersiňiz. Şeýdip durmuşyňyzy planlaşdyrandan soň hatda çägelere hem  ýer galýar. Diýdigä ýaňy olar aňsat diýip olar esasy daş we çagyllaryň arasyna derrew ýerleşer.

Jemleýiş

Ondan soň , hekaýanyň  orginal wesiýasynda professor bankanyň üstünden kofe dökýär. Bu durmuş bankaňyz nähili doly bolsada  doslaryňyz bilen oturşlyga hemişe wagtyňyz bolar diýmek...

108 |
|